Şu gün paýtagtymyzda Halkara zenanlar gününe bagyşlanan dabaraly çäreler geçirildi. Şolaryň çäklerinde döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleri hormatlamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara “Ene mähri” diýen hormatly at dakyldy. Şeýle hem köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy.
Baýramçylyk mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlarynyň adyna iň gowy arzuwlar hem-de gutlaglar, hoşallyk sözleri aýdyldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty täze durmuş-ykdysady şertlerde zenanlaryň diňe bir maşgala ojagyny saklap oturman, eýsem, ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy we ykdysady durmuşyna işjeň gatnaşmagyna, telekeçilikde, ylymda, sungatda, sportda öz mynasyp ornuny tapmagyna gönükdirilendir.
Türkmen zenanlary ýurdumyzyň taryhynda yz galdyryp, döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemişe goldawyna eýe bolýarlar. Türkmenistanyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna zenanlaryň işjeň gatnaşmagy biziň adalatly we deňhukukly sagdyn jemgyýetimiziň durnukly ösüşiniň möhüm şertine öwrüldi.
Halkymyz asyrlaryň dowamynda kemala gelen dogruçyllyk, pespällik, enelere we ýaşululara, zenanlara hormat goýmak ýaly maşgala gymmatlyklaryny gözüniň göreji ýaly gorap saklapdyr. Türkmen jemgyýetinde ene hemişe aýratyn orun eýeläpdir. Ol maşgala ojagynyň we jemgyýetiň ahlak esaslarynyň, ruhy hem-de ynsanperwer taglymlarynyň baky goragçysydyr.
Häzirki täze eýýam türkmen zenanlarynyň zehinleriniň hemmetaraplaýyn gülläp ösen döwrüne öwrüldi. Olar döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryna giňden gatnaşýarlar. Türkmen zenanlarynyň belent ruhy we ahlak gymmatlyklarymyzy gorap saklamakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, ýurdumyzyň geljegi bolan sazlaşykly ösýän ýaş nesli terbiýelemekde orny uludyr.
Şu gün ýurdumyzyň zenanlary işine jogapkärçilikli çemeleşýän hem-de başlangyçlar bilen çykyş edýän ýolbaşçylardyr we alymlardyr, mugallymlardyr hem-de lukmanlardyr, deputatlardyr we diplomatlardyr. Ýöne, şunuň bilen birlikde, olar ilkinji nobatda, mähirli enelerimiz, uýalarymyz, gyzlarymyz, öý hojalykçylarymyz bolmagynda galýar.
Eneler we çagalar barada alada, maşgala gymmatlyklaryny gorap saklamak, türkmen zenanlarynyň hünär, döredijilik hem-de akyl mümkinçiliklerini ösdürmek zenanlarymyzyň hukuklaryny we mertebesini goramak boýunça öz üstüne alan borçnamalaryna ygrarlylygyny anyk işler bilen subut edýän Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry derejesine çykaryldy. Ýurdumyzda bu ulgamda milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça anyk işler, eneleriň we çagalaryň saglygyny goramaga gönükdirilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, köp çagaly maşgalalaryň durmuş taýdan goldanylmagy, gender deňligi babatda döwlet syýasatynyň amala aşyrylmagy hem-de köp sanly beýlekiler munuň aýdyň mysalydyr.
Watanymyza we halkymyza wepaly, bilimli, sagdyn hem-de ruhubelent ýaş nesli terbiýelemekde zenanlaryň orny uludyr. Türkmenistanda köp çagaly enelere uly hormat goýulýar, olaryň kalby söýgüden we mähirden doludyr.
Şu günki dabaralar baýramçylyk çäreleriniň hatarynda ýatdan çykmajak waka boldy. “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary bilen geçýän ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, türkmenistanly zenanlaryň 300-e golaýyna “Ene mähri” diýen hormatly at dakyldy. Bu at enäniň jemgyýetimiziň we döwletimiziň öňünde bitiren hyzmatlarynyň, zenanlaryň Watanymyzyň gülläp ösmegine goşan saldamly goşandynyň ykrar edilmeginiň beýik nyşanydyr.
Köp çagaly maşgalalary goldamaga, şol sanda olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga döwletimiz aýratyn üns berýär. Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalar ýokary amatlyklary bolan täze öýlere eýe boldular hem-de uly ruhubelentlik bilen jaý toýlaryny toýladylar.
Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň ähli zenanlarynyň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ýurdumyzda özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, bagtyýar durmuş üçin ähli şertleriň döredilýändigi, ösüp gelýän ýaş nesiller barada alada edilýändigi, jemgyýetimizde belent ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň goralyp saklanýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Olar milli Liderimizi Garaşsyz, Bitarap türkmen döwletiniň gülläp ösmegine, her bir maşgalanyň, her bir adamyň rowaçlygyny maksat edinýän içeri we daşary syýasat bilen baglanyşykly ähli başlangyçlara mundan beýläk-de işjeň gatnaşjakdyklaryna ynandyrdylar.
Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda we olaryň düzüm bölümlerinde, edaralarda hem-de guramalarda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda zenanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi. Däp bolşy ýaly, sowgatlar dürli ýaşdaky zenanlara, şol sanda talyplara, mekdep okuwçylaryna hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenilýän gyzjagazlara gowşuryldy.
Bahar paslynyň şu günlerinde mähriban zenanlarymyzyň adyna gutlag sözleri we mähirli arzuwlar aýdylýar, olara bagyşlanyp, konsertler, sergiler, bäsleşikler, dürli duşuşyklar hem-de çäreler geçirilýär. Mähriban enelerimize, uýalarymyza we gyzlarymyza tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri beýan edilýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, “Ene mähri” diýen hormatly ada eýe bolan sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýelän eneleri sylaglamak, köp çagaly maşgalalara ýokary amatlyklary bolan öýleriň açarlaryny gowşurmak dabaralary ýurdumyzyň ähli welaýat merkezlerinde hem geçirildi.