Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Çap edildi 21.03.2022
2306

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Belarus halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine girişmegiňiz bilen gutlaýaryn.

Garaşsyzlyk ýyllarynda ýola goýlan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň pugta binýadynyň Minskä we Aşgabada özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň ýolunda üstünlikli öňe gitmäge mümkinçilik berjekdigine ynanýaryn.

Belarus Türkmenistan bilen syýasy gatnaşyklary işjeňleşdirmäge, halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga we söwda-ykdysady hem-de ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmäge gyzyklanmalaryny tassyklaýar.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, abadançylyk, mähriban ýurduňyzyň ösüşiniň bähbidine täze üstünlikleri, türkmen halkyna bolsa parahatçylyk, agzybirlik we rowaçlyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Aleksandr LUKAŞENKO,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi we Siziň watandaşlaryňyzy hemmämiz üçin umumy baýram — Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Ýokary ahlak ýörelgelerini özünde jemleýän baharyň bu nurana baýramy adamlary ruhy galkynyşa, parahatçylyga we agzybirlige çagyrýar. Goý, gadymy Nowruz agzybir doganlyk halklarymyza şatlyk we bereket eçilsin!

Bilelikdäki tagallalarymyzyň netijesinde Gazagystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky pugta dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklaryň halklarymyzyň abadançylygynyň bähbidine mundan beýläk-de sazlaşykly ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size ýurduňyzyň rowaçlygynyň we durnukly ösüşiniň bähbidine öňe sürjek oňyn başlangyçlaryňyzda uly üstünlik, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin!

Goý, Nowruz baýramy her bir maşgala bolçulyk we rowaçlyk eçilsin!

Hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart TOKAÝEW,
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi baharyň hem-de täzelenişiň baýramy bolan Nowruz bilen gutlaýandygyma we Size hem-de doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlarymy iberýändigime şatdyryn.

Köpugurly pelsepewi ähmiýetli Nowruz umumy däpleri, müdimi gymmatlyklary we sebitimiziň doganlyk hem-de dostlukly halklarynyň asylly däplerini özünde jemleýär.

Birek-birege hormat goýmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk esasynda ýola goýulýan özbek-türkmen strategik gatnaşyklarynyň doganlyk halklaryň ösüşiniň bähbidine mundan beýläk-de berkidiljekdigine ynanýaryn.

Bu nurana hem-de şatlykly günlerde Size berk jan saglyk, maşgalaňyza bagtyýarlyk we täze üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, gülläp ösüş hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Nowruz baýramyňyz gutly bolsun!

Hormatlamak bilen,

Şawkat MIRZIÝOÝEW,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, hormatlanylýan maşgala agzalaryňyzy hem-de Türkmenistanyň bagtyýar halkyny baharyň gelmeginiň, tebigatyň janlanmagynyň we gülzarlyga beslenmeginiň nyşany bolan Nowruz baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!

Beýik Biribara sygynmak medeniýetinden gözbaş alýan Nowruz baýramy parahatçylyk söýüjiligi, maşgala sarpa goýmagy, adamzat ösüşiniň ruhy gymmatlyklarynyň galkynmagyny alamatlandyrýar.

Hemmelere ruhy we ynsan gymmatlyklaryna tarap okgunly ösüşi arzuw edýärin. Goý, dünýäde Nowruz ýaly ähli adamlaryň kalplary bagtdan dolsun, olar üçin şatlykly günler gelsin! Sebitiň ähli halklaryna raýdaşlyk we parahatçylyk arzuw edýärin!

Eýran Yslam Respublikasy medeni raýdaşlygyň berkidilmegini sebitiň we bütin dünýäniň halklary üçin parahatçylygyň hem-de asudalygyň dabaralanmagyna eltýän ýagty ýol hasaplap, ähli halklara özüniň dostluk goluny uzadýar.

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlik, rowaçlyk hem-de gülläp ösüş, Türkmenistanyň dostlukly, doganlyk halkyna bolsa abadançylyk hem-de bagtyýarlyk dileýärin.

Seýed Ebrahim RAISI,
Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Tatarystanlylaryň adyndan we hut öz adymdan Size Nowruz baýramy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy iberýärin.

Goý, bahary we täzelenişi alamatlandyrýan bu ajaýyp hem-de gözel baýram her birimiziň kalbymyza nur we söýgi eçilsin, her bir öýe mähir, şatlyk getirsin, doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de ählumumy dostluk ýörelgelerini pugtalandyrmaga ýardam bersin!

Size we Siziň ýakynlaryňyza, ýurduňyzyň ähli halkyna berk jan saglyk, parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Rustam MINNIHANOW,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow