Baş sahypa
\
Medeniýet
\
Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanyna döredijilik sowgady
Medeniýet
Watanymyzyň Bitaraplygynyň şanyna döredijilik sowgady
Çap edildi 12.12.2021
3170

Şu gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygy mynasybetli sungat ussatlarynyň baýramçylyk konserti boldy.

Medeni diplomatiýa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän oňyn Bitaraplyk syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Ol halklaryň arasynda parahatçylyk, özara düşünişmek, hormat goýmak esasynda dostlukly gatnaşyklaryň ösdürilmeginde möhüm orna eýedir.

Ählumumy parahatçylygyň bähbidine dostluk we ylalaşyklylyk ýörelgeleri konsert maksatnamasynyň özenini düzdi. Onda belli aýdymçylardyr sazandalar, ýurdumyzyň tans we folklor toparlarynyň hem-de sungat dünýäsine täze gadam basan ýaş zehinleriň ýerine ýetirmeginde dürli halklaryň aýdym-sazlary ýaňlandy. Ýokary çeperçilikde ýerine ýetirilen tanslar tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly watançylyk aýdymy bilen baýramçylyk konserti açyldy. Döwlet simfoniki orkestriniň hem-de aýdymçylaryň ýerine ýetiren bu aýdymynda türkmenistanlylaryň eziz Watanymyza — parahatçylyk söýüji hem-de dörediji Liderimiziň baştutanlygynda röwşen geljege tarap okgunly öňe barýan ýurdumyza bolan belent buýsanç duýgulary beýan edilýär. Tamamlanyp barýan bu ýyl hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Milletler Bileleşigi tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edildi. Munuň özi ýurdumyzyň amala aşyrýan daşary syýasat ugrunyň netijeliliginiň, Garaşsyz Watanymyzyň barha artýan abraýynyň aýdyň güwäsidir.

Ýokary ruhubelentlik ýagdaýynda başlanan hem-de aýdym-saz sungatynyň dürli ugurlaryny öz içine alýan baýramçylyk konserti milli Liderimiziň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” kitabynyň ady bilen utgaşýan daşary ýurt nusgawy sazlary bilen dowam etdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu kitabynda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda biz türkmen döwletiniň Bitaraplyk syýasatynyň amala aşyrylmagyny halkymyzyň parasatly ýörelgeleri bilen baglanyşdyrýarys, ol biziň sungatymyzda doly derejede beýan edilýär. Köpöwüşginli çykyş ýurtlar we yklymlar boýunça özboluşly sungat syýahatyna öwrüldi.

Şeýle hem baýramçylyk konsertinde meşhur halk we häzirki zaman milli hem-de daşary ýurt aýdymlary ýaňlandy, dünýäniň şäherleriniň ajaýyp künjeklerinden düşürilen wideoşekilleriň sahnada görkezilmegi olara üýtgeşik öwüşgin çaýdy.

“Asudalygyň ganatynda” atly tansly kompozisiýa konserte aýratyn ruhubelentlik berdi, onuň başynda dünýä sazlaşygyny hem-de gözelligini wasp edýän çykyş görkezildi. Biziň dünýämizi alamatlandyrýan özboluşly halka bu çykyşyň täsin aýratynlyklary bolup, ýaş sirk artisti ak kepderiniň keşbinde sahnada ganat ýaýdy. Ak kepderiler onuň berýän buýruklaryny birkemsiz berjaý edip, göwün göteriji täsin ýagdaýy emele getirdiler.

Bu çykyş parahatçylygyň nyşany bolan ak kepderiniň keşbine giren tansçylaryň goşulmagynda dowam etdirildi. Adamlaryň haýsy dilde gürleýändigine, haýsy aýdymlary aýdýandyklaryna garamazdan, biziň ählimizi asuda asmanyň hem-de umumy öýümiziň — Ýer togalagynyň birleşdirýändigi baradaky pikir çykyşyň özenini düzdi.

Soňra sahnada birleşen folklor toparlary peýda boldy. Dünýäniň dürli halklarynyň lybaslaryna beslenen artistler joşgunly lezginka we gopak, polka we mazurka, tango hem-de beýleki tanslary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Bu çykyş sungatyň jebisleşdiriji güýjüni beýan edýän bilelikdäki tans bilen tamamlandy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşgusyna we sazyna döredilen “Kalbymda sen” aýdymy baýramçylyk konsertiniň aýratyn bezegine öwrüldi. Bu eser goşgy setirleriniň hem-de ýürekden çykýan mukamyň täsin sazlaşygy bolup, iň röwşen we hoşniýetli duýgulary oýarýar.

Hormatly Prezidentimiz “Ile döwlet geler bolsa” atly kitabynda şeýle belleýär: “Ilki mekdep, soňra talyplyk ýyllarymda men saz bilen aramy üzmeýärdim. Aýdym aýtmak, dutardyr akkordeon çalmak meniň öňümde sungatyň täsin, ajaýyp dünýäsini açýardy. Saz bilen meşgullanmak okuwdan ünsümi sowmaýardy, tersine, täze bilimleri ele almagyma itergi berýärdi, şahsyýet hökmünde kämilleşmegime ýardam edýärdi, durmuşa bolan işjeň garaýşa hem islendik işe döredijilikli çemeleşmekligime kömek berýärdi”.

Soňra ýerine ýetirilen türkmen aýdym-sazlary konserte milli öwüşgin çaýdy. “Başym gurban bolsun Arkadagyma!” atly sazly tans çykyşy, şeýle hem “Arkadagly, toýly Watan”, “Gahryman Siz, Arkadag!”, “Arkadagym” aýdymlary döwlet Baştutanymyza çäksiz hoşallyk duýgularynyň ajaýyp beýanyna öwrüldi, olarda milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Watanymyzyň abadançylygyna, halkymyzyň bagtyýar durmuşyna gönükdirilen döwletli tutumlary wasp edilýär.

Beýik türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgusyna döredilen “Türkmeniň” atly aýdym tutuş konserte aýratyn many-mazmun berdi. Meşhur şahyryň ýurdumyzyň Garaşsyzlygy, halkymyzyň agzybirligi baradaky arzuw-hyýallary Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hasyl boldy.

Belli türkmen aýdymçylarynyň ýerine ýetirmeginde söýgi, daşymyzy gurşap alýan tebigatyň gözelligi baradaky aýdymlar portugal, hytaý, rus, fransuz, arap, azerbaýjan, türk, gyrgyz, italýan, täjik, hindi, iňlis, gazak, pars, nemes we ispan dillerinde ýaňlandy. Köpöwüşginli aýdym we tans çykyşlarynda parahatçylykda, dostlukda ýaşamak arzuwlary bilen birleşen dürli halklaryň örän baý we özboluşly däp-dessurlary şöhlelendirilýär.

Baýramçylyk konserti milli we umumadamzat medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýan “Küştdepdi” tansy bilen tamamlandy. Konsertiň ahyrynda ýaňlanan “Dünýä dursun parahat!” diýen aýdym parahatçylyk söýüjilik, dostluk we döredijilik ýörelgeleriniň waspy boldy, ony aýdymçylar hem-de döwlet konsertine gatnaşyjylaryň ählisi bilelikde ýerine ýetirdiler.

Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk çäreleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde hem geçirildi.

Soňky habarlar
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Bütindünýä Syýahatçylyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Halkara we Aziýanyň tennis federasiýalarynyň ýolbaşçylaryny kabul etdi
27.03
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşyna gatnaşdy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Änew şäherindäki täze metjidiň açylyşy mynasybetli çykyşy
27.03
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Koreýa Respublikasynyň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşygy
27.03
Türkmenistanda Wenesuela Boliwarian Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
27.03
Daşoguzly ekerançylar gowaça ekişine girişdiler
27.03
Gadymy Änew medeniýeti — adamzadyň gymmatly mirasy
top-arrow