Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen
Syýasy habarlar
Milli Liderimiziň amala aşyrýan “Açyk gapylar” syýasatynyň ugry bilen
Çap edildi 15.02.2022
1553

Şu gün paýtagtymyzda Zenanlaryň ýagdaýy baradaky komissiýanyň 66-njy mejlisine taýýarlyk görmek boýunça Merkezi Aziýa döwletleri üçin sanly ulgam arkaly Sebit geňeşmeleri geçirildi. Howanyň üýtgemegi bilen baglylykda, gender deňliginiň meselelerine bagyşlanan çäre ýurdumyz hem-de Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlary üçin “BMG — Zenanlar” düzüminiň Sebit edarasy bilen bilelikde guraldy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan geçen ýylda BMG-niň Gender deňligi meseleleri we zenanlaryň hukuklaryny hem-de mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça edarasynyň (BMG — Zenanlar) ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna 2022 — 2024-nji ýyllar döwri üçin saýlanyldy.

Bu duşuşygyň maksady Merkezi Aziýanyň ýurtlaryna 66-njy mejlisiň geňeşmelerine taýýarlyk görmekde goldaw bermek hem-de howanyň we daşky gurşawyň üýtgemegi hem-de tebigy betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak babatda ýagdaýy düýbünden üýtgedýän hereketler boýunça tejribe alyşmak, maslahat bermek, şeýle-de onuň geljegine bolan sebit garaýyşlaryny kemala getirmek üçin bilelikde esasy umumy pikirleri ylalaşmakdan ybaratdyr.

Türkmen tarapyndan duşuşyga Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň wekilleri gatnaşdylar.

Geňeşmelere milli Parlamentleriň wekilleri, gender meseleleri boýunça bilermenler, BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasynyň milli utgaşdyryjylary, ylmy-barlag we seljeriş merkezleriniň, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogy guramasynyň, Merkezi Aziýa üçin Adatdan daşary ýagdaýlar we tebigy betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak boýunça merkeziniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Şu ýyl komissiýanyň 66-njy mejlisiniň mowzugy “Howanyň üýtgemegi, syýasat hem-de daşky gurşawy goramak we betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak ulgamynda maksatnamalar bilen baglylykda, gender deňligini gazanmak hem-de ähli zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek” bolar.

Iki mejlisiň dowamynda howanyň üýtgemegi we munuň sebitde zenanlaryň ýagdaýyna täsiri bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de tejribe alşyldy, howanyň, daşky gurşawyň üýtgemegi, betbagtçylyklaryň howpuny azaltmak babatda hereketler boýunça maslahatlar işlenip taýýarlanyldy.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
04.05
Türkmenistanyň we Eýranyň DIM-niň ýolbaşçylarynyň telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi
top-arrow