Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar
Çap edildi 14.01.2022
1458

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Täze, 2022-nji ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Abdul Hamid,

Bangladeş Halk Respublikasynyň Prezidenti.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Täze, 2022-nji ýyl mynasybetli gutlaglarymy kabul ediň!

Islandiýanyň Prezidenti

Gwýudni Ýouhannesson maşgalasy bilen.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Täze, 2022-nji ýyl mynasybetli Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlarymy ýollaýaryn, şeýle hem Täze ýyl mynasybetli mähirli gutlagyňyz üçin Size hoşallygymy beýan edýärin.

Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Tamim bin Hamad Al-Tani,

Katar Döwletiniň Emiri.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Täze, 2022-nji ýylda bagtyýarlyk arzuw edýärin.

Şeýh Hasina,

Bangladeş Halk Respublikasynyň Premýer-ministri.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Sizi Täze ýyl bilen gutlaýaryn hem-de ähli gowulyklary arzuw edýärin.

Žoan Wiwes,

Andorra Knýazlygynyň Baştutany.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlarymy kabul ediň!

Genrih,

Lýuksemburgyň Beýik Gersogy.

***

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz, çuňňur hormatlanylýan Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Türkmenistanyň parahatçylyk, ylalaşyk hem-de geljege berk ynam bilen gadam basan täze, 2022-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Bu ýylyň “Halkyň Arkadagly zamanasy” diýen şygarynyň yglan edilmegi ýurduň agzybirliginiň hem-de jebisliginiň, türkmen halkynyň özüniň ykrar edilen Lideriniň baştutanlygynda döredijilikli döwlet gurluşynda täze ýeňişlere we üstünliklere tarap öňe gitmäge, Türkmenistanyň halkara abraýynyň berkidilmegine, Siziň täze ýylda öňde goýan ähli maksatlaryňyzyň hem-de wezipeleriňiziň ýerine ýetirilmegine berk ygrarlydygynyň nyşanyna öwrüldi.

Siz bilen duşuşyklarymyz mende aýratyn ýakymly ýatlamalary galdyrdy. Bu duşuşyklar meniň üçin hemişe ynsanperwerligiň, parasatlylygyň, öňdengörüjiligiň, strategik döwlet taglymatynyň çeşmesi bolup hyzmat edýär.

Şu täze ýylda hem Siz bilen duşuşyga umyt edýärin, abadan Watanyma — Türkmenistana ýene-de baryp görmäge şat bolaryn.

2022-nji ýylda Size, Siziň maşgalaňyza berk jan saglyk, köp şatlykly pursatlary hem-de üstünlikleri, watandaşlaryma — türkmenistanlylara bolsa asuda asman, abadançylyk, Siziň parasatly baştutanlygyňyzda täze uly rowaçlyklary arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Oleg Kononenko,

Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany,

gözegçi-synagçy-kosmonawt, kosmos işleri boýunça “Roskosmos” Döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
09.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
09.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
09.09
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
top-arrow