Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen gutlag hatlar
Syýasy habarlar
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen gutlag hatlar
Çap edildi 30.12.2021
2124

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Tüýs ýürekden çykýan Täze ýyl gutlaglarymy kabul ediň!

Dünýädäki çylşyrymly epidemik ýagdaýa garamazdan, geçip barýan ýyl Russiýa Federasiýasy bilen Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanan gatnaşyklarynyň depginli ösüşine beslendi.

Bilelikdäki tagallalar arkaly ähli ugurlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklary, şeýle hem halkara işlerde oňyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de artdyrmagy üpjün etmegiň başartjakdygyna ynanýaryn. Munuň özi iki ýurduň dostlukly halklarynyň düýpli bähbitlerine laýyk gelýär, Merkezi Aziýa hem-de Hazar sebitlerinde parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size hem-de Siziň ýakynlaryňyza berk jan saglyk, bagtyýarlyk we üstünlikleri, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Wladimir Putin,
Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Täze ýyl mynasybetli tüýs ýürekden çykýan hem-de mähirli gutlaglarymy kabul ediň!

Biziň ýurtlarymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzy deňhukuklylyk, hormat goýmak we özara bähbitleri nazarda tutmak ruhunda guramak bilen, döredijilikli hyzmatdaşlygyň gymmatly tejribesini topladylar.

Biz hemişe birek-birege zerur kömek-goldawy bermek bilen, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ygtybarly binýat döretdik.

Geljek, 2022-nji ýylda belarus-türkmen gatnaşyklaryny döwletlerimiziň we halklarymyzyň bähbidine bilelikdäki tagallalarymyz arkaly pugtalandyrmagy dowam etjekdigimize ynanýaryn.

Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç, Size tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk hem-de öňde goýan maksatlaryňyza ýetmegiňizi, Türkmenistanyň halkyna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk arzuw edýärin!

Hormatlamak bilen,
Aleksandr Lukaşenko,
Belarus Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti

jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Täze ýylyň bagtyýarlyga beslenmegi baradaky gutlaglarymy we arzuwlarymy kabul ediň!

Wladimir Zelenskiý,
Ukrainanyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, 
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa
Hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç!

Gadyrly doganym!

Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň halkyna ýetip gelýän täze, 2022-nji ýyl mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglarymy we iň oňat arzuwlarymy beýan edýärin.

Tamamlanyp barýan ýylda Siziň bilen geçiren duşuşyklarymyzyň hem-de oňyn gepleşiklerimiziň netijeli bolandygyny, aýratyn-da, ýurdumyza resmi saparyňyzyň dowamynda gazanylan möhüm ylalaşyklary uly kanagatlanma bilen bellemek isleýärin.

Biziň ýakyn dostluga, hoşniýetli goňşuçylyga we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýan hemmetaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň ýetip gelýän ýylda doganlyk halklarymyzyň hem-de tutuş sebitiň ösüşiniň bähbidine täze derejä çykjakdygy gürrüňsizdir.

Size berk jan saglyk, maşgala bagtyýarlygyny hem-de jogapkärli döwlet işiňizde uly üstünlikleri, Türkmenistanyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk we mundan beýläk-de rowaçlyk arzuw edýärin.

Hormatlamak bilen,
Şawkat Mirziýoýew,
Özbegistan Respublikasynyň 
Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Täze ýylda Size hemme gowulyklary arzuw edýärin!

Emomali Rahmon,
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Täze ýyl mynasybetli gutlaglarymy kabul ediň!

Ilham Aliýew,
Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi Täze ýyl bilen gutlaýaryn hem-de bagtyýarlyk we abadançylyk baradaky iň mähirli arzuwlarymy beýan edýärin.

Salome Zurabişwili,
Gruziýanyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Täze ýyl mynasybetli polýak halkynyň adyndan we hut öz adymdan Size hem-de Türkmenistanyň raýatlaryna iň oňat arzuwlarymy beýan edýärin.

Goý, 2022-nji ýyl hemme gowulyklary getirsin, ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň halkara derejede mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi bersin!

Hormatlamak bilen,
Anjeý Duda,
Polşa Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňiz!

Sizi Täze ýyl baýramy bilen gutlaýaryn.

Borut Pahor,
Sloweniýa Respublikasynyň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Siziň Alyhezretiňizi täze, 2022-nji ýyl bilen gutlaýaryn hem-de Size berk jan saglyk we bagtyýarlyk, dostlukly türkmen halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk, rowaçlyk arzuw edýärin.

Meniň mähirli gutlaglarymy hem-de tüýs ýürekden dostlugym we hormat goýýandygym baradaky sözlerimi kabul ediň!

Siziň doganyňyz,
Halifa Bin Zaýed Al Nahaýan,
Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti.

* * *

Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Gurbanguly Berdimuhamedowa

Hormatly jenap Prezident!

Ysraýyl Döwletiniň halkynyň we Hökümetiniň adyndan 2022-nji ýylda Size we Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, saglyk hem-de rowaçlyk baradaky tüýs ýürekden arzuwlary kabul ediň.

Ysraýyl Döwleti Türkmenistana öz hyzmatdaşy hökmünde garaýar we men ýurtlarymyzyň özara gatnaşyklaryny gurmagy hem-de berkitmegi dowam etmegine tüýs ýürekden umyt edýärin.

Pursatdan peýdalanyp, ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek we giňeltmek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmak üçin Sizi resmi sapar bilen Ysraýyla çagyrmaga rugsat ediň! Bize Sizi Ysraýylda kabul etmek uly hormat bolar. Men Siziň saparyňyzyň köp ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlyga kuwwatly itergi berjekdigine ynanýaryn.

2022-nji ýylda ysraýylly diplomatlaryň Aşgabada barjakdygyna hem-de Ysraýylyň bellenen ilçisi hanym Bet-Iden Kaýtyň Size ynanç hatyny gowşurjakdygyna tüýs ýürekden umyt edýärin. Biz Aşgabatdaky hemişelik edaramyzyň gurluşygyny dowam etmegi maksat edinýäris. Bularyň ählisi ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge meýillidigimiziň subutnamasy bolup hyzmat edýär.

Hormatlamak bilen,
Ishak Gersog,
Ysraýyl Döwletiniň Prezidenti.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow