Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi
Medeniýet
Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi
Çap edildi 25.02.2022
1772

Şu gün paýtagtymyzda «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna hem-de Türkmenistanyň ösüşi bilen baglanyşyklykda, dünýä jemgyýetçiliginde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähmiýetine bagyşlanan onlaýn görnüşde halkara mediaforum geçirildi.

Türkmenistanyň ösüşinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň, bu hukuk derejesine eýe bolan gününden bäri geçen ýyllarda toplan oňyn tejribesi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gazanylan üstünlikler milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň hem-de ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly žurnalistleriň, alymlaryň we jemgyýetçilik işgärleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň professordyr mugallymlarynyň ara alyp maslahatlaşmalarynyň esasy mowzuklary boldy.

Hyzmatdaşlygy, şol sanda dürli ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri baradaky söhbetdeşlige sanly ulgam arkaly Aziýa — Ýuwaş umman teleradioýaýlymlar birleşigi (ABU), “TRT AVAZ”, TASS, “CGTN-Russian” Hytaý Mediakorporasiýasy, “Jaheen, s & Click Media” kompaniýasy, “Mir 24” habarlar teleýaýlymy, “Setanta Sports” halkara telekompaniýasy we beýlekiler goşuldylar.

“EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň geçirilýän Dubaý şäherinde Türkmenistanyň sergi bölümi barada, şeýle hem bu sergä gatnaşýan ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda göni ýaýlym boýunça habar berilmegi biziň Watanymyzyň giň pikir alyşmalar üçin hemişe açykdygynyň, dürli pikirleri we garaýyşlary ara alyp maslahatlaşmaga taýýardygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Foruma gatnaşyjylar media giňişliginde hyzmatdaşlygyň ýola goýlan derejesine ýokary baha berip, dünýäniň halklary bilen dostlukly we ynanyşmak gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna gönükdirilen daşary syýasy ugruna laýyklykda, Türkmenistan daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bilen ykdysady, durmuş we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça täzelikleri, synlary we seljeriş makalalaryny yzygiderli alyşmagy ýola goýdy.

Hyzmatdaşlar bilen bilelikde — iri habar beriş agentlikleri, abraýly neşirler, telewizion ýaýlymlar bilen toplumlaýyn işler amala aşyrylýar. Bu işler hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän oňyn içeri we daşary syýasaty dünýäde giňden wagyz etmegi, Diýarymyzyň çalt depginler bilen gazanýan üstünlikleri barada makalalary meşhur dünýä neşirlerinde we elektron habar beriş serişdelerinde çap etmek arkaly, ýurdumyzyň ählumumy maglumat giňişligine işjeň goşulmagyny öz içine alýar.

Foruma daşary ýurtly gatnaşyjylar ýurdumyzyň ýylynyň şygarynyň türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň, ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň we mirasynyň häzirki döwrüň täzeçillik meýilleri bilen sazlaşýandygyny hem-de Türkmenistanyň okgunly ösüşi üçin giň mümkinçilikleri açýandygyny nygtadylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hyzmatdaşlygyň syýasy-diplomatik gurallarynyň tutuş toplumyny peýdalanmak bilen, Türkmenistanyň ägirt uly parahatçylyk dörediji kuwwatyndan netijeli peýdalanylýandygy bellenildi. Mundan başga-da, ýurdumyz sebitdäki ýagdaýy durnuklaşdyrmaga, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge we ynamy pugtalandyrmaga ýardam berýän iri ykdysady taslamalary öňe sürýär hem-de yzygiderli durmuşa geçirýär. Şeýle duşuşyklaryň bu ulgamda toplanylan tejribäni we ýetilen sepgitleri ara alyp maslahatlaşmak üçin oňyn mümkinçilikleri döredýändigi, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigi, umumy maksatlar esasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň ugurlaryny kesgitlemäge ýardam berýändigi baradaky pikirler aýdyldy.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, bu gün ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň öňünde öz işlerini kämilleşdirmek, häzirki döwrüň ägirt uly gazananlaryny wasp etmek, milli Liderimiziň oňyn daşary syýasy başlangyçlaryny, Diýarymyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleri wagyz etmek boýunça anyk wezipeler durýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak, dünýä maglumat giňişliginde hyzmatdaşlyk üçin uly mümkinçiliklere eýe bolan sanly tehnologiýalary ulanmak arkaly, milli žurnalistikany ösdürmek üçin öňdebaryjy tejribäni öwrenmek we işjeň peýdalanmak ugrunda uly işleriň geçirilýändigini bellemek gerek. Şunuň bilen baglylykda, daşary ýurtly kärdeşler bilen gatnaşyklara aýratyn üns berilýär. Munuň özi her bir ýurduň durnukly ykdysady ösüşi, döwletleriň arasyndaky köpugurly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň we dünýäniň halklaryny ýakynlaşdyrmagyň zerur şertleriniň biridir.

Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýen şygar bilen geçýän ýylda şu görnüşdäki gatnaşyklar meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alyşmak üçin möhüm binýat bolar hem-de döwletleriň we sebitleriň arasynda maglumat gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täze itergi berer.

Ýygnananlar mediaforumyň çäklerinde, Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň gazanan üstünlikleri, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasaty netijesinde üstünlikli durmuşa geçirilýän möhüm başlangyçlar bilen gysgaça tanyşdyryldy.

Belli halkara bilermenler hem-de milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri şeýle möhüm çäräniň guralandygy üçin hoşallyk bildirip, gatnaşyklary pugtalandyrmaga umumy gyzyklanmany beýan etdiler hem-de şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmeginiň zerurdygyny aýtdylar.

Soňky habarlar
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi
top-arrow