Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen gutlag hatlar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen gutlag hatlar
Çap edildi 02.01.2022
2424

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Koreýa Respublikasyna berýän goldawlaryňyz üçin Size hoşallyk bildirýärin hem-de Täze ýyl mynasybetli koreý halkynyň adyndan mähirli arzuwlary ýetirýärin.

Geçen ýyl biz adamzadyň täzeden galkynmagy we has-da kuwwatly bolmagy üçin tagallalarymyzy birleşdirdik.

Halkara jemgyýetçiligiň raýdaşlygynyň hem-de hyzmatdaşlygynyň güýji durnukly parahatçylygy döretmäge umyt berýär.

Siziň ýurduňyza we maşgalaňyza bagtyýar täze ýyly hem-de berk jan saglyk arzuw edýärin.

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti 

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Täze, 2022-nji ýyl mynasybetli Size we Türkmenistanyň halkyna tüýs ýürekden gutlaglarymy beýan edýärin.

Biziň ýurtlarymyzyň arasynda dostluk hem-de hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we ösdüriljekdigine ynanýaryn.

Size Täze ýylda berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de Türkmenistanyň rowaçlygynyň bähbidine alyp barýan döwlet işleriňizde üstünlikleri arzuw edýärin.

Kim Çen Yn,

Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň 

Döwlet işleri boýunça Başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Täze ýyl mynasybetli gutlaglarymy hem-de iň oňat arzuwlarymy kabul ediň!

Singapur Respublikasynyň Prezidenti 

hanym Halima Ýakob ýanýoldaşy bilen.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Sizi täze, 2022-nji ýyl bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Geçen ýyl Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan gatnaşyklary üstünlikli ösdürildi. Söwda-ykdysady, maýa goýum we innowasiýa ulgamlarynda möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Senagatda, düzümleýin ugurlarda, saglygy goraýyşda hem-de bilimde iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi dowam edýär.

2022-nji ýylda biziň köptaraply hyzmatdaşlygymyzyň pugtalandyrylmagynyň dowam edip, geljegi uly täze başlangyçlary amala aşyrmak üçin amatly şertleri döretjekdigine ynanýaryn. Munuň özi Russiýa Federasiýasynyň we Türkmenistanyň uzak möhletleýin bähbitlerine doly kybap gelýär.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de täze üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!

Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,

Mihail Mişustin,

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Täze, 2022-nji ýyl mynasybetli iň oňat arzuwlarymy beýan edýärin.

Narendra Modi,

Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Täze ýyl mynasybetli gutlaglarymy kabul ediň!

Singapur Respublikasynyň Premýer-ministri 

Li Sýanlun maşgalasy bilen.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi hem-de Türkmenistanyň dostlukly halkyny Täze ýyl bilen mähirli gutlaýaryn.

2022-nji ýylda özara düşünişmäge we ikitaraplaýyn ynama esaslanan ermeni-türkmen döwletara gatnaşyklaryna täze itergi bermegiň başartjakdygyna, munuň bolsa tutuşlygyna biziň halklarymyzyň bähbitlerinden gelip çykýandygyna ynanýaryn.

Hormatly jenap Prezident, Size berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de täze ýylda uly üstünlikleri, Türkmenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk we abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,

Nikol Paşinýan,

Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Täze, 2022-nji ýyl mynasybetli gutlaglarymy hem-de iň oňat arzuwlarymy beýan edýärin.

Mustafa Al Kazymi,

Yrak Respublikasynyň Premýer-ministri.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňizi täze, 2022-nji ýyl mynasybetli uly şatlyk duýgusy bilen gutlaýaryn hem-de Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk, gülläp ösüş arzuw edýärin.

Meniň tüýs ýürekden çykýan gutlaglarymy hem-de mähirli dostluk we hormat goýýandygym baradaky sözlerimi kabul ediň!

Siziň doganyňyz,

Muhammed bin Raşid Al-Maktum,

Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti,
Premýer-ministri, Dubaýyň häkimi.

* * *

Onuň Alyhezreti,

Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňizi täze, 2022-nji ýyl mynasybetli mähirli gutlaýaryn hem-de Size tüýs ýürekden berk jan saglyk we bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de rowaçlyk hem-de gülläp ösüş arzuw edýärin.

Meniň gutlaglarymy hem-de tüýs ýürekden dostluk we hormat goýýandygym baradaky sözlerimi kabul ediň!

Siziň doganyňyz,

Muhammed bin Zaýed Al Nahaýan,

Abu-Dabiniň Mirasdüşer Şazadasy, Birleşen Arap Emirlikleriniň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň orunbasary.

Soňky habarlar
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşyjylara
09.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
09.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
09.09
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Ýoluň ak bolsun, «ak altynly» kerwen!
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
08.09
Zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine gatnaşyjylara
top-arrow