Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we BMG-niň Baş sekretarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 15.03.2022
1119

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Milli Liderimiz halkara guramanyň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşyp, merkezi saýlaw topary tarapyndan yglan edilip, 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijelerine laýyklykda, Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi.

Şunda hormatly Prezidentimiz öz işini Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işjeň dowam etmegi meýilleşdirýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän uly ünsi hem-de bilelikdäki netijeli işi üçin Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Milli Liderimiz soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň giň gerimli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlyk edendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, durnukly ulag hem-de energetika, ykdysady, durmuş, ynsanperwer we ekologiýa meselelerini çözmek ýaly wajyp ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet berlendigi nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow abraýly halkara gurama we onuň düzümleýin edaralary bilen özara gatnaşyklaryň durnuklylygyň, parahatçylygyň, dünýäde durnukly ösüşiň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary, öz nobatynda, milli Liderimizi giň bäsdeşlik esasynda üstünlikli geçirilen nobatdan daşary Prezident saýlawlary bilen gutlady. Bu saýlawlar Türkmenistanda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň nobatdaky aýdyň subutnamasyna öwrüldi. Antoniu Guterriş şeýle-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Prezidenti wezipesindäki 15 ýylyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasyny goldandygy üçin hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, şu geçen ýyllarda Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda dünýäniň durmuş we ykdysady tarapdan goraglylygyny üpjün etmek hem-de sebitde, tutuş dünýäde ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak babatda düýpli hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň binýady goýuldy. Türkmen döwleti köpugurly ulgama ygrarly bolmak bilen, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýerine ýetirilmegine ýardam edýär hem-de dünýä meselelerini çözmekde uly goşandyny goşýar diýip, Antoniu Guterriş aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş sekretaryna berk jan saglyk, uzak ömür hem-de alyp barýan işinde üstünlikleri arzuw edip, telefony Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa geçirdi.

BMG-niň ýolbaşçysy türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyny saýlawlarda ynamly gazanan ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa bu möhüm we jogapkärli wezipede uly üstünlikleri arzuw etdi.

Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglary we iň gowy arzuwlary üçin Antoniu Guterrişe tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, öz gezeginde, hormatly Arkadagymyz tarapyndan alnyp barlan ugry dowam etdirjekdigini, BMG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmek üçin ähli tagallalary etjekdigini nygtady.

Pursatdan peýdalanyp, Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň geljekki ösüşleri üçin güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna hem-de dünýäde parahatçylygy we durnuklylygy pugtalandyrmak işine saldamly goşant goşjakdygyna ynandyryp, BMG-niň Baş sekretaryna berk jan saglygyny, jogapkärli halkara işinde üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow