Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Aşgabatda halkara ylmy duşuşyk geçirildi
Medeniýet
Aşgabatda halkara ylmy duşuşyk geçirildi
Çap edildi 19.04.2022
4224

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda “Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde” atly halkara ylmy duşuşyk geçirildi. Onuň baş maksady taryhy we medeni ýadygärlikleri öwrenmek, gorap saklamak hem-de rejelemek babatda halkara hyzmatdaşlygy giňeltmekden we tejribe alyşmakdan ybaratdyr. Bu ugurda ýurdumyz uly üstünlikleri gazandy.

Diýarymyz genji-hazynalara, taryhy ýadygärliklere baý bolmak bilen, döwletimiziň bu ugurda alyp barýan syýasaty netijesinde munuň özi dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edildi. Häzir Türkmenistanda döwlet hasabynda taryhy we medeni desgalaryň 1 müň 400-den gowragy bolup, olaryň aglabasy arheologik ýadygärliklerdir.

Türkmen topragynda Goňurdepe, Garadepe, Namazgadepe, Altyndepe, Jeýtun we Änew ýaly dünýäniň ilkinji ekerançylyk medeniýeti bolan ýadygärlikler bar. “Köne Nusaý”, “Gadymy Merw”, “Köneürgenç”, “Dehistan”, “Gadymy Sarahs”, “Abiwerd” we “Gökdepe galasy” döwlet taryhy-medeni goraghanalary diýlip yglan edilen özboluşly muzeýlerdir. Gadymy Merwiň, Köneürgenjiň, Nusaýyň gaýtalanmajak ýadygärlikleri bolsa ählumumy gymmatlyklar hökmünde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda medeni gymmatlyklary gorap saklamaga gönükdirilen kadalaşdyryjy hukuk resminamalar toplumynyň yzygiderli kabul edilendigini bellemek möhümdir. Şolaryň hatarynda “Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak hakynda”, “Muzeýler we muzeý işi hakynda”, “Gozgalýan medeni gymmatlyklary goramak, äkitmek we getirmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunlary bar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: “Biz milli medeniýet ulgamymyzy döwrebap ýagdaýa getirmek, milli mirasymyzyň gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça işleri dowam etdireris. Şeýle hem taryhy-medeni mirasymyzyň desgalaryny abat saklamak hem-de öwrenmek, taryhy we medeni ýadygärliklerimizi dikeltmek işlerini-de alyp bararys. Şonuň ýaly-da, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek üçin bu desgalaryň sanyny artdyrmak boýunça hem iş geçireris” diýip belleýär.

Döwlet Baştutanymyzyň Ministrler Kabinetiniň 8-nji aprelde geçirilen mejlisinde gol çeken “Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy” bu ugurdaky anyk işleriň biridir.

Halkara ylmy jemgyýetçiligiň Diýarymyzyň taryhy-medeni mirasynyň obýektlerine gyzyklanmasy barha artýar. “Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde” atly halkara ylmy duşuşyk munuň aýdyň subutnamasydyr.

Çärä ýurdumyzyň taryhçy alymlary, arheologlary, sungaty öwrenijileri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary bilen bir hatarda, olaryň daşary ýurtly kärdeşleri, şol sanda dünýäniň iri ylmy we medeni merkezleriniň ýolbaşçylary, esasy ylmy işgärleridir bilermenleri gatnaşdylar. Olaryň aglabasy türkmen alymlary bilen bilelikde ýurdumyzdaky ýadygärliklerde geçirilen arheologik barlag-gözleg işlerine gatnaşan hünärmenlerdir.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde geçirilen halkara ylmy duşuşygyň açylyşyna Hökümet agzalary, Medeniýet ministrliginiň, şol sanda Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, Ylymlar akademiýasynyň, Taryh we arheologiýa institutynyň, döwlet taryhy-medeni goraghanalarynyň, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri, ylym, medeniýet işgärleri, talyplar gatnaşdylar.

Dabarada 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna üns çekilip, onuň amala aşyrylmagynyň türkmen halkynyň gadymy taryhyny we baý medeni mirasyny, milli gymmatlyklaryny mundan beýläk-de ylmy taýdan öwrenmäge, geljek nesiller üçin gorap saklamaga hem-de dünýäde giňden wagyz etmäge ýardam berjekdigi bellenildi. Resminamada göz öňünde tutulan çäreler Diýarymyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerine, gözel künjeklerine daşary ýurtlaryň we ýurdumyzyň syýahatçylaryny çekmäge gönükdirilendir. Şunuň bilen birlikde, täze maksatnamanyň baş maksadynyň diňe bir milli mirasy gorap saklamakdan däl-de, eýsem, onuň ösdürilmegine goşmaça itergi bermekden ybaratdygy hem nygtaldy.

Çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, kabul edilen maksatnamanyň çäklerinde milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini hasaba almak we pasportlaşdyrmak, olary Döwlet sanawyna girizmek boýunça işleri dowam etdirmek göz öňünde tutulýar. Bu sanawyň taýýarlanylmagy “Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärlikleriniň ýygyndysy” atly köp jiltli kitaby döretmek üçin ädilen ilkinji ädimdir. Neşiriň birinji jilti 2028-nji ýylda çap edilip, bar bolan ähli maglumatlary, degişli suratlary, çyzgylary we kartalary özünde jemlär. Şeýle giň möçberli iş Türkmenistanda ilkinji gezek amala aşyrylar.

“Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna” laýyklykda, ýurdumyzyň welaýatlaryndaky köp sanly taryhy ýadygärlikleri dikeltmek we öwrenmek boýunça-da uly işler meýilleşdirilýär.

Diýarymyzda halkara, toplumlaýyn arheologik toparlaryň birnäçesi işleýär. Şolaryň ylmy gözlegleriniň netijeleri “Türkmenistanyň gadymyýeti: ýadygärliklerdäki ylmy-barlag we rejeleýiş işleri” atly neşirde çap edildi. Şu gün ylmy makalalaryň bu ýygyndysy halkara duşuşyga gatnaşyjylara ilkinji gezek görkezildi.

Tanyşdyrylyşda kitaba Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini goramak hem-de rejelemek boýunça 10 ýylyň dowamynda (2011 — 2021-nji ýyllar) arheologik ekspedisiýalara we taslamalara gatnaşan hünärmenleriň makalalarynyň girizilendigi bellenildi. Olar, esasan, agzalan döwürde geçirilen meýdan ylmy-barlag hem-de rejeleýiş işleriniň netijeleri barada maglumat berýän ylmy hasabatlardyr. Neşirde Türkmenistanyň eneolit döwründen orta asyrlara çenli maddy medeni mirasy giňişleýin beýan edilýär.

Şol makalalaryň awtorlarynyň köpüsi halkara ylmy duşuşygyň umumy mejlisinde sanly ulgam arkaly çykyş etdiler. Mejlis Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerinde geçirilen arheologik gazuw işlerine bagyşlanan wideoşekilleriň görkezilmegi bilen açyldy.
Ilki bilen, Turin şäheriniň arheologik gazuw-barlaglar merkeziniň professory, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi Karlo Lippolisiň “Köne Nysaý galasynyň suw üpjünçilik ulgamy” atly çykyşy diňlenildi. Fransiýanyň Tebigat taryhynyň milli muzeýiniň uly ylmy işgäri, arheologiýa we antropologiýa ylymlarynyň doktory Bendezu-Sarmiýento Ulugdepe ýadygärliginde türkmen-fransuz ekspedisiýasy tarapyndan edilen täze açyşlar barada gürrüň berdi.

London uniwersitetiniň professory, ÝUNESKO-nyň Ýadygärlikleri we gözel ýerleri goramak baradaky halkara geňeşiniň bilermeni Tim Wilýams Gadymy Merwiň ýadygärliklerini öwrenmek we gorap saklamak boýunça ylmy barlaglary barada durup geçdi.

Medeni gymmatlyklar boýunça bilermen, taryh ylymlarynyň kandidaty Alekseý Petruşkewiçiň çykyşy ýadygärlikleri rejelemek babatda türkmen-rus gatnaşyklaryna bagyşlandy.

Duşuşygyň dowamynda J.Waşington uniwersitetiniň doktory Linni Rouzyň, Russiýa Federasiýasynyň Ylymlar akademiýasynyň N.Mikluho-Maklaý adyndaky Etnologiýa we antropologiýa institutynyň direktory, taryh ylymlarynyň doktory Dmitriý Funkuň, şol institutyň professory, antropolog Nadežda Dubowanyň, Bolonýa uniwersitetiniň (Italiýa) professory Barbara Çerazettiniň çykyşlary diňlenildi.

Plenar mejlisde orta asyrlardaky Abiwerdiň binagärligine, Daňdanakan galasynyň çäklerinde gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde açylan Juma metjidine bagyşlanan çykyşlara üns berildi. Alymlaryň çykyşlarynda ýadygärlikleri gorap saklamaga ýardam berýän iň täze tehnologiýalary we enjamlary, şol sanda kartografiýalary, desgalaryň 3D nusgalaryny döretmek babatda häzirki zaman barlag usullaryny ulanmak meselelerine deglip geçildi.

Çykyş edenler Türkmenistanyň arheologik obýektlerini goramak we gazuw-barlag işlerini geçirmek boýunça tejribe alyşdylar, halkara arheologik hyzmatdaşlyga degişli taryhy maglumatlary getirdiler. Şunda häzirki wagtda Türkmenistanyň muzeýlerinde saklanylýan arheologik tapyndylar ýaly muzeý gymmatlyklarynyň dünýäniň köp muzeýlerinde ýokdugy nygtaldy.

Duşuşygyň barşynda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmegiň, Türkmenistanyň täze taryhy eýýamda ýeten belent sepgitlerini wagyz etmegiň ähmiýeti bellenildi. Dünýäniň taryhy-medeni mirasyny öwrenmek we gorap saklamak boýunça giň halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň zerurdygy nygtaldy. Türkmen topragyndaky ýadygärliklerdir tapyndylar bu taryhy-medeni mirasyň aýrylmaz bölegidir.

Ýygnananlar hormatly Prezident Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň pederlerimiziň medeni mirasyny öwrenmekde, gorap saklamakda hem-de wagyz etmekde, ylmy gözlegleri işjeňleşdirmekde, bu işlere dünýäniň dürli ýurtlaryndan hünärmenleri çekmäge ýardam berýän amatly içerki syýasy ýagdaýy döretmekde, halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmakda uly ähmiýetini bellediler. Şeýle-de Türkmenistanyň taryhy, medeni we tebigy obýektlerini gorap saklamagyň möhümdigi barada aýdylyp, olaryň her biriniň diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, tutuş adamzadyň gymmatly mirasydygy nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň ÝUNESKO ýaly abraýly gurama bilen hyzmatdaşlygyň baý tejribesini toplandygy aýdyldy. Çykyş edenler bu hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginiň taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamak işinde öňegidişlikleri gazanmaga ýardam berjekdigini bellediler.

Duşuşyga gatnaşyjylar we myhmanlar Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde guralan sergi bilen tanyşdylar. Sergide taryhy hem-de medeni ýadygärliklerde halkara we milli arheologik ekspedisiýalaryň geçiren gazuw-barlag işlerinde ýüze çykarylan tapyndylar görkezildi. Olar Diýarymyzda taryhy-medeni mirasy öwrenmek we wagyz etmek boýunça alnyp barylýan işler, bu ugurda gazanylan üstünlikler barada habar berýär.

Ýeri gelende, 2020-nji ýylda ilkinji gezek Döwlet medeniýet merkeziniň wirtual muzeýiniň işläp başlandygyny bellemek gerek. Onda 360 derejeli panoramalaýyn foto tehnologiýasy ulanyldy. Bu tehnologiýanyň peýdalanylmagy muzeýiň işiniň hil taýdan täze derejä çykmagyna ýardam berdi. Panoramalaýyn görnüşiň kömegi bilen dünýäniň dürli künjeklerindäki alymlara hem-de ähli isleg bildirýänlere muzeýiň gymmatlyklaryny, arhiwleri, rejelenen we abatlanan taryhy ýadygärlikleri hem-de arheologik tapyndylary görkezmek bolýar. Ýakyn geljekde muzeý gymmatlyklarynyň wirtual görnüşlerini Türkmenistanyň muzeýleriniň her birinde döretmek meýilleşdirilýär.

Günüň ikinji ýarymynda “Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärlikleri dünýä jemgyýetçiliginiň üns merkezinde” atly halkara ylmy duşuşyk dört bölümde işini dowam etdi. Olaryň mejlisleri Türkmen döwlet medeniýet institutynda, Döwlet çeperçilik akademiýasynda, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde, Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynda geçirildi.

Olara gatnaşyjylar Türkmenistanyň taryhy we medeni ýadygärliklerini öwrenmekde hem-de gorap saklamakda gazanylan üstünliklere, ösüp gelýän ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde milli taryhy-medeni mirasyň eýeleýän ornuna, ýurdumyzda syýahatçylygy, taryh ylmyny ösdürmekde taryhy-medeni ýadygärlikleriň ähmiýetine bagyşlanan çykyşlary diňlediler.

Halkara ylmy duşuşygyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, ýurdumyzyň taryhy we medeni ýadygärliklerini öwrenmäge hem-de dünýäde giňden wagyz etmäge işjeň gatnaşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Soňky habarlar
29.03
Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň üç ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi
28.03
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministrini kabul etdi
28.03
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen güni mynasybetli geçirilýän maslahata gatnaşyjylara
28.03
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
28.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri bilen duşuşdy
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
top-arrow