Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hat
Çap edildi 02.03.2022
1291

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, hormatly jenap Prezident!

Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işgärleriniň adyndan hem-de hut öz adymdan Sizi we Türkmenistanyň halkyny şanly sene — ýurduňyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň agzalygyna girmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Bu sene ýurduňyzyň taryhynda iň möhüm wakalaryň biridir, onuň ähmiýeti şol sanda milli döwletliligiň hem-de dünýä derejesinde Bitaraplyk syýasatynyň ykrar edilmeginde öz beýanyny tapdy.

Garaşsyz Türkmenistan BMG-niň doly hukukly agzasy hökmünde geçen 30 ýylyň dowamynda bu guramanyň abraýynyň ýokarlandyrylmagyna hem-de kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna, şeýle hem onuň Tertipnamasynda kesgitlenilen maksatlaryň we wezipeleriň durmuşa geçirilmegine mynasyp goşant goşmagyny dowam edýär.

Türkmenistan ählumumy hem-de sebit derejesinde parahatçylyk, ösüş we hyzmatdaşlyk gün tertibine barha işjeň gatnaşýar hem-de ony öňe sürýär, häzirki döwrüň örän çylşyrymly dünýä we sebit meseleleriniň tutuş toplumy boýunça oňyn çözgütleri teklip edýär.

BMG, öz nobatynda, Türkmenistanyň syýasy, durmuş-ykdysady we ekologiýa ulgamlarynda türkmen halkynyň abadançylygynyň ýokarlanmagynyň, ýurduň täze keşbini kemala getirmegiň, şeýle hem onuň Garaşsyzlygyny, Bitaraplygyny we özygtyýarlylygyny pugtalandyrmagyň binýady hökmünde medeni-ruhy taýdan galkynmagynyň bähbidine özgertmeleri amala aşyrmak boýunça tagallalaryna ýardam berýär.

2007-nji ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmeginde awtordaş bolup çykyş etmegi, bu merkeziň edara binasynyň türkmen paýtagtynda ýerleşdirilmegi Türkmenistanyň sebit durnuklylygynyň we Merkezi Aziýada howpsuzlygyň saklanylmagyna hem-de pugtalandyrylmagyna gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň rowaçlanýandygynyň aýdyň subutnamalarynyň biridir.

Pursatdan peýdalanyp, “bitaraplyk” we “öňüni alyş diplomatiýasy” diýen düşünjeleriň bitewüdigini nygtamak isleýärin hem-de merkeziň döredilen gününden bäri onuň işine Siziň hut özüňiziň hemmetaraplaýyn şahsy goldawyňyz üçin aýratyn hoşallyk bildirmek isleýärin.

Türkmenistan öňüni alyş diplomatiýasy ýörelgeleriniň öňe sürülmegine, halkara terrorçylygyň we zorlukly ekstremizmiň, neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygynyň umumy wehimlerine garşy, howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň hem-de daşky gurşawyň ýagdaýyny gowulandyrmagyň özara ylalaşykly gurallaryny işläp taýýarlamaga, şeýle hem sebitiň ýurtlarynyň Owganystan bilen baglanyşykly bir bitewi çemeleşmelerini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşýar.

Türkmenistanyň hem-de BMG-niň, şol sanda Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň arasynda soňky ýyllaryň dowamynda barha berkidilýän özara bähbitli gatnaşyklaryň ygtybarly binýadynyň geljekde hem sebiti durnuklylygyň, durnukly ösüşiň hem-de abadançylygyň zolagyna öwürmek boýunça biziň umumy tagallalarymyza ýardam berjekdigine ynanýaryn.

Çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç, şu mümkinçilikden peýdalanyp, Size berk jan saglyk, abadançylyk hem-de jogapkärli işiňizde mundan beýläk-de üstünlikleri arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Natalýa German, 
BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, 
BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
09.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
09.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
09.09
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
top-arrow