Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Gender deňligini üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlyk
Syýasy habarlar
Gender deňligini üpjün etmekde halkara hyzmatdaşlyk
Çap edildi 12.04.2022
2013

Şu gün sanly ulgam arkaly Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň nobatdaky iş maslahaty geçirildi. Maslahat ýurdumyzyň 2022-nji ýylda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde guraldy. Duşuşyga Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy, Merkezi Aziýa döwletlerinden dialoga agzalar hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň degişli edaralaryndan wekiller gatnaşdylar.

Maslahatyň gün tertibine bu düzümiň işiniň ýyllyk meýilnamasy we Düzgünnamasy bilen bagly meseleler girizildi.

Duşuşyga Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gatnaşyjylar maslahatyň gün tertibiniň esasy bölümine geçilmezinden öň, türkmen kärdeşlerini ýurdumyzda üstünlikli geçirilen Prezident saýlawlary bilen gutladylar hem-de döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanyň mundan beýläk-de ähli ulgamlarda, şol sanda gender deňligini üpjün etmek babatda özgertmeler ýoly bilen öňe gitjekdigine ynam bildirdiler.

Çykyşlarda 2020-nji ýylyň dekabr aýynda BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hem-de BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň goldaw bermeginde döredilen dialogyň esasy maksadynyň dürli ulgamlarda köpugurly hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilen hemmetaraplaýyn sebit gatnaşyklaryny ösdürmekden ybaratdygy bellenildi.

Häzirki döwürde Merkezi Aziýa sebitiniň zenanlarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmekde we pugtalandyrmakda bu ýokary derejeli hem-de düýbünden täze gurama barha uly ähmiýete eýe bolýar. Dialog sebitde gyzyklanma bildirilýän hem-de örän netijeli gurala öwrüldi.

Geljekki döwür üçin meýilnamalar barada aýdyldy hem-de zenanlaryň syýasy işleri, şol sanda parahatçylyk we howpsuzlyk, ykdysady mümkinçiliklerini artdyrmak, olaryň Merkezi Aziýa ýurtlarynda hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramak meselelerinde syýasy işleri babatda dürli çäreleri geçirmek teklip edildi.

Türkmenistanyň dialogda başlyklyk edýän döwründe alnyp baryljak işlere aýratyn üns berildi. Şunuň bilen baglylykda, gender deňligini ilerletmäge we bu ugurda BMG, onuň düzümleýin edaralary hem-de beýleki ýöriteleşdirilen halkara guramalar bilen hyzmatdaşlyk etmäge gönükdirilen geljekki işiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
09.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
09.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
09.09
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
top-arrow