Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gelen gutlag hatlar
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna gelen gutlag hatlar
Çap edildi 16.03.2022
1309

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Gazagystan Respublikasynyň halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz bilen gutlaýaryn.

Ählihalk ses bermegiň jemleri boýunça gazanan ynamly ýeňşiňiz Siziň türkmen halkynyň berkarar döwletiniň mundan beýläk-de ösdürilmegine, raýatlaryň abadançylygynyň hem-de ýurduňyzyň halkara derejede abraýynyň ýokarlanmagyna gönükdirilen saýlawlaryň öň ýanyndaky maksatnamaňyza ýokary ynamyň we goldawyň subutnamasydyr.

Siziň baştutanlygyňyzda doganlyk Türkmenistanyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri üçin kesgitlenen milli strategiýanyň belent maksatlaryny hem-de wezipelerini üstünlikli durmuşa geçirmek arkaly, durnukly ösüşiň ýoly bilen okgunly öňe gitjekdigine ynanýaryn.

Biziň halklarymyzyň arasyndaky köpasyrlyk dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara goldaw bermek ruhuna eýermek bilen, ikitaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine berk ygrarlydygymyzy tassyklaýaryn.

Biziň bilelikdäki tagallalarymyz arkaly döwletara hyzmatdaşlygyň tutuş toplumyna täze, kuwwatly depgin berjekdigimize, gazak-türkmen gatnaşyklaryny, şol sanda tutuş Merkezi Aziýanyň howpsuzlygyny we abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine hil taýdan täze derejä çykarjakdygymyza ynanýaryn. Şunuň bilen baglylykda, köptaraplaýyn gatnaşyklarymyzy giňeltmegiň geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Sizi islendik amatly wagtda Gazagystana döwlet sapary bilen gelmäge çagyrýaryn.

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç, Size iň ýokary döwlet wezipesinde türkmen halkynyň rowaçlygynyň we ösüşiniň bähbidine göz öňünde tutan ähli meýilnamalaryňyzyň üstünlikli amala aşyrylmagyny arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Kasym-Žomart Tokaýew,

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Hormatly Serdar Gurbangulyýewiç!

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlarynda gazanan ýeňşiňiz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň.

Azerbaýjan Respublikasy doganlyk Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn uly ähmiýet berýär. Biziň ýurtlarymyzy we halklarymyzy umumy taryhymyz, ruhy we medeni köklerimiz birleşdirýär.

Ýokary derejedäki ikitaraplaýyn syýasy gepleşikler, şeýle hem ykdysady, energetika, ulag, ynsanperwer we beýleki ulgamlardaky özara bähbitli hyzmatdaşlygymyzyň derejesi uly kanagatlanma duýgusyny döredýär. Bilelikdäki tagallalar arkaly Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň geljekde-de ösdüriljekdigine hem-de iki ýurduň bähbidine hyzmat etjekdigine ynanýaryn.

Şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Sizi Azerbaýjana sapar bilen gelmäge çagyrýaryn.

Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de iň ýokary döwlet işiňizde doganlyk Türkmenistanyň abadançylygynyň bähbidine uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Ilham Aliýew,

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Sizi we ruhubelent türkmen halkyny Siziň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Eýran Yslam Respublikasy dostlukly we doganlyk Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji döwletleriň biridigine buýsanýar hem-de oňyn Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli goldap gelýär. Döwletlerimiz ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň ilkinji günlerinden araçäklerini dostluk serhedi diýip yglan etdiler we şunuň bilen özara düşünişmegiň, hoşniýetli goňşuçylygyň mynasyp nusgasyny görkezdiler.

Men Onuň Alyhezreti, türkmen halkynyň Lideri, hormatly jenap Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýaş nesliň ornuny pugtalandyrmak maksady bilen, Türkmenistanda nobatdan daşary Prezident saýlawlaryny geçirmek baradaky taryhy çözgüdine we başlangyjyna ýokary baha berýärin hem-de Siziň bilimiňiziň we iş tejribäňiziň ýeterlikdigine esaslanyp, Türkmenistanyň ruhubelent halkynyň kabul eden çözgüdini ýurdy hemmetaraplaýyn ösdürmek ýolunda möhüm ädim diýip hasap edýärin, şeýle hem Siziň Alyhezretiňiziň täze jogapkärli wezipäňizdäki döwürde Eýran Yslam Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň ähli ölçeglerde — ikitaraplaýyn, sebitleýin we halkara derejelerde mundan beýläk-de ösdüriljekdigine umyt edýärin.

Goňşy ýurtlar bilen gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegi Eýran Yslam Respublikasynyň Hökümetiniň syýasatyndaky ileri tutulýan ugurdyr. Şunda Türkmenistana aýratyn möhüm orun degişlidir. Şunuň bilen baglylykda, Siziň Alyhezretiňizi özüňiz üçin islendik amatly wagtda bilelikdäki gepleşikleri geçirmek we ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň ýollaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin sapar bilen Tährana gelmäge çagyrýaryn.

Beýik Biribardan Size berk jan saglygyny we täze jogapkärli wezipäňizde üstünlikleri, Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna bolsa bagtyýarlyk, abadançylyk dileýärin.

Seýed Ebrahim Raisi,

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Palestina Döwletiniň we halkynyň adyndan hem-de hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňizi we türkmen halkyny Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Beýik Biribardan biziň doganymyz, Onuň Alyhezreti Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň gerimli başlangyçlaryny dowam etdirmek işinde üstünlikleri, Siziň we türkmen halkynyň belent maksatlara ýetmegini dileýäris.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyza ýokary baha bermek bilen, ýurtlarymyzyň doganlyk halklarynyň bähbidine Siziň Alyhezretiňiz bilen bilelikde bu gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynanýarys.

Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Türkmenistanyň halkyna bolsa rowaçlyk we abadançylyk arzuw edýäris.

Mahmud Abbas,

Palestina Döwletiniň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagyňyz mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Bilelikdäki tagallalaryň geljekde hem özara hormata, ynama hem-de halklarymyzyň dostlugyna esaslanýan ermeni-türkmen döwletara gatnaşyklarynyň giňeldilmegine we ösdürilmegine täze itergi beriljekdigine ynanýaryn.

Siziň Alyhezretiňiz, Size berk jan saglyk, täze jogapkärli wezipede uly üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,

Nikol Paşinýan,

Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti

jenap Serdar Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy hökmünde BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň işgärleriniň adyndan Sizi Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagyňyz mynasybetli gutlamak we ýurduňyzy okgunly ösdürmek boýunça alyp barjak işleriňizde uly üstünlikleri arzuw etmek meniň üçin aýratyn hormatdyr.

BMG-niň Ösüş Maksatnamasy eýýäm 25 ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň ygtybarly strategik hyzmatdaşydyr. Siziň baştutanlygyňyzda türkmen halkynyň rowaçlygynyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygymyzy dowam etdirjekdigimize tüýs ýürekden ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen bilelikdäki taslamalary we maksatnamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny beýan etmek isleýärin.

Size ähli gowulyklary we türkmen halkynyň bähbidine jogapkärli wezipäňizde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, Size belent sarpa goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Narine Saakýan,

BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň 

Türkmenistandaky Hemişelik wekili.

***

Türkmenistanyň saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi A.Blohin, Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçen, Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan Oral, Saud Arabystany Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Said Osman Ahmed Suweýd, Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi R.Harazýan, Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Beskostyý, Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Maýko, Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory I.Babuşkin, Katar Döwletiniň Şeýhler maşgalasynyň agzasy Faýsal bin Naser bin Hamad Al Tani iberdiler.

Soňky habarlar
11.04
Türkmenistan ählumumy tagallalary birleşdirmäge goşant goşýar
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Energetika we howa boýunça halkara Wena forumyndaky ÇYKYŞY
11.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen söhbetdeşligi
11.04
Gahryman Arkadagymyz MAGATE-niň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň orunbasary bilen duşuşygy
11.04
Gahryman Arkadagymyz UNIDO-nyň Baş direktory bilen duşuşdy
11.04
Gahryman Arkadagymyz Awstriýa Respublikasynyň Federal Prezidenti bilen duşuşdy
11.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty
10.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisi
10.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň jemleýji tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
top-arrow