Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň ermeni dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy
Jemgyýet
“Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň ermeni dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy
Çap edildi 16.03.2022
4073

Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň maslahatlar zalynda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” kitabynyň ermeni dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Dabara paýtagtymyzdaky ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle hem sanly ulgam arkaly Ermenistan Respublikasynyň wekilleri gatnaşdylar.

Çykyşlarda dünýä medeniýetiniň ösüşine saldamly goşant goşan türkmenleriň medeni mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmek we wagyz etmek boýunça alnyp barylýan giň gerimli işler barada aýratyn durlup geçildi. Bellenilişi ýaly, bu filosofik-edebi eser many-mazmuny boýunça türkmen halkynyň köpasyrlyk pähim-parasadynyň we belent ruhy gymmatlyklarynyň jemlenmesidir.

Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ruben Hazarýan bu günki çäräniň iki ýurduň üstünlikli ösdürilýän dostlukly gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagynyň ýene-de bir aýdyň mysalydygyny belledi. 30 ýyllyk diplomatik gatnaşyklar barada aýtmak bilen, ilçi şu geçen ýyllaryň dowamynda bilelikdäki tagallalar bilen dürli pudaklarda özara hyzmatdaşlygyň ýokary derejesine ýetmegiň başardandygyny we ýurtlarymyzyň arasynda ynanyşmagyň, özara düşünişmegiň pugtalandyrylandygyny nygtady.

Dabara sanly ulgam arkaly gatnaşyjylar milli Liderimiziň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly eseriniň türkmen halkynyň taryhy ýoluny has giňişleýin öwrenmäge hem-de dünýäniň ylmy-ykdysady, medeni taýdan ösüşine goşýan goşandyna aýdyň düşünmäge we onuň dünýägaraýşynyň aýratynlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik berýändigini nygtadylar.

Çykyş edenler giň okyjylar köpçüligine niýetlenen bu kitabyň medeniýeti öwreniji alymlar üçin türkmen halkynyň ruhy-ahlak gymmatlyklaryna düşünmekde aýratyn ähmiýetli gollanma bolmak bilen, dünýäniň halklaryny ýakynlaşdyrýan dostluk köprüsidigini bellediler.

Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edip, onda köpugurly işleri, şol sanda halkymyzyň däplerini gorap saklamak boýunça tagallalary hem-de raýatlaryň rowaçlygy we Watanymyzyň gülläp ösmegi baradaky aladalary üçin hoşallyk bildirdiler.

Soňky habarlar
16.10
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitine gatnaşdy
16.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Biodürlülik baradaky maslahatynyň Liderler sammitindäki çykyşy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitine gatnaşdy
15.10
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aziýada hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy berkitmegiň çäreleri Geňeşiniň VII sammitindäki çykyşy
14.10
2026-njy ýylyň sentýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
14.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
13.10
Türk­me­nis­tan äh­lu­mu­my aba­dan­çy­ly­gyň bäh­bi­di­ne kö­pu­gur­ly gatnaşyklary gi­ňeld­ýär
13.10
G.Ýollyýewa Lebap welaýatynyň häkiminiň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasary wezipesine bellenildi
13.10
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
12.10
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
top-arrow