Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gelen gutlag hatlar
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gelen gutlag hatlar
Çap edildi 19.03.2022
1790

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Hindistanyň halkynyň adyndan we hut öz adymdan Sizi Türkmenistanda 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşiňiz bilen gutlaýaryn.

Bizi gadymdan gelýän taryhy-medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Olar häzirki döwürde ähli pudaklarda, şol sanda täze ugurlarda ösdürilýär. Men Türkmenistana amala aşyrjak saparym mahalynda Siziň bilen boljak duşuşyga we geçiriljek netijeli gepleşiklere sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, Size we Siziň maşgalaňyza berk jan saglyk, abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size uly hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Ram Nath KOWIND,

Hindistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň durnukly ösüş ýoluny dowam etjekdigine hem-de täze, belent sepgitleri eýelejekdigine ynanýaryn.

Ermenistan Türkmenistan bilen dürli ugurlarda birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine hem-de giňeldilmegine uly gyzyklanma bildirýär.

Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde ermeni-türkmen gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de iki halkyň abadançylygynyň bähbidine ösdüriljekdigine pugta ynam bildirýärin.

Size berk jan saglyk, ýokary döwlet wezipesinde üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size uly hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Waagn HAÇATURÝAN,

Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda gazanan ýeňşiňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy iberýändigime örän şatdyryn.

Size üstünlik, berk jan saglyk, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri

Salman ben Abdelaziz AL SAUD,

Saud Arabystanynyň Patyşasy.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Siziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Synçylar topary saýlawlaryň açyklyk esasynda geçendigini belledi we onuň Türkmenistanyň demokratik ösüş ýolunda möhüm ädime öwrülendigini ykrar etdi.

Siziň ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistanda ähli pudaklary kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigine tüýs ýürekden ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, üstünlik we abadançylyk, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk we gülläp ösüş arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Çžan MIN,

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa sebit edarasynyň adyndan Sizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn we Size hoşniýetli arzuwlarymy ýollaýaryn.

BSGG bilen Türkmenistanyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň Siziň ýurduňyzyň halkynyň we tutuş sebitiň ilatynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Biziň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga, şol sanda saglygy goraýyş ulgamynyň işini özgertmäge hem-de ýurduň ilatynyň saglygyny goramak boýunça möhüm wezipeleriň ýerine ýetirilmegine doly ygrarlydygymyza Sizi ynandyrýaryn.

2021-nji ýylyň oktýabrynda Siziň ajaýyp ýurduňyza bolan saparym mahalynda gazanylan ylalaşyklaryň esasynda, ykdysady taýdan durnukly ösüş üçin möhüm ähmiýeti bolan sagdynlygy saklamak arkaly “hiç kimi ünsden düşürmezlik” ýörelgesini durmuşa geçirmek boýunça mundan beýläk-de bilelikdäki tagallalaryň ediljekdigine pugta ynanýaryn.

BSGG-niň Ýewropa sebit edarasy Siziň ýurduňyza halkara hyzmatdaşlyk ulgamynda we adamlaryň saglygyny goramagyň bähbidine öňe sürlen başlangyçlaryň durmuşa geçirilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermäge taýýardyr.

Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk we asylly işleriňizde üstünlik arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Hans KLÝUGE,

Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň Ýewropa 

sebit edarasynyň direktory.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Saýlawlarda ynamly ýeňiş gazanmagyňyz türkmen halkynyň raýatlaryň abadançylyk derejesini ýokarlandyrmaga hem-de ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny belende götermäge gönükdirilen syýasaty goldaýandygynyň we beýik ynamynyň aýdyň beýanydyr.

Siziň ýolbaşçylygyňyzda Türkmenistanyň geljekki ösüşini şertlendirýän giň möçberli özgertmeleriň üstünlikli amala aşyryljakdygyna ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, üstünlik hem-de abadançylyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Roman SKLÝAR,

Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň 

birinji orunbasary.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn. Türkmenistanyň raýatlarynyň Size bolan ynamynyň sport ulgamynyň we Türkmenistanyň Olimpiýa hereketiniň ägirt uly üstünlikleri gazanandygynyň beýanydygyna ynanýaryn.

Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komiteti Aziýanyň Olimpiýa Geňeşine işjeň goldaw berýär hem-de Siziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz bilen, bu hyzmatdaşlygyň has-da berkejekdigine we sportuň hem-de Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine mynasyp goşant boljakdygyna pugta ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýokary döwlet wezipesinde dostlukly ýurduň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we rowaçlygynyň bähbidine alyp barjak işleriňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Hoşniýetli arzuwlar bilen,

Raja Randhir SINGH,

Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň prezidentiniň wezipesini 

ýerine ýetiriji.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda gazanan ýeňşiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Moskwa bilen Aşgabadyň arasynda ynanyşmak gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini nygtamak bilen, soňky ýyllaryň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň, şol sanda sebit howpsuzlygy babatda gatnaşyklaryň hil taýdan täze derejä çykandygyny bellemek isleýärin.

Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde Merkezi Aziýa hem-de Hazar deňzi sebitinde parahatçylygy, durnuklylygy goldamak maksady bilen, häzirki zaman wehimlerine we howplaryna garşy netijeli göreş alnyp baryljakdygyna şübhelenmeýärin.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň Russiýanyň we Türkmenistanyň dostlukly halklarynyň bähbidine giň ugurlar boýunça strategik hyzmatdaşlyk ruhunda sazlaşykly ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk, döwlet Baştutany wezipesindäki jogapkärli işiňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we gülläp ösüş arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Dmitriý MEDWEDEW,

Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň Başlygynyň orunbasary.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňize Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda gazanan ýeňşiňiz mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy iberýärin.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk hem-de üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa mundan beýläk-de gülläp ösüş we rowaçlyk arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Mohammed bin Salman bin Abdulaziz Al Saud,

Saud Arabystany Patyşalygynyň Mirasdüşer Şazadasy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, goranmak ministri.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Sizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Munuň özi halkyň Size bolan beýik ynamyny aňladýar.

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkezi bilen dostlukly we işjeň hyzmatdaşlygymyzy dowam etdirjekdigimize, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkynyň parahat hem-de abadan durmuşynyň üpjün edilmegini şertlendirýän bilelikdäki taslamalary yzygiderli işläp taýýarlajakdygymyza ynandyrmak isleýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Türkmenistanyň Hökümeti bilen ÝHHG-niň arasyndaky özara gatnaşyklaryň umumy gymmatlyklara we borçlara daýanýandygyny hem-de guramanyň düzümine girýän 57 ýurduň goldawyna mynasyp bolýandygyny bellemek isleýärin. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda durmuş-ykdysady taýdan ösüşiň 30 ýyllyk täze Milli maksatnamasynyň amala aşyrylmagyna ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň hemmetaraplaýyn goldaw berjekdigini aýratyn bellemek isleýärin.

Sizi ýene bir gezek gutlaýaryn, iň gowy arzuwlarymy we Size uly hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy beýan edýärin.

Hormatlamak bilen,

Jon MAKGREGOR,

ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkeziniň ýolbaşçysy.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Munuň özi çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Siziň ýurduňyzyň köpýyllyk syýasy we durmuş-ykdysady syýasatynyň halk tarapyndan goldanylýandygynyň aýdyň beýanydyr.

Saýlawlaryň jemleri ýurduň halkynyň Siziň işiňize ýokary baha berýändigini hem-de raýatlaryň döwletiň ykbalyny we öz geljegini Size ynanýandygyny aňladýar. Goý, bu ynam Size ruhubelentlik eçilsin we doganlyk Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ösüşiniň meýilnamalaryny durmuşa geçirmek hem-de ykdysady kuwwatyny we halkara abraýyny pugtalandyrmak üçin güýç-kuwwat bersin!

Siziň saýlawlarda ýeňiş gazanandygyňyza örän şatdyryn hem-de Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirýärin.

Tatarystan Respublikasynyň ilatynyň adyndan we hut öz adymdan Size berk jan saglyk, abadançylyk hem-de ähli başlangyçlaryňyzda uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Rustam MINNIHANOW,

Russiýa Federasiýasynyň 

Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Çuňňur hormatlanylýan Serdar Gurbangulyýewiç!

Size Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Türkmen halky Sizi öz Prezidenti saýlap, ýurduň durnukly ösüşine, onuň halkara giňişlikdäki abraýynyň hem-de täsiriniň has-da belende göterilmegine sesini berdi diýip düşünýärin.

Beýik Peder Gurbanguly Berdimuhamedowyň mynasyp perzendi hökmünde ýurduňyzy has-da gülläp ösýän we rowaçlanýan döwlete öwürjekdigiňize ynanýaryn.

2017-nji ýylda «Türkmenistanyň halk artisti» diýen belent derejä mynasyp boldum. Bu hormaty diňe bir meniň döredijiligime däl, eýsem iki doganlyk halklaryň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmekde möhüm ähmiýeti bolan azerbaýjan medeniýetine bildirilen hormat diýip düşünýärin.

TÜRKSOÝ guramasynyň Baş direktory bolup işlän ýyllarymda we GDA agza döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy bolup işleýän häzirki döwrümde Siziň ýurduňyzyň milli sungatynyň hem-de özboluşly medeniýetiniň tutuş adamzat üçin ähmiýetlidigine birnäçe gezek göz ýetirdim.

2019-njy ýylda GDA agza döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça döwletara gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy hökmünde çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Berdimuhamedowa bu döwletara gaznanyň “Ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary üçin” diýen medalyny gowşurmak bagtynyň özüme miýesser edendigine buýsanýaryn.

Gadyrly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagt, ähli başlangyçlary durmuşa geçirmekde egsilmez güýç-kuwwat we öz ýurduňyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan netijeli işleriňizde uly üstünlikleri tüýs ýürekden arzuw edýärin!

Polat BÜLBÜL OGLY,

Azerbaýjan Respublikasynyň 

Russiýa Federasiýasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Sizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Siz öz ukybyňyzy we başarnygyňyzy, yhlasly zähmetiňizi türkmen halkynyň abadançylygyna bagyşladyňyz. Dürli wajyp wezipelerde işlän döwrüňizde oňyn tejribe topladyňyz. Onuň Size täze wezipede döwletiňize gulluk etmekde ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Häzirki döwürde parahatçylyk, hoşniýetlilik we adalatlylyk ýaly durmuş ýörelgeleriniň berkidilmegi ugrunda özara gatnaşyklaryň ösdüriljekdigine ynam bildirýärin.

Size berk jan saglyk we jogapkärli işiňize, ýadawsyz zähmetiňize ruhy goldaw dileg edýärin.

Hormatlamak bilen,

KIRILL,

Moskwanyň we bütin Rusuň Patriarhy.

Soňky habarlar
24.12
Ösüşiň täze sepgitlerini nazarlap
24.12
Ýurdumyzda döwrebap gidrotehniki desgalar ulanmaga berildi
23.12
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
23.12
Sanly bank ulgamy halkyň hyzmatynda
23.12
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
top-arrow