Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalaryna
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalaryna
Çap edildi 15.12.2021
3083

Hormatly partiýa agzalary!

Sizi türkmen döwletiniň taryhynda möhüm wakalaryň biri bolan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň yglan edilmeginiň yzysüre — 1991-nji ýylyň 16-njy dekabrynda döredilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasy özygtyýarly ösüş ýoluna düşen ýurdumyzda ilkinji we täsirli syýasy gurama hökmünde orta çykdy. Bu gün bu partiýa ýurdumyzyň kanunçylyk, hukuk esaslarynyň döredilmeginde, aňyýet ulgamynyň ösdürilmeginde, halkara gatnaşyklaryň syýasy taýdan esaslandyrylmagynda möhüm orun eýeläp gelýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň taryhy ösüşiniň 30 ýyllyk şöhratly ýoly halkymyzyň iň oňat, ynsanperwer hem-de hoşmeýilli milli häsiýetleriniň, döwleti we jemgyýeti dolandyrmakdaky ukyp-başarnygynyň ýüze çykan döwri boldy. Bu babatda Demokratik partiýanyň halkymyzyň güýjüni jemgyýetiň öňünde duran belent maksatlaryň daşynda jebisleşdirmekde uly guramaçylyk işlerini ýola goýmaga işjeň gatnaşandygyny belläp geçmek isleýärin.

Hormatly watandaşlar!

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda ýurdumyz durmuş-ykdysady ösüşlerde bolşy ýaly, syýasy-jemgyýetçilik, demokratik-hukuk özgertmelerini amala aşyrmakda-da uly ähmiýete eýe bolan taryhy ädimleri ätdi.

Ýurdumyzyň kanun çykaryjylyk ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen yglan edilen konstitusion özgertmeler netijesinde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hukuk derejesi özgerdildi, iki palataly parlament ulgamyna geçmek baradaky başlangyjymyz amala aşyryldy. Şu ýylyň 28-nji martynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlary geçirilip, «Türkmenistanyň Milli Geňeşi hakyndaky» Kanuna laýyklykda, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň işi ýola goýuldy.

Konstitusion özgertmäniň bu tapgyryny durmuşa geçirmekde, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň birinji saýlawlaryny syýasy we guramaçylyk taýdan üpjün etmekde Türkmenistanyň Demokratik partiýasy möhüm orun eýeledi. Demokratik partiýanyň agzalarynyň ençemesiniň saýlawçylaryň ynamyna mynasyp bolup, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlanmagy halkyň arasynda partiýanyň täsiriniň artýandygyny aňladýar.

Hormatly partiýa agzalary!

Ýurdumyzda durmuş-ykdysady ösüşlerde ýetilýän sepgitler, ösüş maksatnamalaryny ýerine ýetirmekde gazanylýan üstünlikler döwlet bilen halkyň arasyndaky jebisligiň netijesidir. Jemgyýetde şeýle sazlaşygyň gazanylmagynda syýasy-jemgyýetçilik güýçlerine uly ynam bildirilýär.

Häzirki döwürde ösen tehnologiýaly, sanly ykdysadyýetiň önümçilik düzümlerini Garaşsyz Watanymyzyň hemme sebitlerinde has giňeltmek üçin ähli zerur şertler döredildi. Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda göz öňünde tutulan önümçilik hem-de medeni-durmuş desgalaryny gurmagy dowam etdirýäris.

Halkara ykdysady taslamalary amala aşyrmakda-da ägirt uly işler öňde durýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen şygar bilen amala aşyrylýan bu işleriň hemmesi mähriban halkymyzyň bähbitlerinden ugur alýar. Raýatlarymyzyň bolelin, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin berkarar döwletimizde syýasy-guramaçylyk şertleri, ägirt uly serişde mümkinçiligi bar.

Täze-täze sepgitlere ýetmekde her bir adamyň, her bir guramanyň, her bir pudagyň öz orny, öňünde ýerine ýetirmeli jogapkärli wezipesi durýar.

Tutuş jemgyýeti birleşdirýän zat bolsa berkarar döwletimiziň, agzybir jemgyýetimiziň ygtybarly geljeginiň mizemez binýadyny hemme ugurlarda pugta kemala getirmek baradaky belent maksatdyr. Merdana halkymyz bu maksadyň daşynda jem bolup, ösüşlerden-ösüşlere ynamly barýar.

Hormatly adamlar!

Ilatyň hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmakdan başlap, saglygy goraýşy kämilleşdirmek, sagdyn durmuşy ornaşdyrmak, ýaşlaryň arasynda sporty, ylmy-tehniki döredijilik ukybyny ösdürmek, adamlary sagdyn dynç alşa, saglygy dikeltmäge ündemek, ekologiýa sowatlylygyny ýokarlandyrmak ýaly meseleler döwlet syýasatynyň gün tertibinde hemişe ileri tutulýar. Ýaşlaryň çeper döredijilige, sungata bolan höweslerini goldamak hem sagdyn, kämil jemgyýeti kemala getirmegiň möhüm ugurlarynyň biridir. Bu ugurlarda döwlet derejesinde ýola goýulýan çäreleriň syýasy-guramaçylyk taýdan üpjün edilmegine uly goşant goşýan syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýerli wekilçilikli döwlet hem-de ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň bilelikdäki tagallalarynyň ýerine düşýändigini belläp geçmek zerurdyr. Jemgyýetçilik bilen syýasy-guramaçylyk, köpçülikleýin-düşündiriş, wagyz-nesihat işini alyp barmakda otuz ýyllyk ösüş ýolunda baý tejribe toplan Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň mundan beýläk hem öň hatarlarda boljakdygyna ynanýaryn.

Hormatly partiýa agzalary!

Sizi Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilmeginiň 30 ýyllyk şanly baýramy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Demokratik partiýanyň işgärlerine we agzalaryna geljekde-de eziz Diýarymyzyň rowaçlygy, türkmen döwletiniň şan-şöhratynyň Ýer ýüzünde has belende galmagy, ýurdumyzda demokratik ösüş babatda amala aşyrylýan özgertmelere goşant goşmak ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin.


Türkmenistanyň Prezidenti 

Gurbanguly Berdimuhamedow.

Soňky habarlar
08.11
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna
08.11
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
07.11
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş sapary tamamlandy
07.11
Türkmenistanyň Prezidenti ABŞ-nyň Kongresiniň wekilleri bilen duşuşdy
07.11
Türkmenistanyň Prezidenti «Nicklaus Сompanies» kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşdy
07.11
Türkmen we amerikan işewürleri özara gatnaşyklaryň täze mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
07.11
«C5+1» formatynyň döredilmeginiň 10 ýyllygy mynasybetli işewürlik maslahaty
06.11
Ýangyç-energetika toplumy — ykdysady ösüşiň binýady
06.11
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz öňde boljak şanly seneleri dabaralandyrmak boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň nobatdaky mejlisini geçirdi
06.11
Türkmenistan Owganystana ynsanperwerlik kömegini iberdi
top-arrow