Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
TDHÇMB-nyň söwda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 96 million 537 müň dollaryndan gowrak boldy
Ykdysadyýet
TDHÇMB-nyň söwda geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 96 million 537 müň dollaryndan gowrak boldy
Çap edildi 21.02.2022
3588

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Şweýsariýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gonkongyň, Maltanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, nebit koksuny, ýangyç mazudyny, arassalanmadyk parafini, şeýle hem Russiýanyň, BAE-niň,Türkiýäniň, Ukrainanyň, Polşanyň, Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň degişli kärhanasynda öndürilen polietileni, tehniki ýody, polipropileni satyn aldylar.

Bulardan başga-da, Türkiýäniň, Russiýanyň, BAE-niň, Maltanyň, Ermenistanyň, Polşanyň, Owganystanyň işewürleri nah ýüplügini, el halylaryny, jins matalaryny, tekiz boýalan žakkard tüýjümek önümleri satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy ABŞ-nyň 96 million 537 müň dollaryndan gowrak boldy.

Hindistanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Owganystanyň telekeçileri bahasy 37 million 177 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi, el halylaryny satyn aldylar.

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin jemi bahasy ABŞ-nyň 23 müň dollaryna golaý bolan portlandsementi, şeýle hem bahasy 4 million 303 müň manada golaý bolan ýokary dykyzlykly polietileni hem-de el halylaryny satyn aldylar.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
09.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
09.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
09.09
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
top-arrow