Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 86-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Owganystanyň, Türkiýäniň, Şweýsariýanyň, Şotlandiýanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen gidroarassalanan dizel ýangyjyny, awtobenzini, uçar we yşyklandyryş kerosinini satyn aldylar. Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi we EKO kysymly awtobenzini satyn aldylar.
Bulardan başga-da, Türkiýäniň, Gonkongyň, Azerbaýjanyň, Gyrgyzystanyňişewür toparlarynyň wekilleri daşary ýurt puluna tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümlerini, nah ýüplügini satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 219 million 229 müň dollaryndan gowrak boldy.
Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň işewürleri umumy bahasy 4 million 263 müň manatdan gowrak nah ýüplügi satyn aldylar.
Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 21 million 31 müň manatdan gowrak bolan Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen nebit koksuny we polipropileni, şeýle hem el halylaryny satyn aldylar.