Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
Çap edildi 15.03.2022
1591

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Dostlukly döwletiň Hökümetiniň ýolbaşçysy türkmen Liderini Prezident saýlawlarynyň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady, bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre açyklyk we aýanlyk, giň bäsdeşlik esasynda geçirildi hem-de türkmen jemgyýetiniň ýokary demokratik derejesini aýdyň görkezdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Nikol Paşinýana gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, merkezi saýlaw toparynyň saýlawlaryň jemleri boýunça Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti diýip yglan edendigini habar berdi we mundan beýläk özüniň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde işini dowam etdirjekdigini aýtdy.

Premýer-ministr Nikol Paşinýan milli Liderimiziň ermeni-türkmen gatnaşyklarynyň ösdürilmegine uly goşandyny belläp, Gurbanguly Berdimuhamedowyň meşhur döwlet işgäri hökmünde jogapkärli wezipede köp ýyllaryň dowamynda toplan baý tejribesiniň, bilimleriniň, syýasy parasatlylygynyň hem-de öňdengörüjiliginiň geljekde hem ýurtda, şeýle-de halkara giňişlikde uly islege eýe boljakdygyny nygtady.

Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek hem-de bar bolan mümkinçilikleri dürli pudaklarda hyzmatdaşlygy geljekde hem ösdürmek üçin doly herekete getirmek bilen baglanyşykly ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Premýer-ministr Nikol Paşinýan Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda özara hoşniýetli erk-islege daýanýan netijeli gatnaşyklaryň geljekde-de ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde iki dostlukly döwletiň we halklaryň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine hem-de berkidiljekdigine ynam bildirdiler.

Soňra milli Liderimiz telefony Türkmenistanyň täze saýlanan Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa geçirdi.

Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Serdar Berdimuhamedowy ýokary döwlet wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlap, oňa berk jan saglyk hem-de ýurduň we halkyň bähbidine alyp barjak asylly işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýurdumyzyň täze saýlanan Prezidenti gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, Türkmenistanyň Prezidentiniň başyny başlan syýasy ugruny dowam etdirmäge, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ulgamlarynda özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge taýýardygyny beýan etdi.

Ermenistanyň Premýer-ministri döwletara ermeni-türkmen hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesini hem-de oňyn häsiýetini belläp, häzirki döwürde dostlukly ýurtlaryň köptaraplaýyn gatnaşyklarynyň özara bähbitlere laýyk gelýän täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary bellenildi. Bu gatnaşyklaryň geljekde hem pugtalandyrylmagy iki ýurduň hem uly mümkinçiliklerine laýyk gelýän döwletara hyzmatdaşlygy okgunly ösdürmäge hem-de ony täze derejä çykarmaga ýardam eder.

Täze saýlanan Prezident Serdar Berdimuhamedow we Ermenistanyň Hökümetiniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga geljekde hem ynanyşmak, açyklyk hem-de özara düşünişmek häsiýetiniň mahsus boljakdygyna ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk we üstünlikler, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw etdiler.

Soňky habarlar
02.06
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
01.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
01.06
Türkmenistanda dünýä derejesindäki halkara atly sport we gözellik bäsleşikleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk döwlet topary döredildi
01.06
Bagtyýar çagalygyň ýurdunda ýaş nesilleriň baýramy
01.06
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň bagtyýar çagalaryna hem-de halkyna
01.06
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
31.05
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
31.05
Paýtagtymyzda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi
30.05
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany «Türkmenistanyň at gazanan halyçysy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
29.05
Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli haly we haly önümleriniň sergisine hem-de Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXVI mejlisine gatnaşyjylara
top-arrow