Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň döwlet Baştutanymyzyň adyna iberen gutlag haty
Syýasy habarlar
Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň döwlet Baştutanymyzyň adyna iberen gutlag haty
Çap edildi 07.04.2022
3025

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli iň mähirli gutlaglarymy kabul ediň!

Biziň halklarymyzy baglanyşdyrýan dostlugyň we özara hormat goýmagyň oňyn däplerine daýanyp, bize geçen onýyllyklarda döwletara gatnaşyklary strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarmak başartdy. Syýasy, söwda-ykdysady, energetika, ynsanperwer hem-de beýleki birnäçe ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk depginli ösdürilýär.

Bilelikdäki tagallalarymyz arkaly rus-türkmen hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda mundan beýläk-de ösdürilmegini üpjün etjekdigimize ynanýaryn. Munuň özi biziň dostlukly halklarymyzyň bähbitlerine doly derejede laýyk gelýär, Merkezi Aziýada hem-de Hazarda howpsuzlygy we durnuklylygy pugtalandyrmagyň maksadyna eýerýär.

Size berk jan saglyk hem-de üstünlikleri, Türkmenistanyň ähli raýatlaryna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Wladimir Putin,

Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow