Baş sahypa
\
Resmi
\
Döwlet daşary ykdysady iş bankyna üç sany gämileri gurmak boýunça taslamalaryň maliýeleşdirmek üçin degişli ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi
Resmi
Döwlet daşary ykdysady iş bankyna üç sany gämileri gurmak boýunça taslamalaryň maliýeleşdirmek üçin degişli ylalaşyklary baglaşmaga ygtyýar berildi
Çap edildi 14.01.2022
2417

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda” bellenilen, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň öňünde goýlan dürli kysymly gämileri gurmak wezipelerini durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Döwlet daşary ykdysady iş bankyna Türkmenistanyň Hökümetiniň — Karz alyjynyň adyndan:

“Ro-Ro” görnüşli bir sany gämini we bir sany ýük gämisini gurmak boýunça taslamalaryň bahasynyň bir bölegini maliýeleşdirmek üçin Yslam ösüş banky bilen degişli ylalaşyklary baglaşmaga hem-de olaryň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrmaga;

“Ro-Ro” görnüşli bir sany gämini gurmak boýunça taslamanyň bahasynyň bir bölegini maliýeleşdirmek üçin OPEK Halkara ösüş gaznasy — Karz beriji bilen degişli karz ylalaşygyny baglaşmaga hem-de onuň güýje girmegi we dolandyrylmagy bilen bagly işleri amala aşyrmaga ygtyýar berildi.

Soňky habarlar
13.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
13.11
M.W.AKMÄMMEDOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
D.G.SÜLEÝMANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
B.A.ANNAÝEW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
N.H.AGAHANOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
A.A.KÜRTOW hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
13.11
Bilelikdäki türkmen-pakistan hökümetara toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
13.11
Türkmenistanyň Prezidentiniň Buýrugyna laýyklykda, N.Atagulyýewa käýinç yglan edildi
12.11
Bitarap Türkmenistanyň netijeli başlangyçlary — parahatçylyk döredijiligiň möhüm şerti
12.11
XIII Türkmen-German Forumy: saglygy goraýşy kämilleşdirmek ugrunda
top-arrow