Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Gruzin halkynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.
Siziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesinde tagallalaryňyzyň ýurduňyzyň parahatçylykly we üstünlikli geljegini üpjün etjekdigine ynanýaryn.
Gruziýanyň we Türkmenistanyň arasynda dostlukly hem-de netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam etmäge taýýardygymy tassyklamak isleýärin. Siziň döwlet Baştutany döwrüňizde halklarymyzyň abadançylygynyň hatyrasyna özara bähbitli hyzmatdaşlygy pugtalandyrjakdygymyza ynanýaryn.
Siziň Alyhezretiňize belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlarymy kabul ediň!
Hanym Salome Zurabişwili,
Gruziýanyň Prezidenti.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Goňşy Türkmenistanda Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçirilendigi baradaky habary uly şatlyk bilen kabul etdim. Owganystanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan Siziň Alyhezretiňizi hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyny bu möhüm waka mynasybetli gutlaýaryn.
Şeýle hem Türkmenistanyň häzirki Prezidenti — Siziň hormatly kakaňyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirendigi we Owganystan bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrandygy üçin tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin hem-de dostlukly Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesindäki işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin.
Owganystan Türkmenistan bilen dürli ugurlarda gatnaşyklary pugtalandyrmaga, ylalaşyklary we iri ykdysady taslamalary durmuşa geçirmäge hem-de iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlydyr.
Siziň Alyhezretiňizi ýene-de bir gezek gutlaýaryn hem-de berk jan saglyk we üstünlikler, goňşy Türkmenistanyň halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin.
Molla Mohammad Hassan Ahund,
Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň adyndan Sizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.
Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik häsiýetiniň durnukly ösüş babatda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň, ýurduňyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynda bellenen durnukly ösüş ulgamynda milli bähbitleri durmuşa geçirmek maksady bilen ösdüriljekdigine ynanýaryn.
BMG-niň Ýurt toparynyň Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş babatda 2020 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli çözmekde Türkmenistanyň Hökümetiniň ygtybarly hyzmatdaşy bolmagynda galar.
Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we Türkmenistanyň halkynyň bähbidine jogapkärli işiňizde ähli üstünlikleri arzuw edýärin.
Hormatlamak bilen,
Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz!
Sizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz mynasybetli gutlaýaryn!
Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy ýurduňyz bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýär we Siziň baştutanlygyňyzda bu özara bähbitli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň dowam etjekdigine, şol sanda ilçi MakGregoryň ýolbaşçylygynda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkeziniň üstünlikli işleri netijesinde ösdüriljekdigine berk ynanýaryn.
Biziň hemmämiziň ählumumy howpsuzlygy ýitileşdirýän köp sanly meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýan wagtymyzda ÝHHG-niň ähli sebitinde howpsuzlygy üpjün etmäge Siziň goldawyňyza bil baglaýaryn.
Biziň hyzmatdaşlygymyzyň Merkezi Aziýada parahatçylygy we durnuklylygy has-da berkitjekdigine ynanýaryn.
ÝHHG Siziň milli edaralaryňyz bilen ýakyndan gatnaşyklaryna hem-de ýurduňyzyň saýlap alan ýoluny goldamaga ygrarly bolmagynda galýar.
Siziň Alyhezretiňize belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Hormatlamak bilen,
Helga Mariýa Şmidt, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz mynasybetli gutlaýaryn.
Saýlawçylaryň ýokary işjeňlik bilen bu çärä gatnaşmagy hem-de ses bermegiň netijeleri halkyň Size bolan uly ynamyny, onuň jebisligini we kuwwatly, gülläp ösýän Türkmenistany gurmakda ýurduňyzda amala aşyrylýan syýasatyň jemgyýetçilik tarapyndan goldanylýandygyny aýdyň görkezdi.
Siziň döwlet Baştutany wezipesindäki işleriňiziň ýurduňyzyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalanmagyny we halkara abraýynyň has-da belende galmagyny, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün etjekdigine ynanýaryn.
Federasiýa Geňeşinde Russiýa bilen Türkmenistanyň gatnaşyklaryna uly ähmiýet berýärler. Dostluk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk bu gatnaşyklaryň binýadydyr. Pursatdan peýdalanyp, strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ähli toplumynyň ösdürilmegine taýýardygymyzy tassyklamak isleýärin.
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň Parlamentara Assambleýasynyň ştab-kwartirasynda, Tawrida köşgünde 2017-nji ýylyň maý aýynda bolan duşuşygymyzy ýatlaýaryn. Onda parlamentara gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Siziň goldaw bermegiňizde möhüm meseleleri çözmekde parlamentarileriň tagallalarynyň utgaşdyrylmagynyň hem-de Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklary has çuň many-mazmun bilen baýlaşdyrmak boýunça işleriň üstünlikli dowam etdiriljekdigine berk ynanýaryn.
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size berk jan saglyk we Türkmenistanyň halkynyň bähbidine iň ýokary döwlet wezipesinde netijeli işleri arzuw edýärin!
Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!
Walentina Matwiýenko,
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň Başlygy.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Sizi Russiýa Federasiýasynyň Liberal Demokratik partiýasynyň ähli fraksiýasynyň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryndaky ynamly ýeňşiňiz bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!
Siziň uly mümkinçilikleriňiz we ajaýyp şertleriňiz bar. Ýurduňyzyň ýaşaýjylary Size we Siziň ýokary hünär derejäňize ynam bildirýärler we işiňizde iň ýokary netijelere garaşýarlar. Biziň ýakyn dostumyz Siziň kakaňyzyň syýasatyny dowam etdirjekdigiňize we ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça has-da ösdüriljekdigine bil baglaýaryn.
Size berk jan saglyk we uly üstünlikleri arzuw edýärin. Siziň baştutanlygyňyzda Türkmenistanyň gülläp ösjekdigine ynanýaryn.
Hormatlamak bilen,
Wladimir Žirinowskiý,
Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynda LDPR fraksiýasynyň ýolbaşçysy.
* * *
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz,
hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!
Siziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymyzy kabul etmegiňizi haýyş edýärin.
Saýlawlaryň demokratik, açyklyk we adalatlylyk ýörelgeleri esasynda geçendigini köp sanly daşary ýurtly synçylar tassykladylar.
Saýlawlar ýurduňyzyň mundan beýläk-de halkara ornunyň pugtalandyrylmagy, ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň ösdürilmegi, Siziň ajaýyp topragyňyzyň abadançylygynyň üpjün edilmegi üçin ses beren Türkmenistanyň raýatlarynyň jogapkärçiliginiň, pähim-paýhasynyň we öňdengörüjiliginiň aýdyň beýany boldy.
Siziň baştutanlygyňyzda öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli çözüljekdigine hem-de geljekki 30 ýyl üçin ösüşiň strategik maksatlaryna ýetiljekdigine pugta ynanýaryn.
Ata Watanymyzyň — Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň öňe gitmegine goşant goşmaga hemişe taýýardyryn hem-de Siziň bilen duşuşyga örän şat bolardym.
Size tüýs ýürekden gutlaglarymy, gadyrly ildeşlerim — türkmenistanlylara bolsa iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.
Hormatlamak bilen,
Oleg Kononenko,
Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, kosmos işleri boýunça “Roskosmos” Döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi.