Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilini kabul etdi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekilini kabul etdi
Çap edildi 16.02.2022
1153

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik wekili hanym Narine Saakýany kabul etdi.

Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşuryp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny ýetirdi. Baş sekretar ösüşlere beslenen özgertmeler ýoly bilen ynamly barýan Garaşsyz Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna özüniň ýolbaşçylyk edýän guramasynyň uly gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi.

Duşuşykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan oňyn daşary syýasat ýörelgesiniň, onuň ählumumy durnukly ösüşiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlyga gönükdirilmeginiň köp babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijeli häsiýetini kesgitländigi aýratyn nygtaldy. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň baş edarasynyň Aşgabatda açylmagy hem-de türkmen paýtagtynda halkara ähmiýetli bilelikdäki wekilçilikli maslahatlaryň yzygiderli geçirilmegi bildirilýän uly ynamyň hem-de hormatyň aýdyň subutnamasydyr.

Milli Liderimiz BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekili Narine Saakýany ýurdumyzda işe başlamagy bilen gutlap, Birleşen Milletler Guramasynyň ýolbaşçylaryna iň oňat arzuwlaryny beýan etdi. Bu gurama bilen hyzmatdaşlyk daşary syýasat strategiýamyzyň ileri tutulýan ugrudyr.

Söhbetdeşligiň dowamynda bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilişiniň barşyna garaldy, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamada kesgitlenilen wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmäge hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagyna gönükdirilen bilelikdäki işleri dowam etmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýeri gelende bellesek, Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlaryny milli derejä laýyk getiren ilkinji döwletleriň biridir.

Duşuşygyň dowamynda 2021 — 2025-nji ýyllar döwri üçin hyzmatdaşlygyň Maksatnamasyna laýyklykda, ykdysadyýeti diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmegiň, sanlylaşdyrmagyň, howanyň üýtgemegi, saglygy goraýyş, durmuş goraglylygy, adam hukuklary hem-de ençeme beýleki meseleleriň ileri tutulýan ugurlaryň hataryna çykarylandygy bellenildi.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň hemişelik wekili pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we türkmen halkyny geljek 30 ýyl üçin Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň täze Milli maksatnamasynyň kabul edilmegi bilen ýene-de bir gezek gutlady.

Siziň ýurduňyz BMG-niň Ösüş maksatnamasyna, biziň hemmetaraplaýyn goldawymyza hemişe bil baglap biler. Biz halkara gurama hökmünde Türkmenistana dünýä tejribesini we täze tehnologiýalary çekmäge şat bolarys diýip, diplomat ynandyrdy.

Birleşen Milletler Guramasynyň hemişelik wekili Türkmenistan bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň soňky döwürde ep-esli derejede ösen depginini kanagatlanma bilen nygtap, döwrüň möhüm meseleleriniň çözgüdini tapmakda ýurdumyzyň eýeleýän işjeň ornuna ýokary baha berdi. Dürli ulgamlarda amala aşyrylan bilelikdäki taslamalaryň birnäçesi munuň subutnamasydyr.

Häzir garaşsyz ösüş ýyllarynda parahatçylyk döredijilik babatda örän uly tejribe toplan Bitarap Türkmenistan Merkezi Aziýada durnukly ösüşe, parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşýar hem-de sebit we umumydünýä häsiýetli döwrüň möhüm başlangyçlarynyň ençemesini öňe sürýär. Şol başlangyçlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden yzygiderli beýan edilýär.

Milli Liderimiz türkmen tarapynyň Owganystandaky ýagdaýlary durnuklylaşdyrmak, dünýäde energiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, serişdeleri oýlanyşykly peýdalanmak, howanyň üýtgemegi hem-de daşky gurşawy goramak ýaly adamzadyň möhüm meselelerine gönüden-göni degişli bolan başlangyçlaryny BMG-niň hemmetaraplaýyn goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň abraýly guramanyň degişli edaralary we düzümleýin bölümleri bilen ýakyndan gatnaşyk edip, halkara durmuşyň ählumumy gün tertibi boýunça aç-açan pikir alyşmaga mundan beýläk-de örän işjeň gatnaşmagy maksat edinýändigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jogapkärli hem-de möhüm işinde Narine Saakýana üstünlikleri arzuw edip, Türkmenistanyň we BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda ýola goýlan netijeli gatnaşyklaryň geljekde has-da işjeň dowam etdiriljekdigine pugta ynam bildirdi.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili päk niýet bilen ak ýol arzuw edendigi üçin hoşallyk bildirip, umumy bähbitlere kybap gelýän däp bolan hyzmatdaşlygy ýyl-ýyldan barha berkitmek hem-de ony ösüşiň täze derejesine çykarmak üçin ähli tagallalary etjekdigine döwlet Baştutanymyzy ynandyrdy.

Men bu ýerde mundan 10 ýyl ozal hem işläpdim we bu gün myhmansöýer Türkmenistana täze derejede, öýümize gelen ýaly duýgy bilen gaýdyp geldim diýip, diplomat nygtady hem-de milli Liderimize we tutuş türkmen halkyna iň oňat arzuwlaryny beýan etdi.

Soňky habarlar
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
15.04
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany A.B.ABDYLLAÝEW hakynda
15.04
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany B.K.TAGANOW hakynda
15.04
S.Kakabaýew Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi
15.04
Döwlet Baştutanymyz Maldarçylyk we guşçulyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasarlaryny wezipä belledi
15.04
M.Öwezmyradow Azyk senagaty döwlet birleşiginiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi
15.04
Demir ýol ulagynyň işini döwletara derejede utgaşdyrmak — Türkmenistanda geçirilýän forumyň esasy maksady
15.04
Aşgabatda hokkeý boýunça halkara ýaryş badalga aldy
15.04
Aşgabatda geçirilýän halkara ýaryşda «Galkanyň» hokkeýçileri Bahreýniň toparyny ýeňdiler
15.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 45 million 320 müň dollaryndan gowrak boldy
top-arrow