Baş sahypa
\
Jemgyýet
\
Milli Liderimiziň köpugurly syýasaty täze neşirleriň sahypalarynda
Jemgyýet
Milli Liderimiziň köpugurly syýasaty täze neşirleriň sahypalarynda
Çap edildi 21.01.2022
2630

Şu gün paýtagtymyzda “Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara habar beriş serişdelerine beren interwýulary”, “Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy” hem-de “Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammiti” atly syýasy kitaplaryň neşir edilmegi mynasybetli ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu kitaplarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda döredijilikli ösüş ýoly bilen ynamly öňe barýan Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň saýlan netijeli daşary syýasat ugry aýdyň şöhlelendirilýär.

Foruma ylym we bilim ulgamlarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary hem-de mugallymlary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahata Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary hem çagyryldy.

“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” atly şygar astynda geçen ýyl Diýarymyzyň daşary döwletler hem-de halkara guramalar bilen üstünlikli köpugurly hyzmatdaşlygynyň, dünýä bileleşiginiň ýurdumyza, halkymyzyň baý medeni mirasyna, medeniýetine hem-de sungatyna barha artýan gyzyklanmasynyň aýdyň subutnamasy boldy.

Kitaplarda beýan edilýän wakalar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn täzeçillik syýasatyny aýdyňlygy bilen açyp görkezýär. Şol syýasatyň netijesinde Türkmenistan bütin dünýäde depginli ösýän, syýasy, ykdysady hem-de ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygyň baş ugruny durmuşa geçirýän döwlet hökmünde giňden tanalýar.

Forumyň dowamynda medeni diplomatiýa — ählumumy parahatçylygyň kepili, Bitarap Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty, onuň sebit we halkara hyzmatdaşlyga, Merkezi Aziýada ýakynlaşmak işine goşan düýpli goşandy ýaly mowzuklara bagyşlanan çykyşlar diňlenildi. Milli Liderimiziň eserleriniň hem-de taryhy çykyşlarynyň ýaşlar üçin terbiýeçilik ähmiýetine aýratyn üns berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşa geçirýän döredijilikli daşary syýasat ugry halkara bileleşigiň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyklygyny, netijeliligini aýdyň görkezdi diýlip nygtaldy.

Ýurdumyz özüniň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýerip, diňe bir sebit hem-de ählumumy derejelerde abadançylygyň we rowaçlygyň maksatlaryna laýyk gelýän giň, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen möhüm başlangyçlar bilen çykyş etmän, eýsem, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi babatynda hem anyk ädimleri ädýär.

Döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky gatnaşyklarda parahatçylyk, ynanyşmak medeniýetiniň pugtalandyrylmagy Bitaraplyk syýasatynyň ählumumy durnukly ösüşe, parahatçylyga we howpsuzlyga ýardam edýän aýrylmaz şerti bolup durýandygy, bu işlere ýaşlaryň gatnaşmagyny üpjün etmek üçin gurallary döretmegiň möhümdigi nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyzyň daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren interwýularynda sebitde hem-de halkara giňişlikde parahatçylygy we howpsuzlygy goldamagyň, şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy hem-de beýleki abraýly düzümleriň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ähmiýetiniň nygtalýandygy bellenildi. Şonuň ýaly-da, interwýularda Diýarymyzyň ýurtlar bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklarynyň esasy ugurlary, dürli görnüşlerdäki hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada durlup geçilýär. Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de Garaşsyzlygynyň 30 ýylynda ýurdumyzyň ýeten sepgitlerine seljerme berilýär. Şunda milletimiziň gadymdan bäri gelýän gymmatlyklaryny gorap saklamaga hem-de olaryň häzirki döwür bilen özara baglanyşygyna aýratyn üns çekilýär.

Ýurdumyz oňyn Bitaraplygy özüniň daşary syýasat strategiýasynyň baş ugry hökmünde saýlap almak bilen, üçünji müňýyllygyň ählumumy maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen yzygiderli ädimleri ädýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde 2021-nji ýylyň awgustynda Hazaryň kenarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň hem-de onuň bilen ugurdaşlykda birnäçe çäreleriň geçirilmegi munuň aýdyň subutnamasy boldy. Şolaryň jemleri boýunça sebitiň ýurtlarynyň arasynda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmakda baglanyşdyryjy halka bolup hyzmat edýän ulgamlarda möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Geçen ýylda bolan taryhy wakalaryň ýene biri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitidir. Ol Türkmenistanyň YHG-a başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýurdumyzda geçirildi. Şol döwürde ýurdumyz bu guramanyň çäklerinde bilelikdäki işleri işjeňleşdirmek, oňa hil taýdan täze itergi bermek, bar bolan mümkinçilikleri hem-de döwrüň talaplaryny göz öňünde tutmak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny anyklaşdyrmak üçin ähli tagallalary etdi. Şu maksatlar bilen, degişli Konsepsiýa taýýarlanylyp, yzygiderli durmuşa geçirildi.

Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygynyň hem-de onuň çäklerinde geçirilen çäreleriň üstünligi, Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda we YHG-nyň 15-nji sammitinde başlyklyk etmegi Diýarymyzyň dünýä derejesindäki belent abraýynyň nobatdaky aýdyň subutnamasy boldy.

Maslahata gatnaşyjylar «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary astynda geçýän şu ýylda neşir edilen täze kitaplaryň häzirki we geljekki nesiller üçin Watanymyzyň şanly taryhyny açyp görkezýän gymmatly miras boljakdygyny bellediler.

Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda milli Liderimize alyp barýan içeri we daşary syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler hem-de köpugurly, giň möçberli işlerinde täze, ägirt uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Forumyň çäklerinde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde kitaplaryň hem-de amaly-haşam sungaty eserleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy. Onda ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan ägirt uly özgertmeleriň başynda durýan döwlet Baştutanymyzyň eserleri görnükli orun eýeledi. Bagşylaryň hem-de ýaş ýerine ýetirijileriň çykyşlary dabara özboluşly öwüşgin çaýdy.

Soňky habarlar
08.12
Biziň ýolumyz bagtyýarlygyň we berkararlygyň ýoludyr
08.12
Gahryman Arkadagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
08.12
Türkmenistan — Katar: ynsanperwer hyzmatdaşlyk giňeldilýär
07.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary
07.12
Aşgabat ÝUNESKO-nyň öwreniji şäherleriniň bütindünýä toruna girizildi
06.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
06.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy
06.12
«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.12
Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.12
«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy» atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
top-arrow