Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 08.04.2022
2146

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Döwlet Baştutanymyz ikiçäk söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, ilki bilen, öz kärdeşini we onuň üsti bilen Russiýanyň ähli dostlukly halkyny şanly sene —Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýyllaryň dowamynda hakyky dostluk, ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan köpugurly döwletara gatnaşyklaryň giň gerim bilen netijeli ösdürilendigini kanagatlanma bilen belläp, rus Liderine türkmen-rus gatnaşyklarynda uly üstünliklere ýetmekde aýratyn orny eýeleýän şahsy ünsi we hemmetaraplaýyn goldawy üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki günde ýurtlarymyz diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara düzümleriň çäklerinde-de netijeli hyzmatdaşlyk alyp barýarlar. Ählumumy we sebit derejelerindäki abraýly guramalaryň münberlerinden öňe sürülýän möhüm başlangyçlaryň we teklipleriň özara goldanylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Taraplar telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gatnaşyklaryň depginli ösüşini kanagatlanma bilen bellediler.

Türkmenistan bilen Russiýanyň ykdysady gatnaşyklary meselesine aýratyn üns berildi. Soňky ýyllarda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň durnukly ösüşi bu gatnaşyklaryň üstünlikli ösdürilýändigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçugyň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetiniň Aşgabada meýilleşdirilen saparynyň ähmiýetini nygtap, öňdäki boljak pikir alyşmalaryň hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berjekdigine hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna goşmaça itergi boljakdygyna ynam bildirdi we bu babatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-rus toparynyň aýratyn ornuny belledi.

Umumy pikire görä, iki goňşy döwletiň halklarynyň ýakynlaşmagynda, olaryň arasynda dostlugyň hem-de özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagynda medeniýet, ylym we bilim ulgamlarynda türkmen-russiýa gatnaşyklarynyň netijeli ösdürilmegi möhüm şert bolup hyzmat edýär.

Döwlet Baştutanymyz ýurtlarymyzyň arasyndaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmakda Russiýa tarapynyň işjeň ornuna kanagatlanma bildirdi hem-de Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we ösdürmäge gyzyklanma bildirýändigini tassyklady. Taryhyň dowamynda bu ýurt bilen dostluk we netijeli hyzmatdaşlyk däpleri kemala geldi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Wladimir Putin birek-birege hem-de Türkmenistanyň we Russiýanyň dostlukly halklaryna rowaçlyk, mundan beýläk-de abadançylyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow