Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek hem-de bellige almak çäreleri dowam edýär
Syýasat habarlary
Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek hem-de bellige almak çäreleri dowam edýär
Çap edildi 15.02.2022
1544

Şu gün döwlet Baştutanynyň öňdäki boljak saýlawlaryna taýýarlygyň çäklerinde Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi boldy. Oňa Merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy we agzalary, ýurdumyzyň Demokratik partiýasynyň başlygy gatnaşdylar. Demokratik partiýanyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine hödürlän dalaşgärini bellige almak mejlisiň gün tertibiniň esasy meselesi boldy.

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi topara gelen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow şu gün iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde bellige alyndy. Ozal habar berlişi ýaly, Serdar Berdimuhamedowy Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärlige hödürlemek Demokratik partiýanyň düýn geçen nobatdan daşary IX gurultaýynda biragyzdan makullanyldy. Gurultaýa delegatlar bilen bir hatarda, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem gatnaşdylar.

Forumda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Serdar Berdimuhamedow ajaýyp ýolbaşçylyk we guramaçylyk häsiýetlerine eýedir. Ol pespäl hem-de islendik meselä jogapkärçilikli çemeleşýän ukyply hojalykçy we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň tarapdary hökmünde öz kärdeşleriniň arasynda uly hormata eýe boldy. Gurultaýa gatnaşyjylar ýokary işjeňlige we ahlak häsiýetlerine eýe bolan Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçy wezipelerde gazanan üstünliklerini we tejribelerini nazara alyp, ony ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde bellige almak kararyny biragyzdan makulladylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgär hökmünde bellige alnan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa degişli şahsyýetnama gowşuryldy.

Wise-premýer bu ýere ýygnananlara ýüzlenip, özüni ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürländikleri üçin hoşallyk bildirdi. Ol Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanan ýagdaýynda özüniň güýjüni, bilimini, tejribesini we ukyp-başarnygyny gaýgyrman bildirilen ynama mähriban halkymyzyň we Watanymyzyň abadançylygynyň, bagtyýarlygynyň bähbidine amala aşyrylýan anyk işler bilen hötde gelmek ugrunda zerur tagallalary etjekdigine ynandyrdy.

Şeýle hem şu gün Aşgabatda, Oba hojalyk toplumynyň binasynda ýurdumyzyň Agrar partiýasynyň nobatdan daşary IV gurultaýy geçirildi, onuň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäri hödürlemek meselesi girizildi. Gurultaýa jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler gatnaşdylar.

Gurultaýa gatnaşyjylaryň gyzyklanma bildirip pikir alyşmalarynyň barşynda ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowy hödürlemek baradaky teklibe garaldy.

Şunuň bilen baglylykda, Agrar partiýanyň nobatdan daşary gurultaýyna gatnaşyjylar Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzyň hem-de halkymyzyň ykbaly üçin jogapkärçiligi öz üstüne almaga ukyply ýaş ýolbaşçylary öňe sürmek barada aýdan pikirleriniň möhümdigini bellediler.

Çykyş edenler A.Bekmyradowyň ýolbaşçylyk we guramaçylyk başarnyklaryny, onuň hormata mynasyp hünärini we şahsy häsiýetlerini bellediler.

Agajan Bekmyradow 1995-nji ýylda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutyny tamamlap, inžener-gurluşykçy hünärini ele aldy. Ol dürli ýyllarda Mary welaýatynyň etraplarynyň häkimliklerinde, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Wekilbazar etrap mejlisinde, bu etrabyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşmesinde işledi. 2017-nji ýylyň aprel aýyndan bäri A.Bekmyradow Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinde işleýär.

Ýokarda beýan edilenlerden ugur alyp, gurultaýa gatnaşyjylar ony ýokary döwlet wezipesine dalaşgär hökmünde hödürlemek baradaky çözgüdi kabul etdiler.

Çykyşlar we ses bermek tamamlanandan soňra, degişli karar biragyzdan kabul edildi.

Öz nobatynda A.Bekmyradow üstüne ýüklenilen uly jogapkärçilige düşünýändigini hem-de bildirilen ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigini aýtdy.

Öňde duran saýlawlaryň düýpgöter täze taryhy şertlerde geçiriljekdigini bellemek gerek. Bu gün mähriban Watanymyz hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda düýpli durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri durmuşa geçirmekde, jemgyýetimizde türkmen halkyna mahsus halk häkimiýetlilik ýörelgelerini pugtalandyrmakda, medeni-ynsanperwerlik ulgamynyň işini kämilleşdirmekde ägirt uly üstünlikler gazandy.

Häzirki döwürde özüniň saýlap alan döredijilikli ýoluna üýtgewsiz ygrarly bolan Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýurdumyzyň mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeler maksatnamalary we taslamalar durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň” üstünlikli amala aşyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.

Mälim bolşy ýaly, bu wajyp resminama Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň 11-nji fewralda geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Karary bilen tassyklanyldy. Ol mejlis döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda taryhy ähmiýetli waka öwrüldi. Bu Maksatnamadan we beýleki geljegi uly meýilnamalardan gelip çykýan möhüm wezipelerde täzeçe pikirlenip bilýän, giň aň-düşünjesi hem-de dünýägaraýşy bolan ýaş nesilleriň, hünärmenleriň ýolbaşçy wezipelerde işlemegine möhüm orun berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisindäki taryhy çykyşynda Watanymyzyň hem-de halkymyzyň ykbaly üçin jogapkärçiligi öz üstüne almaga ukyply ýaş ýolbaşçylary öňe sürmek barada beýan eden pikiriniň aýratyn ähmiýetlidigini bellemek gerek. Ýaşuly nesil we ähli türkmenistanlylar bu başlangyjy dolulygyna goldadylar. Onda döwürleriň we nesilleriň aýrylmaz arabaglanyşygy öz beýanyny tapýar.

Döwlet Baştutanymyz Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşynda diňe bir geljegimiziň däl, eýsem, şu günümiziň hem ýaşlar bilen baglanyşdyrylýandygy barada aýtdy. Her bir döwletiň beýikligi onuň ýetişdirip, öňe çykaryp bilen nesilleri bilen kesgitlenýär. Bu gün ýurdumyzyň watansöýüji ýaşlary ähli ulgamlarda ýokary işjeňlik görkezýärler. Olar milli mirasymyza çuňňur sarpa goýmak bilen, köpugurly we çalt özgerýän häzirki zamananyň ösen talaplaryna mynasyp hötde gelip bilýändikleri bilen tapawutlanýarlar. Ýaşlar döwletimiziň şu güni we geljegi, biziň başyny başlan işlerimizi mynasyp dowam etdirijilerdirler.

“Ýaşuly nesliň aň-paýhasy, baý tejribesi bilen ýaşlaryň gujur-gaýratynyň utgaşan ýerinde bolsa ýetilmejek maksat, gazanylmajak sepgit ýokdur!” diýip, döwlet Baştutanymyz çykyşynda belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy ösdürmegiň täze tapgyrynda döwlet dolandyryşynda häzirki zamanyň ruhy şertleri, ýokary talaplary esasynda kemala gelen ýaş ýolbaşçylara ýol bermegi makul bilýändigini aýdyp, özüniň toplan uly durmuş hem-de syýasy tejribesini bolsa mundan beýläk Halk Maslahatynyň Başlygy hökmünde bu ugra gönükdirmegi maksat edinýändigini beýan etdi.

Ýaşlara öz güýç-gaýratlaryny, bilim-ukyplaryny gaýgyrman tagalla etmek, zähmet çekmek borjy düşýär. Olaryň ýaşuly nesilleriň paýhasly sargytlaryna, baý durmuş tejribesine daýanyp, özleriniň paýhas we döredijilik mümkinçiliklerini has doly peýdalanmagy, möhüm döwlet wezipelerini netijeli ýerine ýetirmegi, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine we onuň halkara abraýynyň belende galmagyna, mähriban halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalary amala aşyrmagy zerur bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, saýlawlary möhletinden öň geçirmek babatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 81-nji maddasyna, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksiniň 86-njy maddasyna laýyklykda, Milli Geňeşiň Mejlisiniň karary bilen ýurdumyzda Prezident saýlawlaryny 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçirmek bellenildi.

Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar şu ýylyň 14-nji fewralyndan saýlaw möwsüminiň başlanýandygyny yglan etdi. Ozalkylary ýaly, açyklyk, demokratik we giň bäsdeşlik esasynda geçirilmegi bu jemgyýetçilik-syýasy möwsümiň esasy şerti bolup durýar.

Milli kanunçylyga we halkara tejribä laýyklykda, ähli dalaşgärlere saýlawçylar bilen duşuşmak, saýlawlaryň öň ýanynda olary maksatnamalary bilen tanyşdyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen wagyz-nesihat çärelerini geçirmek üçin deň hukuklar we mümkinçilikler berilýär.

Saýlaw möwsümine taýýarlyk görmek we ony ýokary guramaçylyk derejesinde, ýurdumyzyň Konstitusiýasyna we umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna laýyklykda geçirmek üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde boljak saýlawlary türkmen halkynyň mizemez bitewüligini, agzybirligini, döwletimiziň we jemgyýetimiziň halkymyzyň şöhratly taryhyndan gözbaş alýan we häzirki döwürde mynasyp derejede dowam etdirilýän demokratik ýörelgelere üýtgewsiz ygrarlylygyny has aýdyňlygy bilen äşgär eder.

Soňky habarlar
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
18.12
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýapon dilinde neşir edildi
18.12
Sanly tehnologiýalar dünýäni özgerdýär
18.12
Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirini gutlady
top-arrow