Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Türkmenistan «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýyly uly üstünlikler hem-de täze belent maksatlar bilen garşylady
Medeniýet
Türkmenistan «Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen 2022-nji ýyly uly üstünlikler hem-de täze belent maksatlar bilen garşylady
Çap edildi 31.12.2021
14680

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan täze, 2022-nji ýyly agzybir maşgala bolup garşylap, onuň bilen iň röwşen we nurana umyt-arzuwlaryny baglanyşdyrýar.

Mähriban halkymyzda gadymy döwürlerde bolşy ýaly, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde uludan toý tutulýar. Paýtagtymyzda baýramçylyk dabaralary Döwlet sirkiniň hem-de “Ylham” seýilgähiniň öňündäki meýdançalarda gurnalan Täze ýyl arçalarynyň töwereginde geçirilýär. Şol ýerlerde aýdym-sazyň owazy belentden ýaňlanýar. Aýazbaba we onuň agtygy Garpamyk hemmeleri arçalaryň daşyndan aýlanmaga çagyrýarlar.

Täze ýyl baýramçylygynyň esasy wakalary, däp bolşy ýaly, “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada ýaýbaňlandyrylýar. Köpetdagyň garly gerişleriniň, paýtagtymyzyň ak mermerli belent binalarynyň ajaýyp görnüşi Täze ýyl dabarasyna aýratyn baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Garaşsyz Watanymyzyň ýüregi bolan türkmen paýtagtynyň bu ajaýyp künjeginde häzirki döwrüň okgunly ösüşi äşgär duýulýar. Ak mermerli paýtagtymyz biziň hemmämiz üçin täze döwrüň aýdyň beýanyna öwrüldi.

Ýurdumyzyň Baş arçasynyň öňündäki ertekiler şäherjiginde jadyly Täze ýyl baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Meýdançada gurnalan sahnada meşhur estrada aýdymçylary, sungat ussatlary hem-de ýaş aýdymçylar çykyş edýärler. Ýurdumyzyň iň gowy aýdymçylary we sazandalary milli sazlary hem-de aýdymlary ýerine ýetirip, ata Watanymyza bolan çäksiz duýgularyny beýan edýärler, türkmen halkynyň Arkadagynyň — hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik işlerini wasp edýärler. Olar Täze ýyl täsinlikleri hem-de şu jadyly gijede hasyl boljak arzuwlar barada hem aýdym aýdýarlar.

Aragatnaşygyň sanly ulgamlary arkaly paýtagtymyzdaky dabara ýurdumyzyň sebitleriniň edara ediş merkezleri hem goşulýarlar. Şol ýerlerde Täze ýyly garşylamak dabaralary ruhyýetiň we ýokary medeniýetiň hakyky ojaklaryna öwrülen “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňünde geçirilýär. Şol ýerlerde hem meşhur döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda köpöwüşginli dabaralar ýaýbaňlandyryldy.

Uly monitorlarda geçip barýan 2021-nji ýylyň has aýdyň we ajaýyp wakalary şöhlelenýär. Bu ýyl Türkmenistanyň iň täze taryhyna altyn sahypalar bilen ýazylar hem-de biziň hakydamyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň bellenen ýyly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ady bilen aýrylmaz baglanyşykly beýik işleriň ýyly hökmünde galar.

Täze, 2022-nji ýylyň öňüsyrasynda onuň “Halkyň Arkadagly zamanasy” atly şygaryny tassyklamak hakyndaky çözgüdiň kabul edilmeginiň çuňňur manysy bar. Bu şygar tutuş halkymyzyň bagtyýarlyk eýýamyny esaslandyran hem-de Watanymyzy täze belentliklere alyp barýan Gahryman Prezidentimize söýgüsiniň we hormat-sarpasynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Döwlet Baştutanymyzyň parasatly baştutanlygynda 2022-nji ýylda “Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda ýurdumyzyň täze belent sepgitlere hem-de ajaýyp üstünliklere barýan ýoluny dowam etdirjekdigi şübhesizdir.

Şu gün bolsa biz 2021-nji ýyly ugradyp, bu ýylyň eziz Watanymyzyň Garaşsyz ösüşiniň 30 ýylynyň dowamynda amala aşyrylan beýik işleriň jemini jemlän möhüm sepgit bolandygyny hem-de geljekki ösüşiň täze tapgyrlaryny kesgitländigini kanagatlanma bilen belleýäris.

Dowamatlylyk mowzugy «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçen ýubileý ýylynyň dürli çärelerinde öz beýanyny tapdy. Yhlasly hem-de tutanýerli zähmete beslenen bu ýylyň her bir güni döwletimiziň ýyl ýazgysyna täze sahypalary ýazdy. Olar Türkmenistanyň gazanýan ägirt uly üstünliklerine, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyna, halkymyzyň abadançylygynyň barha artýandygyna we ruhubelentligine şaýatlyk edýär.

“Ýubileý ýyly, dünýädäki kynçylyklara garamazdan, halkara işler we ykdysady soraglar babatda Garaşsyz Watanymyz üçin, umuman, üstünlikli ýyl boldy. Biz halkara çäreleri ýokary derejede geçirdik. Ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk baýramyny belläp geçdik, 2021-nji ýyl üçin meýilleşdiren ähli işlerimizi diýen ýaly üstünlikli amala aşyrdyk” diýip, milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň 27-nji dekabrda bolan bilelikdäki mejlisinde belledi.

2021-nji ýyl iri jemgyýetçilik ähmiýetli wakalar hem-de giň gerimli medeni çäreler we täze desgalary ulanmaga bermek dabaralary bilen biziň ýadymyzda galar. Şol wakalar bolsa Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilik kuwwatyny özünde jemläp, türkmen döwletiniň we jemgyýetiniň mundan beýläk-de okgunly ösmegine kuwwatly itergi berdi.

Garaşsyz Watanymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň giňden bellenilmeginiň çuň many-mazmunly we uly ähmiýetli baýramçylyk çäreleri döwletliligi, Garaşsyz Türkmenistanyň demokratik we hukuk esaslaryny, halkymyzyň agzybirligini pugtalandyrmaga, jemgyýeti esasy gymmatlyklaryň töwereginde berk jebisleşdirmäge gönükdirildi.

Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylda Milli Geňeşiň — iki palataly parlamentiň döredilmeginiň ähmiýeti uludyr. Onuň işiniň esasyna döwlet gurluşynyň mizemez ýörelgeleri goýuldy. Şol ýörelgeler bolsa türkmenistanlylaryň abadançylygynyň berk, ygtybarly kepili bolup hyzmat edýär. Bu ýörelgeler Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk, parahatçylyk we raýat ylalaşyklylygy, demokratiýa hem-de kanunyň hökmürowanlygy bilen baglanyşyklydyr.

Ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy paýtagtymyzda we sebitlerde möhüm ähmiýetli desgalaryň ençemesini ulanmaga bermek hem-de täze binalaryň gurluşygyna badalga bermek dabaralaryna beslendi. Şolaryň hatarynda mekdepleriň, çagalar baglarynyň, saglygy goraýyş edaralarynyň täze döwrebap binalary, has oňaýly ýaşaýyş jaýlary, seýilgähler we seýilbaglar, beýleki köp sanly önümçilik hem-de durmuş-medeni maksatly desgalar bar.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, 2021-nji ýylda meýilleşdirilen 30 sany iri desganyň ýerine 73 sany iri desga ulanmaga berildi. Kerki şäherindäki Halkara howa menzili, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen bölegi, Ahal welaýatyndaky iki sany iri dokma toplumy, Balkan welaýatyndaky iri suw howdany we birnäçe hassahanalar, Daşoguz welaýatyndaky haly fabrigi hem-de Türkmenabat, Balkanabat, Daşoguz şäherlerindäki “Türkmeniň ak öýi” binalary, “Türkmeniň alabaý itleri” binalar toplumy we beýleki köp sanly desgalar dabaraly ýagdaýda açyldy.

Geçip barýan ýylda sebit we halkara ähmiýetli, giň gerimli taslamalaryň ençemesini, ilkinji nobatda bolsa, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçiriji ulgamyň gurluşygy bilen bagly taslamalary durmuşa geçirmek işi dowam etdirildi. Akina — Andhoý menzilleriniň arasynda 30 kilometrlik demir ýol ulgamy, Kerki — Şibirgan ugry boýunça uzynlygy 153 kilometrlik elektrik geçirijisi, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy halkara optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy işe girizildi.

2021-nji ýylda özüniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny giňden bellän türkmen paýtagtynda iri hem-de binagärlik babatda täze desgalaryň ençemesi işe girizildi. Aşgabatda Hökümet münberiniň toplumy, “Aşgabat” söwda-dynç alyş merkezi, ýedi ýyldyzly myhmanhanalaryň ikisi, kaşaň ýaşaýyş jaýlarynyň ençemesi, täze seýilgäh zolaklary açyldy. Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki hem-de Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň gurluşygyna badalga berildi.

Aşgabadyň gülläp ösmeginde türkmenistanlylaryň watançylyk duýgularynyň çuňlugy hem-de eziz Watanymyzyň ýüregi bolan baş şäherimize ählumumy söýgüsi öz beýanyny tapýar. Bu duýgular Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilikli ösüşi bilen aýratyn sazlaşyk döredýär.

Şeýle hem ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp keşbinde tutuş türkmen topragyny gurşap alan özgertmeleriň depgini hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň il-ýurt bähbitli syýasatynyň ägirt uly netijeleri öz beýanyny tapýar. Bularyň ählisi bolsa, tutuş dünýä Türkmenistana parahatçylygyň hem-de döredijiligiň ýurdy hökmünde uly ynam we umyt-arzuwlar bilen garamaga mümkinçilik berýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň daşary syýasy strategiýasynda gazanylan üstünlikler hem munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylda ata Watanymyz parahatçylyk dörediji döwlet hökmünde belent abraýyny has-da berkitdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyz hatda ýeňil bolmadyk halkara ýagdaýlary şertlerinde hem, ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamaga gönükdirilen syýasaty bir maksada gönükdirip, yzygiderli alyp bardy. Bitarap döwletimiz halkara hukuk kadalarynyň berkarar bolmagy, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki esasy köptaraplaýyn edaralaryň ornuny we abraýyny berkitmek ugrunda netijeli işleri amala aşyrdy. Netijeli başlangyçlary öňe sürmek bilen sebitde hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi pugtalandyrmaga ýardam etdi.

On iki aýyň dowamynda daşary ýurtlaryň resmi wekilleri, şol sanda döwlet hem-de hökümet Baştutanlary, dürli halkara korporasiýalaryň we kompaniýalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşyklaryň hem-de gepleşikleriň ençemesi geçirildi. Şolaryň netijesi boýunça hökümetara resminamalaryň 200-den gowragyna gol çekildi hem-de Türkmenistanyň sebit boýunça goňşulary we dünýäniň beýleki ýurtlary bilen netijeli halkara gatnaşyklaryny hem-de özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmäge täze mümkinçilikleri açýan möhüm ylalaşyklar gazanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebit derejesinde alyp barýan işleriniň netijesinde uly wakalar bolup geçdi. Şu ýylyň awgust aýynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň mejlisi geçirildi. Olarda möhüm çözgütler kabul edildi.

28-nji noýabrda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna gatnaşyjy ýurtlaryň ýolbaşçylarynyň 15-nji sammiti geçirildi. Onda jemleýji resminama — Hereketleriň Aşgabat Ylalaşygy kabul edildi.

11-nji dekabrda hökümetleriň we iri guramalaryň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda Aşgabatda geçirilen “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahaty möhüm wakalaryň hatarynda görkezmek bolar. Onda möhüm ähmiýetli başlangyçlaryň ençemesi öňe sürüldi.

Şeýle hem 2021-nji ýylda Türkmenistan BMG-niň Gender deňligi hem-de zenanlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meselesi boýunça düzüminiň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 2022 — 2024-nji ýyllar üçin agzalygyna, Ýewropa ykdysady komissiýasynyň wise-başlyklygyna saýlanyldy.

Bitarap döwletimiziň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy “Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny”, “Koronawirus keseliniň (COVID-19) pandemiýasy we ondan soňky döwürde durnukly ösüş üçin üznüksiz we ygtybarly halkara ýük daşamalary üpjün etmek maksady bilen, ulagyň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek”, “Birleşen Milletler Guramasynyň we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasynda hyzmatdaşlyk” atly Kararnamalary biragyzdan kabul etdi.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen däp bolan gatnaşyklar işjeň ösdürildi. 2021-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Hökümetiniň we ÝUNESKO-nyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda 2021 — 2023-nji ýyllar üçin Ähtnama gol çekildi. Bu ugurdaky işleri yzygiderli hem-de maksadalaýyk dowam etdirmek maksady bilen, 2021-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanda ilkinji gezek ÝUNESKO-nyň “Adam we biosfera” maksatnamasy boýunça Milli komitet döredildi hem-de onuň Tertipnamasy işlenip taýýarlanyldy.

Türkmenistanyň 2021-nji ýylyň 21-nji iýunynda ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna üç ýyl möhlete hem-de 2021-nji ýylyň 19-njy noýabrynda ÝUNESKO-nyň Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň hökümetara geňeşiniň agzalygyna 2021 — 2025-nji ýyllar döwür üçin saýlanylmagy ýurdumyzyň BMG-niň bu ýöriteleşdirilen guramasy bilen gatnaşyklarynyň täze ugurlaryny işläp taýýarlamakda möhüm tapgyr boldy.

Bularyň ählisi Türkmenistanyň dünýä giňişliginde abraýynyň barha artýandygyny görkezýär hem-de döwletimiziň daşary syýasy ugrunyň halkara bileleşik tarapyndan giňden goldanylýandygyna şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, parahatçylygy, howpsuzlygy, durnuklylygy mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn pugtalandyrmak, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek biziň daşary syýasatymyzyň esasy ugurlary bolup durýar.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan ägirt uly we giň gerimli işleriň aňyrsynda döwlet Baştutanymyzyň ýadawsyz zähmeti, milli Liderimiziň öz halkyna, onuň şöhratly taryhyna bolan beýik söýgüsi hem-de türkmenistanlylaryň şu güni we geljegi baradaky bimöçber aladasy durandyr. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýylda neşir edilen eserlerinde, ýagny «Garaşsyzlyk — bagtymyz”, “Ak şäherim Aşgabat” atly kitaplarynda, “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik işiniň on üçünji jildinde, Bitaraplyga bagyşlap döreden “Ýaşasyn parahat durmuş!” atly goşgusynda öz beýanyny tapdy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzy döwrebaplaşdyrmak işini her bir türkmenistanlynyň, her bir maşgalanyň anyk bähbitlerine gönükdirdi. Hut durmuş ugurly ileri tutulýan ugurlar ähli özgertmeler maksatnamalarynyň esasyny düzýär.

Şu baýramçylyk gijesinde türkmen paýtagtyny welaýatlaryň edara ediş merkezleri bilen baglanyşdyran Täze ýyl teleköprüsine gatnaşanlar hem bular barada aýtdylar.

Dabarany alypbaryjylar watandaşlarymyzyň ählisiniň adyndan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy Täze ýyl, “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýyly bilen gutlap, milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, bagt hem-de ata Watanymyzyň abadançylygynyň, mähriban halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine beýik maksatlara ýetmekde üstünlikleri arzuw edýärler.

Döwlet Baştutanymyzy hem-de ähli türkmenistanlylary her bir sebitiň adyndan häkimler, hormatly ýaşulular hem-de ýaş nesliň wekilleri yzly-yzyna gutlaýarlar.

Çykyş edenleriň gutlaglaryna we iň gowy arzuwlaryna sungat ussatlary, döredijilik toparlary hem goşulýarlar. Artistler welaýatlaryň özboluşly ýüzi bolan köpöwüşginli çykyşlary hödürleýärler. Olaryň her biri aýdym-saz we tans sungatynda baý hem-de özboluşly däpleri bilen tapawutlanýar. Şol çykyşlar türkmen halkynyň baýramçylyk medeniýetiniň joşgunyny has-da artdyrýar.

Täze ýyl baýramçylyk çykyşlaryny eziz Watanymyzyň ýüregi bolan paýtagtymyz jemleýär. “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdança ýygnanan Aşgabadyň ýaşuly we ýaş nesilleriniň wekilleri hem-de ýurdumyzyň ýolbaşçylar düzüminiň agzalary hormatly Prezidentimize, ähli şäherlerde we obalarda ýaşaýan ildeşlerimize berk jan saglyk, abadançylyk, bagt we üstünlikler arzuw edýärler. Olary baýramçylyk çykyşlary bilen meşhur artistler hem goldaýarlar.

Dabarany alypbaryjylar Täze ýyl mynasybetli welaýatlaryň we paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň adyndan gutlaglary jemläp, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň beýik işlerini, halkyň Arkadagly zamanasyny, gadymy türkmen topragynda giňden we dabaraly ýagdaýda bellenilýän, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň Täze ýylyny barha ýakynlaşdyrýan ajaýyp baýramy wasp edýärler.

Tolgundyryjy pursat gelip ýetýär — “Oguz han” köşkler toplumy göni aragatnaşyga çykýar. Telemonitorlaryň ekranlary arkaly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl Gutlagy bilen ýüzlenýär. Türkmenistanlylaryň millionlarçasy milli Liderimiziň Gutlagyny uly üns bilen diňleýär.

Şu tolgundyryjy, dabaraly pursatlarda biziň ählimizi Garaşsyz Watanymyza bolan ägirt uly buýsanç duýgusy, agzybirlik hem-de gadymy türkmen topragynda amala aşyrylýan ähli işlere dahyllylygymyz baradaky duýgular birleşdirýär. Hormatly Prezidentimiz geçip barýan ýylyň esasy wakalaryny belläp, ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlaryny häsiýetlendirdi hem-de içeri we daşary syýasatyň netijelerine baha berdi.

Türkmenistanyň Döwlet senasy belentden ýaňlanýar, geçip barýan ýylyň iň soňky minutlarynyň hasaby başlanýar.

Şeýlelikde, 2021-nji ýyl taryhyň gatlaryna siňýär we täze, 2022-nji ýyl başlanýar, şol pursatda baýramçylyk feýerwerkiniň ajaýyp öwüşginleri asmany bezeýär hem-de özüniň dürli reňkleri bilen Täze ýyl gijesini ýagtylandyrýar.

Täze ýylyňyz gutly bolsun! Täze bagt getirsin! Ýurdumyza we her bir öýe parahatçylyk, hoşniýetlilik, söýgi we ylalaşyklylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw edýäris! Goý, eziz Watanymyz gülläp össün, onuň gazanýan üstünlikleri artsyn!

Soňky habarlar
23.11
“Galkynyş” gaz käniniň ulanyş guýusynda tebigy täze gazyň akymy alnyp başlandy
22.11
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
22.11
Döwlet Baştutanymyz 2025-nji ýylda Türkmenistan boýunça degişli möçberde pagta öndürilmegini üpjün etmegi tabşyrdy
21.11
Baş maksat — Watanymyzyň gülläp ösmegini, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyny üpjün etmek
21.11
Türkmenistanyň we Özbegistanyň sebitleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar
20.11
Garaşsyz Türkmenistan — jebisligiň we abadançylygyň ýurdy
20.11
Türkmenistan — Özbegistan: milli bähbitlere laýyk gelýän hyzmatdaşlyk
19.11
Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň bähbidine durnukly ösüş ýoly bilen
18.11
Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi
18.11
Türkmenistanda Bosniýa we Gersegowinanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
top-arrow