Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gutlag hatlary gelip gowuşýar
Çap edildi 04.01.2022
1525

Onuň Alyhezreti,|
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Size we Siziň ýakynlaryňyza Täze ýylda berk jan saglyk we bagt arzuw edýärin.

Mohammed VI,
Marokkonyň Patyşasy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Gadyrly doganym!

Owganystanyň Hökümetiniň we halkynyň adyndan 2021-nji ýylyň dekabrynda Owganystana ugradylan ynsanperwerlik kömegi üçin Size tüýs ýürekden hoşallygymy beýan edýärin.

Häzirki kyn şertlerde dostlukly Türkmenistan tarapyndan nebitgaz, azyk we dokma önümlerinden ybarat şeýle giň möçberli kömegiň berilmegi biziň dostlukly halklarymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly jenap Prezident!

Owganystan Yslam Emirliginiň döredilmeginden soňra iki goňşy döwletiň gatnaşyklarynda täze döwür başlandy. Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Kabul şäherine sapary hem-de türkmen wekiliýetiniň 2021-nji ýylyň 20-21-nji noýabrynda Hyrat şäherinde geçiren duşuşyklary bu gatnaşyklary has-da pugtalandyrdy.

Owganystan Yslam Emirliginiň bu duşuşyklaryň netijesinde gazanylan ylalaşyklary ýerine ýetirmäge doly taýýardygyna ynandyrýaryn.

Owganystana beren ynsanperwerlik kömegiňiz üçin ýene bir gezek hoşallygymy bildirip, Siziň Alyhezretiňize berk jan saglyk we üstünlikler, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Alhaj Molla Mohammad Hassan Ahund,
Owganystan Yslam Emirliginiň 
Ministrler Kabinetiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Täze, 2022-nji ýyl bilen gutlaýaryn.

Li Çžanşu,
HHR-niň Halk Wekilleriniň Ählihytaý 
Ýygnagynyň Hemişelik Komitetiniň Başlygy.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Täze, 2022-nji ýyl bilen gutlaýaryn.
Li Kesýan,
Hytaý Halk Respublikasynyň 
Döwlet Geňeşiniň Premýeri.

***

Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Owganystana berlen giň möçberli ynsanperwerlik kömegi üçin Badgis we Hyrat welaýatlarynda ýaşaýan owgan türkmenleri bolan biz Size tüýs ýürekden hoşallygymyzy bildirýäris.

Siziň yzygiderli ynsanperwerlik kömegiňiz owgan halkyna berlen anyk goldawyň aýdyň subutnamasy hökmünde biziň hakydamyzda hemişelik galar.

Size berk jan saglyk, halklaryň arasyndaky hoşniýetli goňşuçylyk we doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda üstünlikler arzuw edýäris.

Ýaşasyn türkmen-owgan dostlugy!

Hormatlamak bilen,
Amanullah Hakýar,
Owganystan türkmenleriniň 
yslamy raýdaşlyk geňeşiniň 
başlygynyň orunbasary.

***

Onuň Aly­hez­re­ti, 
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Tä­ze, 2022-nji ýyl bi­len gut­la­ýa­ryn!

Si Szin­pin,
Hy­taý Halk Res­pub­li­ka­sy­nyň Baş­ly­gy.

***

Onuň Aly­hez­re­ti, 
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hor­mat­ly Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç!

Si­zi tä­ze, 2022-nji ýyl bi­len tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn!

Ge­çen ýyl Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da­ky gatnaşyklar, şol san­da howp­suz­lyk ba­bat­da stra­te­gik hyz­mat­daş­lyk dep­gin­li ösü­şi bi­len hä­si­ýet­len­di. Bi­ziň hyz­mat­daş­ly­gy­my­zyň we gol­daw­la­ry­my­zyň ar­tyk­maç­ly­gy dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gi­ne ko­ro­na­wi­rus ýo­kan­jy­nyň pan­de­mi­ýa­sy­nyň ge­ti­ren äh­lu­mu­my we­him­le­ri bi­len bag­la­ny­şyk­ly şert­ler­de has aý­dyň ýü­ze çyk­dy. 

Ýurt­la­ry­my­zyň halk­la­ry­nyň, Mer­ke­zi Azi­ýa, Ha­zar se­bit­le­rin­de pa­ra­hat­çy­ly­gyň, dur­nuk­ly­ly­gyň bäh­bi­di­ne iki­ta­rap­la­ýyn hem-de köp­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de Rus­si­ýa­nyň we Türk­me­nis­ta­nyň ys­ny­şyk­ly gat­na­şyk­la­ry­nyň do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ne umyt ed­ýä­rin.

Hor­mat­ly Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç, Si­ze hem-de Si­ziň ýa­kyn­la­ry­ňy­za berk jan sag­lyk, öň­de go­ýan mak­sat­la­ry­ňy­za ýet­me­gi­ňi­zi, Türk­me­nis­ta­nyň dost­luk­ly hal­ky­na bol­sa pa­ra­hat­çy­lyk we aba­dan­çy­lyk ar­zuw ed­ýä­rin!

Hor­mat­la­mak hem-de hoş­ni­ýet­li ar­zuw­lar bi­len, 

Dmit­riý Med­we­dew,
Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Howp­suz­lyk ge­ňe­şi­niň Baş­ly­gy­nyň orun­ba­sa­ry.

***

Onuň Aly­hez­re­ti, 
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hor­mat­ly Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç!

Si­zi hem-de Türk­me­nis­ta­nyň tu­tuş hal­ky­ny tä­ze, 2022-nji ýyl bi­len gut­la­ýa­ryn.

Goý, hem­me­le­riň söý­ýän baý­ram­çy­ly­gy şat­ly­ga we nu­ra bes­len­sin, bag­ty­ýar pur­sat­la­ry hem-de ýag­ty gel­je­gi­mi­ze ynam dö­ret­sin! 

Si­ze we Si­ziň ýa­kyn­la­ry­ňy­za hem-de Türk­me­nis­ta­nyň äh­li ra­ýat­la­ry­na berk jan sag­lyk, ru­hu­be­lent­lik, bag­ty­ýar­lyk ar­zuw ed­ýä­rin.

Bi­ziň öza­ra aba­dan­çy­ly­ga we äh­lu­mu­my pa­ra­hat­çy­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ýar­dam ber­ýän hoş­ni­ýet­li hyz­mat­daş­ly­gy­my­zyň mun­dan beý­läk-de do­wam et­di­ril­jek­di­gi­ne umyt ed­ýä­rin.

Rus­tam Min­ni­ha­now,
Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ta­ta­rys­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti.

***

Onuň Aly­hez­re­ti, 
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Çuň­ňur hor­mat­la­nyl­ýan Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç!

Si­ze örän uly hor­mat goý­ýan­dy­gym ba­ra­da­ky tüýs ýü­rek­den çyk­ýan ynan­dyr­ma­la­ry­my we tä­ze, 2022-nji ýyl my­na­sy­bet­li mä­hir­li gut­lag­la­ry­my ka­bul ediň!

Si­ze we Si­ziň mäh­ri­ban­la­ry­ňy­za hem-de Türk­me­nis­ta­nyň äh­li ýa­şaý­jy­la­ry­na tüýs ýü­rek­den berk jan sag­lyk, bag­ty­ýar­lyk, öň­de go­ýan mak­sat­la­ry­ňy­zyň my­rat tap­ma­gy­ny ar­zuw ed­ýä­rin. Goý, 2022-nji ýyl ýag­şy ni­ýet­le­re, hem­me iş­ler­de we baş­lan­gyç­lar­da üs­tün­lik­le­re baý bol­sun!

Türk­me­nis­tan Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ast­ra­han ob­las­ty­nyň ýa­kyn dos­tu­dyr, hoş­ni­ýet­li goň­şu­sy­dyr hem-de yg­ty­bar­ly hyz­mat­da­şy­dyr. Si­ziň öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta­lan­dy­ryl­ma­gy­na ber­ýän kö­mek-gol­daw­la­ry­ňy­za ýo­ka­ry ba­ha ber­ýä­rin.

Tä­ze ýy­lyň hem ne­ti­je­li bol­jak­dy­gy­na we Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ast­ra­han ob­las­ty bi­len Türk­me­nis­ta­nyň ara­syn­da­ky yk­dy­sa­dy hem-de me­de­ni gat­na­şyk­la­ry­nyň ös­dü­ril­me­gi üçin tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri aç­jak­dy­gy­na ynan­ýa­ryn.

Si­zi Tä­ze ýyl bi­len ýe­ne-de bir ge­zek gut­la­ýa­ryn.

Tüýs ýü­rek­den hor­mat­la­mak bi­len,

Igor Ba­buş­kin,
Rus­si­ýa Fe­de­ra­si­ýa­sy­nyň Ast­ra­han ob­las­ty­nyň gu­ber­na­to­ry.

***

Onuň Aly­hez­re­ti, 
Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti
je­nap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hor­mat­ly Gurbanguly Mä­lik­gu­ly­ýe­wiç!

Si­zi Tä­ze ýyl my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­la­ýa­ryn.

Biz Hu­daý­dan pa­ra­hat­çy­lyk we aba­dan­çy­lyk di­le­ýä­ris hem-de tä­ze, 2022-nji ýy­lyň pa­ra­hat­çy­lyk­ly, şat­lyk­ly bol­ma­gy ba­ra­da­ky äh­li hoş­ni­ýet­li mak­sat­la­ry­my­zyň ama­la aş­ma­gy­na umyt ed­ýä­ris.

Hä­zir­ki dö­wür­de söý­gi­niň, öza­ra dü­şü­niş­me­giň we raý­daş­ly­gyň üýt­ge­me­ýän tag­lym­la­ry­nyň ber­ka­rar bol­ma­gy­nyň bäh­bi­di­ne Rus­si­ýa­nyň Pra­wos­law But­ha­na­sy­nyň, döw­let hä­ki­mi­ýet­le­ri­niň hem-de äh­li jem­gy­ýet­çi­lik eda­ra­la­ry­nyň ara­syn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne umyt ed­ýä­rin.

Si­ze berk jan sag­lyk, pa­ra­hat­çy­lyk hem-de päk ni­ýet­li iş­le­ri­ňiz­de we baş­lan­gyç­la­ry­ňyz­da Be­ýik Bi­ri­ba­ryň kö­mek ber­me­gi­ni ar­zuw ed­ýä­rin. 

Hor­mat­la­mak bi­len,

Ki­rill,
Mosk­wa­nyň we Bü­tin Rus­uň Pat­ri­ar­hy.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow