Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 17.12.2021
3568

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň halkymyzyň abadançylygynyň we bagtyýar durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna seredildi.

Milli Liderimiz gün tertibine geçip, ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de maýa goýum işjeňligini berkitmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Şu ýylyň 9-njy oktýabrynda ýurdumyzyň wekiliýetiniň Birleşen Arap Emirliklerine bolan iş saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Abu-Dabiniň Ösüş gaznasynyň arasynda gol çekilen “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmek hakyndaky Ylalaşygy iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankyna “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini esaslandyryjy hökmünde çykyş etmäge ygtyýar bermek baradaky Kararyň taslamasy hödürlenildi. Täze düzümiň öz üstüne ýüklenen borçnamalaryny ýerine ýetirmegi üçin Türkmenistanyň Merkezi banky tarapyndan degişli ygtyýarnamanyň kanunçylykda bellenen tertipde berilmegi teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetimizi düýpli özgertmek we ýurdumyzyň ykdysady ösüşini üpjün etmek maksady bilen, giň möçberli döwlet maýa goýum maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň halkara maýa goýum bazarlarynda ýurdumyzyň bähbidini goraýan Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň alyp barýan işiniň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Bu bank degişli ugurda dürli maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk boýunça oňyn tejribe toplady.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmen maýa goýum kompaniýasy” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň öňünde durýan möhüm wezipelere ünsi çekip, milli we sebit ähmiýetli täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin daşary ýurtlaryň iri işewür düzümleriniň hem-de abraýly halkara maliýe edaralarynyň maýa serişdelerini çekmegiň wajypdygyny belledi.

Milli Liderimiz degişli Karara gol çekip hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, maýa goýum serişdeleriniň möçberlerini artdyrmak we netijeli özleşdirilişini üpjün etmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, maýa serişdelerini maksadalaýyk ulanmak, daşary ýurt maýalaryny çekmek we olaryň ygtybarly goragyny üpjün etmek maksady bilen, degişli kadalaşdyryş binýadyny kämilleşdirmek babatda anyk görkezmeler berildi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow 2022-nji ýylda uçdantutma ilat we ýaşaýyş jaý gaznasynyň ýazuwyny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, geljek ýylda geçiriljek bu çäräniň baş maksadynyň ilatyň demografiýa düzümi we ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almakdan ybaratdygyny aýtdy. Bu maglumatlar döwletimiziň mundan beýläk-de ösüşi we rowaçlygy üçin ygtybarly binýady döretmäge mümkinçilik berer. Ýazuwlar geçirilende ozalky ýyllaryň tejribesini, şeýle hem halkara tejribäni peýdalanmak zerurdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi hem-de wise-premýere bu çäräniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow döwlet dolandyryş edaralaryny, kärhanalary we guramalary nebit önümleri bilen bökdençsiz üpjün etmek, olary rejeli paýlamak hem-de ulanmak boýunça öňde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, kärhanalar, guramalar bilen bilelikde, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň içerki sarp edijilerine nebit önümlerini paýlamagyň möçberleri seljerildi.

Wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2022-nji ýylda Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin niýetlenen nebit önümleriniň möçberlerini hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetindäki möhüm ornunyň, nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan we gaýtadan işlenilýän möçberleriniň yzygiderli artdyrylmagynyň, ýurdumyzyň içinde hem-de dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän dürli görnüşli nebithimiýa önümleriniň öndürilişiniň ýokarlandyrylmagynyň hem-de olaryň görnüşleriniň giňeldilmeginiň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz hödürlenilen teklipleri degişli düzümler bilen ýene-de bir gezek seljermegiň we ylalaşmagyň möhümdigini aýdyp, wise-premýere nebitgaz ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, onuň serişdeler binýadyny pugtalandyrmak, pudaklaýyn kärhanalar we guramalar tarapyndan önümçilik meýilnamalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow döwlet Baştutanymyzyň garamagyna 2022-nji ýylda gurluşygy tamamlanmagy hem-de açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň sanawy barada hasabat berdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň gurluşyk pudagyny ösdürmäge ähli şertleriň döredilip, täze şähergurluşyk syýasatynyň amala aşyrylýandygyny, dünýäniň ösen tehnologiýalaryny ulanmak arkaly, medeni-durmuş maksatly binalaryň we desgalaryň gurluşygynyň güýçli depginlerde alnyp barylýandygy bellenildi.

Häzirki wagtda ýurdumyz boýunça “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna” laýyklykda, iri önümçilik we durmuş maksatly binalaryň hem-de desgalaryň 2500-den gowragynyň gurluşygy dowam etdirilýär.

Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleri, degişli ministrlikler hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralary, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan geçirilen seljermäniň netijeleri boýunça 2022-nji ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän binalaryň we desgalaryň sanawy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, önümçilik we medeni-durmuş maksatly täze desgalary gurmak boýunça işleri ýokary depginde dowam etdirmegiň zerurdygyny nygtady. Şol desgalar Garaşsyz Watanymyzyň ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Şunuň bilen baglylykda, Milli Liderimiz degişli düzümleriň ählisi bilen bilelikde, geljek ýylda dabaraly ýagdaýda açyljak binalaryň we desgalaryň taýýarlanylan sanawyny içgin seljermegi we öwrenmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz milli binagärlik däpleriniň dünýäniň şähergurluşyk babatdaky döwrebap ýörelgeleri bilen sazlaşmagynyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýere desgalarda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň hiline we möhletine, olaryň zerur gurluşyk serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün edilmegine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow gözegçilik edýän pudaklarynda Täze ýyl baýramy mynasybetli ozal berlen tabşyryklary ýerine ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar hem-de Dokma senagaty ministrlikleri, ýurdumyzyň önüm öndürijileri Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde, häzirki döwrüň talabyna laýyklykda degişli işleri ýerine ýetirýärler. Ilata edilýän hyzmatlary kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak bilen baglylykda, yzygiderli işler alnyp barylýar.

Soňra hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysadyýet we maliýe toplumyna gözegçilik edýän wise-premýer S.Berdimuhamedowa ýüzlenip, ýakyn wagtda welaýatlarda bolup, Oba milli maksatnamasynyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri özümizde öndürmek, beýleki döwletlere iberilýän önümleriň möçberlerini artdyrmak baradaky Döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen ýerinde tanyşmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz bazarlara we dükanlara baryp, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda harytlaryň nyrhlaryny görmegi, oba ýerlerinde çözülmeli nähili soraglaryň bardygy bilen tanyşmagy tabşyryp, bar bolan meseleleri çözmegiň ýollary barada teklipleri taýýarlap, Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hasabat bermegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew welaýatlarda gowaçanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmagyň hasabyna, onuň ekilýän meýdanyny azaltmak we ýeralma, gök-bakja ekinleriniň meýdanlaryny hem-de piläniň öndürilýän möçberlerini köpeltmek maksady bilen alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, ýurdumyz boýunça her ýylda 620 müň gektar meýdana gowaça ekilip, ondan 1 million 250 müň tonna pagta hasyly alynýar. Häzirki döwürde ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk önümleri öndürmek üçin 55 müň 550 gektar ýer bölünip berildi.

Wise-premýeriň belleýşi ýaly, welaýatlaryň häkimlikleri bilen bilelikde gowaça ekilýän ýerleri 580 müň gektara çenli azaltmak boýunça teklip taýýarlanyldy. Gowaça ekininden boşaýan 40 müň gektar meýdana bolsa ýeralma, gök-bakja ekinlerini ekmek göz öňünde tutulýar. Piläniň öndürilýän mukdaryny köpeltmek üçin degişli meýilnamany 200 tonna artdyrmak teklip edilýär. Şol sanda, Ahal welaýatynda 145 tonna, Balkan welaýatynda 25 tonna, Mary welaýatynda bolsa 30 tonna goşmaça pile öndürilip, piläniň öndüriljek mukdary 2 müň 300 tonna ýetiriler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny berkitmek, ilaty ýeralma, gök-bakja we beýleki oba hojalyk önümleri bilen ýylyň dowamynda doly üpjün etmek boýunça öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz öňde goýlan wezipeleri ýerine ýetirmekde, obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmekde ylmy taýdan esaslandyrylan täzeçil usullaryň ulanylmalydygyny, ýerden, suwdan rejeli peýdalanmak, ekinleriň hasyllylygyny artdyrmak meselelerine jogapkärli çemeleşilmelidigini, milli kanunçylygyň kämilleşdirilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýere, Milli Geňeşiň ýolbaşçylaryna anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara toparyň meseleleri hakyndaky” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, degişli resminamalaryň sanawy taýýarlanyldy. Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara topary döretmek hakynda Karara hem-de onuň Düzgünnamasyna gol çekmegi we düzümini tassyklamagy bu ugurda nobatdaky ädime öwrüldi. Resminama laýyklykda, “Türkmenaragatnaşyk” agentligi ygtyýarly edara hökmünde kesgitlenildi.

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýetiň wajyp esaslaryny döretmek, ilkinji nobatda, bu ulgamy kadalaşdyryş-hukuk taýdan üpjün etmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, pudagara toparynyň täze düzümini we täze ýolbaşçysyny tassyklamak hakynda ozal hereket edýän Düzgünnama goşmaçalary hem-de üýtgetmeleri girizmegiň zerurdygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, agentligiň ýolbaşçysy milli Liderimiziň garamagyna degişli resminamany hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sanlylaşdyrmagyň milli ykdysadyýetimizde ulgamlaýyn wezipeleri çözmäge gönükdirilen möhüm ugurlaryň biri bolup durýandygyny belledi. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň, ýurdumyzyň durmuş ulgamynyň netijeli hereket etmegine gönükdirilendir.

Milli Liderimiz sanly tehnologiýalary döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlaryna işjeň ornaşdyrmaga ýardam bermek maksady bilen, Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara toparyň işiniň sanly ykdysadyýete geçmekde wajyp çäreleriň biridigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň sanlylaşdyrmagy işjeňleşdirmekde, aragatnaşyklaryň netijeli işini üpjün etmekde, şol sanda milli ulgamlaýyn giňişligi, internet hyzmatlarynyň işini kadalaşdyrmak we giňeltmek boýunça kanunçylyk taýdan goldaw bermekde möhüm wezipäni ýerine ýetirýändigini aýtdy. Sanly ulgama üstünlikli geçilmegini üpjün etmek maksady bilen, dürli ugurlar boýunça yzygiderli çäreleriň geçirilmegi, dünýäniň öňdebaryjy tejribesiniň öwrenilmegi, işgärleriň hünär derejesiniň ýokarlandyrylmagy, ylmy-tehniki mümkinçilikleriň netijeli peýdalanylmagy zerurdyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça pudagara toparyň meseleleri hakynda” Karara gol çekip, ony sanly ulgam arkaly agentligiň Baş direktoryna iberdi we resminamadan gelip çykýan wezipeleriň degişli derejede ýerine ýetirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa Täze ýyly mynasyp garşylamak mynasybetli meýilleşdirilen çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri Täze ýyl baýramçylygyna şowhunly teleradio gepleşikleri, dowamlylygy gysga çeper filmleri we dabaralary taýýarlaýarlar.

Teatrlarda täze ýyl sahna oýunlary meýilleşdirildi. Welaýatlaryň “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň ýanynda 24 — 26-njy dekabrda baýramçylyk konsertleri guralar.

31-nji dekabrda welaýatlaryň “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň, paýtagtymyzdaky Döwlet sirkiniň we “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançalarda hem-de “Ylham” seýilgähinde sungat ussatlarynyň çykyşlary ýaýbaňlandyrylar.

Asylly däbe görä, paýtagtymyzdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkezi ýurdumyzyň sebitleri bilen teleköpri arkaly baglanyşdyrylar. Şol gije baýramçylyk feýerwerki meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çärelerde, dabaralarda milli sungatymyzyň köpöwüşginliliginiň, türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň öz beýanyny tapmalydygyny belledi.

Täze ýyl çagalaryň we ulularyň söýgüli baýramydyr. Hut şonuň üçin hem baýramçylyk mynasybetli guraljak çäreler çuňňur mana eýe bolmalydyr, gyzykly sahna oýunlary, teleradio gepleşikleri taýýarlanylmalydyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz Täze ýyl baýramçylygynyň şatlyk-şowhuna beslenmegi, onuň hemmeleriň söýüp garşylaýan baýramçylygynyň ruhuna laýyk derejede guralmagy babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde «Türkmendermansenagat» birleşiginiň «Buýan» obasenagat toplumynyň glisirrizin turşusyny öndürjek kärhanasyny gurmak hakyndaky Kararyň taslamasynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

“Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ekologiýa taýdan arassa ýerli çig mallardan dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply derman serişdeleriniň önümçiligini ýola goýmak we degişlilikde, ýurdumyzda öndürilýän önümleriň eksportynyň möçberlerini artdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň noýabrynda Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Italiýanyň “Adipson Ind. Srl.” kompaniýasynyň arasynda buýan köküni gaýtadan işläp, arassalanmadyk glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň taslamasyny taýýarlamak hem-de ony enjamlaşdyrmak hakyndaky Ähtnama gol çekilipdi.

Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, bu kärhanany gurmak boýunça potratçyny seçip almak üçin Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi tarapyndan bäsleşik geçirildi. Şonuň netijesinde “Mizemez gadam” hususy kärhanasynyň hödürlän baha teklibi saýlanyp alyndy. Bu teklibe Türkmenistanda gurulýan we durky täzelenýän möhüm hem-de aýratyn möhüm binalaryň we desgalaryň taslamalarynyň bahalaryny kesgitlemek baradaky pudagara topar tarapyndan seljerme işleri geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda ýurdumyzyň derman senagatyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýändigini aýratyn nygtady. Bu senagatyň önümlerine ýurdumyzda hem-de daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýär.

Türkmen topragynyň amatly howa ýagdaýy ösümlikleriň örän peýdaly we melhemlik häsiýete eýe bolmagy üçin ähli şertleri döredýär. Mälim bolşy ýaly, bu ýerde ösýän ekologik taýdan arassa türkmen buýany gymmatly häsiýetleri bilen tapawutlanýar. Buýan köki gadymdan bäri adamyň kesele garşy durnuklylygyny pugtalandyrmak, sowuklama we böwrek kesellerini bejermek üçin giňden ulanylýar.

Döwlet Baştutanymyz gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly kompaniýalar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işleri makullap, innowasion ösüşe aýratyn üns berýän Türkmenistanyň daşary ýurt kompaniýalarynyň, şol sanda italýan kompaniýasynyň iň gowy tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalaryny çekmäge uly gyzyklanma bildirýändigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere bu meseläni ýene-de bir gezek içgin ara alyp maslahatlaşmak hem-de öz tekliplerini garamaga bermek tabşyryldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň wekiliýetleriniň Yslamabat we Nýu-Deli şäherlerinde geçiriljek Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza döwletleriniň mejlisine we «Merkezi Aziýa — Hindistan» görnüşdäki duşuşyklara gatnaşmaklaryna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda alnyp barylýan daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri Türkmenistanyň goňşy we ýakyn sebitlerde ýerleşýän hem-de ýurdumyz bilen gadymdan gelýän taryhy dostlukly gatnaşyklary saklaýan döwletler bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmekden ybaratdyr. Şolaryň hatarynda Günorta Aziýa ýurtlaryny, hususan-da, Pakistan Yslam Respublikasyny we Hindistan Respublikasyny görkezmek bolar. Şunuň bilen baglylykda, bu ýurtlarda geçiriljek möhüm halkara çärelere taýýarlyk görülýär. Şolaryň biri-de Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň geňeşiniň Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlar boýunça adatdan daşary mejlisidir. Bu mejlis Pakistanyň paýtagty Yslamabatda geçiriler.

Türkmenistan dostlukly owgan halkyna hemmetaraplaýyn kömek we goldaw bermek bilen, möhüm taslamalary amala aşyryp, goňşy ýurtda durnuklylygyň we howpsuzlygyň esaslaryny pugtalandyrmaga, tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösmegine saldamly goşant goşýar. Hususan-da, gürrüň Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini hem-de Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik we optiki-süýümli geçirijilerini gurmak, Owganystana ýeňillikli şertlerde elektrik toguny ibermek, Türkmenistandan owgan tarapyna demir ýoly gurmak barada barýar.

Bu goňşy döwlete yzygiderli esasda ynsanperwerlik kömegini ýetirmek, owgan halkyna bilim, saglygy goraýyş babatynda ýardam etmek ýaly yzygiderli geçirilýän işleri aýratyn nygtamak bolar. Ýaňy-ýakynda türkmen halkynyň gadymdan gelýän hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna we ynsanperwerlik däplerine eýerip, ýurdumyz tarapyndan Owganystanyň halkyna iberilen ynsanperwerlik kömegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Şeýle hem Yslamabatda iki ýurduň daşary işler ministrleriniň derejesinde Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň arasynda syýasy geňeşmeleri guramak teklip edilýär.

Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Hindistan» dialogyna gatnaşyjy döwletleriň daşary işler ministrleriniň nobatdaky duşuşygyna Türkmenistanyň wekiliýetiniň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Teklip edilýän gurallaryň energetika we ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda amala aşyrylýan we Merkezi Aziýa hem-de Günorta Aziýa sebitlerini birleşdirýän taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek üçin möhümdir.

Dialogyň çäklerinde Owganystan bilen bagly meselelere hem aýratyn üns berler.

Nýu-Delide türkmen-hindi syýasy maslahatlaşmalary geçirmek hem teklip edilýär. Türkmenistan bilen Hindistanyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sebitiň döwletleri bilen ysnyşykly we köptaraply gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz munuň durnukly sebit hyzmatdaşlygynyň möhüm syýasy-ykdysady wezipeleri hem-de asyrlaryň dowamynda emele gelen berk dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary bilen şertlendirilendigini belläp, wise-premýere, daşary işler ministrine häzirki geosyýasy we geoykdysady ýagdaýlary nazara almak bilen, bu ugurda amala aşyrylýan işlere täzeçe çemeleşmeleri işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz geçiriljek duşuşyklaryň meseleleriniň biriniň goňşy Owganystandaky ýagdaý bilen bagly boljakdygyna ünsi çekip, ýurdumyzyň mundan beýläk-de dostlukly owgan halkyna hemmetaraplaýyn kömek we goldaw berjekdigini, bilelikdäki täze taslamalary durmuşa geçirjekdigini nygtady. Şol taslamalar bu ýurduň we tutuş sebitiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşine saldamly goşant bolar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň wekiliýetini Yslamabat we Nýu-Deli şäherlerine ibermek baradaky Buýruga gol çekip, ony sanly ulgam arkaly wise-premýere, daşary işler ministrine iberdi we resminamany ýerine ýetirmek babatda anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz häzir biziň daşary ýurtlardaky ilçilerimiziň ählisiniň Aşgabatda bolýandygyny belläp, olaryň iş ýerlerine gidenlerinde soňky döwürde çykan edebi eserlerden, kitaplardan, žurnallardan bir toplumyny alyp gitmeklerini tabşyrdy. Olar dürli dillerde neşir edilendir. Bu olara biziň milli we medeni gymmatlyklarymyzy wagyz etmekde ýardam eder. Aýratyn hem Bitaraplygymyzyň gözbaşlaryna has oňat düşünmäge mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän ulgamyndaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi hem-de milli Liderimiziň garamagyna «Türkmenistanyň Adatdan daşary ýagdaýlar baradaky döwlet toparynyň 2022-nji ýyl üçin iş meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky» Kararyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Döwlet toparynyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz wezipelere ünsi çekdi. Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak we aradan aýyrmak boýunça bitewi döwlet ulgamynyň işine umumy ýolbaşçylygy amala aşyrmak hem-de şu ulgamda çözgütleri kabul etmek bu toparyň üstüne ýüklenendir. Adatdan daşary ýagdaýlaryň döremek howpuny azaltmaga hem-de adamlaryň ömrüni halas etmäge, saglygyny goramaga, adatdan daşary ýagdaýlaryň dörän halatynda maddy we medeni gymmatlyklaryň ýitgisiniň möçberini peseltmäge gönükdirilen toplumlaýyn çäreler bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamak zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen Karara gol çekip, resminamany sanly ulgam arkaly wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna iberdi hem-de Döwlet toparynyň meýilnamada bellenen işleriniň ählisini ýerine ýetirmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.

Mejlisiň şu ýylyň 4-nji dekabrynda bolan maslahatynda kanunlaryň hem-de kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalarynyň birnäçesine garaldy. Deputatlar tarapyndan kabul edilen kanunlar bellenen tertipde Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň garamagyna hödürlenildi.

Mejlisiň wekilleri döwletiň içeri we daşary syýasatyny wagyz etmek, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk taglymatynyň taryhy ähmiýetini, kabul edilýän kanunlaryň many-mazmunyny düşündirmek boýunça işleri alyp barýarlar.

Halkara hyzmatdaşlygy we parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça işleriň çäklerinde duşuşyklaryň we maslahatlaryň birnäçesi geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny nazara almak bilen, kanun çykaryjylyk işini mundan beýläk-de dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Kanunlaryň ählisi, ilkinji nobatda, adamlaryň abadançylygyna hyzmat etmelidir, ýurdumyzyň raýatlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, olaryň parahatçylykly we döredijilikli zähmeti üçin şertleri döretmelidir.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary K.Babaýew ýurdumyzyň hukuk binýadyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan toplumlaýyn işler barada habar berdi.

Häzirki wagtda Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň dördünji mejlisine taýýarlyk görülýär. Komitetlerde ýurdumyzyň Mejlisiniň şu ýylyň 4-nji dekabrynda geçirilen maslahatynda kabul edilen täze kanunlara hem-de hereket edýän kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda kanunçylyk namalaryna seljermeler geçirilýär.

Halk Maslahatynyň agzalary Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilim işgärleri bilen bilelikde, ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň ýolunda gazanýan üstünliklerini, Bitaraplyk syýasatyny tutuş dünýä ýaýmak boýunça çäreleri görýärler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow milli ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynyň okgunly ösmeginiň hem-de türkmen jemgyýetiniň ýaşaýyş-durmuşynyň bähbidine milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň zerurdygyny aýdyp, umumy ykrar edilen halkara hukuk resminamalarynyň üstünde içgin işlemegiň, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bilen birlikde, olary milli kanun çykaryjylyk tejribesinde nazara almagyň wajypdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygyna hem-de Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasaryna ýüzlenip, halkyň saýlan wekilleriniň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde, wagyz-düşündiriş işlerini işjeňleşdirmegiň, ýurdumyzyň abadançylygyna, raýatlarymyzyň rowaçlygyna gönükdirilen oňyn özgertmeleriň many-mazmunyny ilatyň, aýratyn hem, ýaşlaryň dykgatyna ýetirmekleriniň ähmiýetini belledi.

Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler hem-de ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen resminamalar kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglygyny, maşgala abadançylygyny hem-de berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
top-arrow