Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Zenanlaryň baýramy mynasybetli halkara maslahat we sergi
Medeniýet
Zenanlaryň baýramy mynasybetli halkara maslahat we sergi
Çap edildi 01.03.2022
1978

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy” atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ol Halkara zenanlar gününe bagyşlandy.

Söwda-senagat edarasynda guralan forumda suratkeşleriň, zergärleriň işleriniň, amaly-haşam sungatynyň önümleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Bahar paslynyň esasy bezegi bolan güller şu günki guralan serginiň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Suratkeşleriň işlerinde, ajaýyp halylaryň nagyşlarynda, zenanlaryň zehininden dörän keşdelerde we zergärçilik önümlerinde gülleriň şekilleri möhüm orun eýeleýär. Misden, bürünçden taýýarlanan dürli görnüşdäki gaplar, küýzäniň we farfor önümleriniň bezegleri, ösümlik dünýäsine bagyşlanan kompozisiýalar bu ýerde guralan çärä özboluşly öwüşgin çaýdy.

Ýurdumyzyň welaýatlarynyň wekilleri küýze önümlerini, çeper halylary we haly önümlerini görkezdiler. Milli lybaslaryň görnüşleriniň we beýleki serişdeleriň özboluşly bezeg aýratynlyklary sergä gatnaşyjylarda uly gyzyklanma döretdi.

Şu ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna bagyşlanan işlere sergide aýratyn bölüm berlipdir.

Milli medeniýetiň, baý däp-dessurlaryň ruhunda guralan sergide baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Senetçiler, halyçylar, dutar ussalary, ýaş suratkeşler, heýkeltaraşlar, zergärler öz ussatlyklaryny, ukyp-başarnyklaryny görkezdiler.

Sergide görkezilýän gymmatlyklarda zenanlara söýgi we hormat äşgär duýulýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň dörediji zenanlary, milli ruhy-ahlak gymmatlyklaryny goraýjylar bolan zähmetsöýer gelin-gyzlar, olaryň duýgy dünýäsi köp asyrlaryň dowamynda medeniýet işgärlerini täze döredijilik gözleglerine ruhlandyrypdyr.

Ýaşajyk sazandalaryň ýerine ýetiren hoş owazly sazlary sergä gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, medeniýet işgärleri, ýaşlar gatnaşdylar. Onda çykyş edenler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň yzygiderli tagallasy netijesinde, ýurdumyzyň zenanlarynyň we ösüp gelýän ýaş nesilleriň döwrebap bilim almagy, sazlaşykly ösüşi, şol sanda hünär almagy we bagtyýar durmuşy üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini nygtadylar.

Döwlet Baştutanymyzyň zenanlar, olaryň durmuş derejesini berkitmek, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda, gender deňligini üpjün etmek baradaky aladany ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry hökmünde kesgitländigi nygtaldy. Bu ugurda milli kanunçylygy kämilleşdirmek, eneligi we çagalygy goramaga gönükdirilen maksatnamalary üstünlikli ýerine ýetirmek, köp çagaly maşgalalara durmuş goldawyny bermek boýunça alnyp barylýan işler munuň aýdyň beýanydyr.

Mähriban zenanlara bagyşlanan forumyň çäklerinde Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüniň Döwlet simfoniki orkestriniň, meşhur estrada aýdymçylarynyň, sungat ussatlarynyň, tans toparlarynyň çykyşlary guraldy.

Günüň ikinji ýarymynda baýramçylyk maksatnamasynyň çäklerinde bu ýerde halkara maslahatyň umumy mejlisi geçirildi. Oňa sanly ulgam arkaly daşary ýurtly wekiller hem gatnaşdylar.

Şekillendiriş sungatynda, häzirki zaman türkmen halylarynda, heýkeltaraşlyk we küýzegärçilik sungatynda zenanlaryň keşbi, milli äheňler, häzirki zaman çeper eserleri döretmegiň ugurlary, şeýle hem suratkeşleri taýýarlamakda sungat mekdepleriniň orny ýaly mowzuklar maslahatyň esasy meselelerine öwrüldi.

Gadymy döwürlerden bäri şahyrlar, ýazyjylar, sazandalar we suratkeşler enä tagzym edipdirler, zenan gözelliginiň, olaryň maşgala gymmatlyklaryna hem-de Watana bolan wepalylygynyň waspyny ýetiripdirler. Häzirki nesiller paýhasly pederlerimiziň wesýetlerine eýerip, zenanlara bolan hormat ýörelgelerini dowam etdirýärler.

Ýurdumyzda ajaýyp bahar baýramy — Halkara zenanlar güni asylly dessurlara laýyklykda geçirilýär we döwletimiziň zenanlara bolan üns-aladasynyň aýdyň nyşany bolup durýar.

Maslahata gatnaşyjylar ýokary bilim we hünär derejesiniň, oňyn başlangyçlary öňe sürmegiň we giň dünýägaraýşyň häzirki döwrüň zenanlarynyň häsiýetli aýratynlyklary bolup durýandygyny bellediler. Olaryň döwlet sylaglaryna mynasyp bolýanlarynyň sany ýyl-ýyldan artýar. Milletiň ruhy-ahlak gymmatlyklaryny gorap saklamakda, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesilleri watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde we olaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde zenanlara möhüm orun degişlidir.

Diýarymyzyň gelin-gyzlary döwlet we jemgyýetçilik işlerine işjeň gatnaşýarlar. Olar döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynda, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda deň derejede zähmet çekýärler, telekeçilik we jemgyýetçilik işlerini alyp barýarlar. Ýurdumyzyň zenanlary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça durmuşa geçirilýän özgertmelere mynasyp goşant goşýarlar.

Bu forum ertir Döwlet çeperçilik akademiýasynda hem-de Şekillendiriş sungaty muzeýinde, Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde şekillendiriş sungaty, onuň milli mirasymyzda eýeleýän orny we muzeý gymmatlyklary mowzuklary boýunça geçiriler.

Sergi 8-nji marta çenli dowam eder.

Soňky habarlar
21.05
«Türkmen teatr sungaty» atly teatr festiwalyna gatnaşyjylara
20.05
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
20.05
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow möhüm gurluşyk desgalaryndaky alnyp barylýan işleriň barşy hem-de täze taslamalar bilen tanyşdy
20.05
Türkmenistanyň Prezidentine Gazagystanyň Prezidenti hat iberdi
20.05
Türkmenistanda dostlukly döwletiň Baştutany hatyralandy
20.05
Türkmenistanyň Prezidenti Niderlandlaryň Patyşasyny gutlady