Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Syýahatçylygy ösdürmek boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideomaslahat
Syýasy habarlar
Syýahatçylygy ösdürmek boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideomaslahat
Çap edildi 10.03.2022
1901

Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi. Maslahat Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guraldy. Foruma döwlet düzümleriniň wekilleri, işewürler, iri syýahatçylyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň bu ugurda ýöriteleşen bilermenleri gatnaşdylar.

Syýahatçylyk ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy we yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak we pugtalandyrmak, Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini wagyz etmek hem-de ilerletmek Medeniýet ministrliginiň ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde guran forumynyň baş maksady boldy.

Maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen taryhy-medeni hem-de häzirki döwrüň binagärlik ýadygärlikleri, halkymyzyň maddy däl medeni mirasy, şeýle hem döwletimiziň syýahatçylyk pudagy bilen tanyşdyrýan wideoşekiller görkezildi.

Türkmen tarapyndan çykyş edenler ata Watanymyzyň daşary ýurt raýatlary üçin syýahatçylyk ulgamynda öz kuwwatyny ýyldan-ýyla artdyrýandygyny bellediler. Ýurdumyzda döredilen döwrebap syýahatçylyk düzümleri muňa şaýatlyk edýär.

Duşuşyga gatnaşyjylara ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän taryhy-medeni we tebigy ýadygärlikler boýunça geçýän syýahatçylyk ugurlary barada doly maglumat almaga mümkinçilik döredildi.

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä jemgyýetçiligindäki belent abraýynyň diňe bir onuň ykdysady we parahatçylyk döredijilik kuwwaty bilen däl, eýsem, halkymyzyň taryhy we medeni gymmatlyklary bilen hem şertlendirilendigi bellenildi. Türkmen tebigatynyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsi, özboluşly medeni mirasymyz, köp sanly arheologik ýadygärliklerimiz ýurdumyza dünýä syýahatçylygynda mynasyp orun eýelemäge mümkinçilik berdi.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Gadymy Merw, Nusaý, Köneürgenç ýaly taryhy ýadygärlikler, şeýle hem Garagum sährasynyň we Köýtendagyň täsin gözellikleri syýahatçylarda uly gyzyklanma döredýär. Nygtalyşy ýaly, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen “Görogly” şadessany, Nowruz baýramyny toýlamak däp-dessurlary, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury sungaty halkymyzyň gymmatly medeni mirasyny öwrenmekde we giňden wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir. Şunuň bilen birlikde, häzirki wagtda döwrebap syýahatçylyk düzümlerini kemala getirmek halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, ýurdumyza maýa goýumlary çekmegiň we milli ykdysadyýeti toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmagyň esasy şertleriniň biri bolup durýar.

Ekologiýa syýahatçylygy ulgamynda taslamalary amala aşyrmak üçin uly mümkinçilikler bar. Şunuň bilen baglylykda, Köpetdagyň etekleriniň, Garagum sährasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň, Amyderýanyň kenarýakalarynyň, Köýtendagyň, ýurdumyzyň günorta-günbatar bölegindäki subtropik etraplaryň özboluşlylygy we täsinligi bellenildi. Hazar deňziniň türkmen kenarynda hem giň mümkinçilikler açylýar. Bu ýerde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy döredilip, ol häzirki wagtda üstünlikli hereket edýär. Köpetdagyň günorta sebitleri «Arçman», «Mollagara», «Ýylysuw» ýaly saglygyňy bejerýän we pugtalandyrýan tebigy şypahanalara baýdyr.

Sanly ulgam arkaly goşulyşan daşary ýurtly gatnaşyjylar Türkmenistanyň medeni syýahatçylygynyň mümkinçilikleri boýunça öz garaýyşlaryny paýlaşdylar. Meşhur ahalteke bedewleri, wepaly alabaýlar, saz gurallarymyz we ajaýyp halylarymyz barada gürrüň edildi. Şeýle hem Aziýanyň merjeni hasaplanylýan Aşgabadyň syýahatçylyk taýdan özüne çekijiligi bellenildi.

Şeýlelikde, maslahatyň dowamynda syýahatçylygy ösdürmek boýunça dürli çemeleşmeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň taryhy-medeni, ekologiýa, sagaldyş syýahatçylygynyň ägirt uly mümkinçilikleri açylyp görkezildi.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
09.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
09.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
09.09
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
top-arrow