Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
Çap edildi 06.01.2022
1819

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi Täze ýyl bilen gutlaýaryn we 2022-nji ýylda hemme gowulyklary arzuw edýärin.

Maýkl Higgins,

Irlandiýanyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Size täze, 2022-nji ýylda berk jan saglyk, şatlyk hem-de bagt arzuw edýärin.

Miloş Zeman,

Çehiýa Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Türki Döwletleriň Guramasynyň adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy hem-de 2022-nji ýylyň Türkmenistanyň halkyna jan saglyk, parahatçylyk we bagtyýarlyk getirmegi baradaky arzuwlarymy beýan edýärin.

Siziň Alyhezretiňiziň gatnaşmagynda döwlet Baştutanlarynyň Stambulda üstünlikli geçen taryhy sammitiniň doganlyk Türkmenistanyň gurama synçy hökmünde goşulmagy bilen şanlanandygyny bellemek isleýärin.

Dekabr aýynda Aşgabatda bildirilen myhmansöýerlik üçin ýene-de bir gezek Siziň Alyhezretiňize hoşallygymy beýan edýärin.

Bu duşuşygyň türki dünýäniň özara baglanyşygynyň ähmiýetli görkezijisi hem-de Siziň Alyhezretiňiziň Stambul sammitinde hyzmatdaşlygyň geljegi barada öňe süren teklipleriňizi ara alyp maslahatlaşmak üçin ajaýyp mümkinçilik bolandygyna ynanýaryn.

Pursatdan peýdalanyp, biziň guramamyzyň işine yzygiderli goldaw berýändigiňiz üçin Size ýene-de bir gezek hoşallygymy beýan etmek isleýärin we 2022-nji ýylyň biziň sebitimiz, ýurtlarymyz, tutuş adamzat üçin üstünlikli bolmagyny arzuw edýärin.

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Bagdad Amreýew,

Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Sizi Täze ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn we 2022-nji ýylda Size hem-de Siziň maşgalaňyza rowaçlyk, bagt we abadançylyk arzuw edýärin!

Husraw Noziri,

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) adyndan we hut öz adymdan Siziň Alyhezretiňize Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Siziň türki dünýä berýän uly ähmiýetiňiz doganlyk türki halklary medeni, durmuş we ykdysady ugurlarda birleşdirmekde, şeýle hem dürli ugurlarda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmakda uly üstünlikleri gazanmaga mümkinçilik berýär.

Siziň Alyhezretiňize we Türkmenistanyň doganlyk halkyna jan saglyk, abadançylyk we bagtyýarlyk arzuw edýärin.

Sizi tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Dýusen Kaseinow,

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti,

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň 

Halk Maslahatynyň Başlygy

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Täze, 2022-nji ýyl mynasybetli meniň tüýs ýürekden gutlaglarymy kabul ediň!

Täjigistany we Türkmenistany özara hormat goýmak esasynda ýola goýlan köpýyllyk dostlukly gatnaşyklar baglanyşdyrýar. Biziň kanun çykaryjy edaralarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk ikitaraply we köptaraply görnüşde yzygiderli ösdürilýär.

Täze, 2022-nji ýylda Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň MiIli Majlisi bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Size berk jan saglyk, bagt, üstünlikler, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Rustami Emomali,

Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň Milli Majlisiniň Başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Täze, 2022-nji ýyl mynasybetli Size tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin.

Goý, bu ýyl doganlyk Türkmenistan üçin Siziň beýik başlangyçlaryňyzyň netijesinde ähli ulgamlarda uly üstünlikleriň, abadançylygyň we rowaçlygyň ýyly bolsun!

Beýik Biribardan Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk, bagt, uzak ömür we doganlyk türkmen halkynyň ösüşiniň hem-de abadançylygynyň bähbidine giň gerimli işleriňizde uly üstünlikleri dileýärin.

Siziň Alyhezretiňiz, meniň Size tüýs ýürekden hormat goýýandygym baradaky ynandyrmalarymy kabul ediň!

Siziň doganyňyz,

Faýsal Bin Naser bin Hamad Al-Tani,

Katar Döwletiniň şeýhler maşgalasynyň agzasy.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz,

Baýramçylyk bilen gutlaýarys hem-de Täze ýyl mynasybetli iň gowy arzuwlarymyzy beýan edýäris!

Ýaponiýanyň Premýer-ministri

Fumio Kisida maşgalasy bilen.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Hytaý Halk Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli HHR-iň Hökümetiniň adyndan we hut öz adymdan Size we Türkmenistanyň dostlukly halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan etmek hormatyna eýedirin.

Diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýlanyndan bäri geçen 30 ýylyň içinde hytaý-türkmen hyzmatdaşlygy iki döwletiň Baştutanlarynyň bilelikdäki tagallalary netijesinde depginli ösüşe eýe boldy. Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky ýokary derejedäki gatnaşyklar yzygiderli işjeňleşdirilýär, özara syýasy ynam pugtalandyrylýar, dürli ulgamlarda iş ýüzündäki hyzmatdaşlyk giňeldilýär. Munuň özi Hytaý bilen Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlygynyň aýdyň beýanydyr.

HHR-iň Hökümeti Türkmenistan bilen gatnaşyklary ösdürmäge uly üns berýär. Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyndan bäri geçen 30 ýylyň içinde bu babatda gazanylan üstünliklere esaslanyp, men Siziň bilen ähli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge, iki döwletiň we olaryň halklarynyň bähbidine hytaý-türkmen gatnaşyklaryny täze derejelere çykarmak üçin ilerletmäge taýýardyryn.

Dostlukly Türkmenistana gülläp ösüş, berkararlyk, onuň halkyna bolsa bagtyýarlyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Size berk jan saglyk we işiňizde uly üstünlikler arzuw edýärin.

Li Kesýan,

Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow