Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň 30 ýyllygy bilen gutlady
Çap edildi 10.04.2022
3993

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Jozef Baýdene hem-de ýurduň halkyna Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlagyny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady.

Döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda geçen döwrüň içinde Türkmenistanyň Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýandygyny we häzirki wagtda onuň üstünlikli dowam etdirilýändigini belläp, biziň ýurtlarymyzyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we başga-da möhüm ugurlaryň köpüsinde hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny nygtady.

Biz geljekde oňyn häsiýete eýe bolan gatnaşyklarymyzy has-da giňeltmegi we berkitmegi maksat edinýäris. Şunuň bilen baglylykda, gatnaşyklary has-da ýokary derejä ýetirmek üçin bilelikdäki tagallalarymyza bil baglaýarys diýlip, hatda bellenilýär.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşmek bilen, diňe çäk taýdan amatly şertleri bolman, şol bir wagtda tebigy baýlyklaryň hem ägirt uly gorlaryna eýedigini belledi hem-de milli ykdysadyýeti ösdürmekde netijeli we deňhukukly halkara hyzmatdaşlyk üçin açykdygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iri amerikan kompaniýalarynyň türkmen bazaryndaky işjeňligini aýratyn belläp, häzirki günde Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen raýat awiasiýasy, oba hojalygy, elektrik energetikasy, bank ulgamy babatda netijeli işewürlik gatnaşyklarynyň alnyp barylýandygyna ünsi çekdi hem-de bar bolan mümkinçilikleri ulanmak arkaly ikitaraplaýyn gatnaşyklary täze derejä çykarmak üçin bilelikde işlemäge taýýardygyny beýan etdi.

Döwlet Baştutanymyz ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Jozef Baýdene tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagt hem-de abadançylyk, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň halkyna bolsa rowaçlyk arzuw etdi.

Soňky habarlar
24.11
«Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2026» atly halkara maslahata we sergä hem-de «Türkmentel — 2026» atly XIX halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara
23.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
23.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasaryny kabul etdi
23.11
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 691 müň dollaryndan gowrak boldy
22.11
Milli bähbitleri we geljegiň ählumumy strategiýasyny nazara alyp
22.11
2027-nji ýylda geçiriljek sergileriň, ýarmarkalaryň, maslahatlaryň we festiwallaryň sanawy tassyklanyldy
22.11
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-ermeni toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
22.11
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
22.11
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň dykgatyna
22.11
Paýtagtymyzda Ýewropanyň Medeniýet günleri geçirildi
top-arrow