Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 15.03.2022
1117

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki ýurduň Liderleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, uzak ýyllaryň dowamyndaky dost-doganlyk we hoşniýetli goňşuçylyk esasynda ýola goýlan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesine hem-de netijeli häsiýetine kanagatlanma bildirdiler.

Söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Seýed Ebrahim Raisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Türkmenistanda döwlet Baştutanynyň saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlap, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre türkmen jemgyýetiniň agzybirliginiň we jebisliginiň, onuň hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerine ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülendigini nygtady. Bellenilişi ýaly, türkmen Lideriniň alyp barýan parasatly syýasaty ýurduň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösmegi, onuň demokratik özgertmeler hem-de döredijilik ýoly bilen ynamly öňe gitmegi üçin ygtybarly binýady goýdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Seýed Ebrahim Raisini 12-nji martda geçirilen saýlawlaryň jemleri bilen tanyşdyrdy. Milli Liderimiz ählihalk ses berlişiginiň netijeleri boýunça Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti diýlip yglan edilendigini belläp, şu pursatdan başlap özüniň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde iş alyp barmagy maksat edinýändigini habar berdi.

Söhbetdeşler türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljekde-de yzygiderli berkidiljekdigine hem-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler, muňa bar bolan köptaraplaýyn mümkinçilikler ýardam berer. Şu ýyl Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bellenilýär, bu gatnaşyklar abraýly sebit we halkara guramalaryň çäklerinde ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge iki tarapyň hem uly gyzyklanma bildirýändigini görkezýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Seýed Ebrahim Raisä döwletara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşýan uly şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi.

Soňra milli Liderimiz telefony türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutanyna berdi.

Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa jogapkärli döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Türkmen döwletiniň täze saýlanan Baştutany gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de goňşy döwletler, şol sanda Eýran Yslam Respublikasy bilen ähli ugurlarda — syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna gönükdirilen syýasatyna ygrarlydygyny tassyklady.

Telefon söhbetdeşliginiň ahyrynda Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi birek-birege hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler.

Soňky habarlar
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
04.05
Ýaş nesiller baradaky alada — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
04.05
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 6 million 11 müň dollaryndan gowrak boldy
03.05
Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan netijeli hyzmatdaşlyk
top-arrow