Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretaryny kabul etdi
Çap edildi 11.12.2021
2508

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli geçirilýän wekilçilikli foruma gatnaşmak üçin Aşgabada gelen Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Dýusen Kaseinowy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we tutuş halkymyzy her ýylyň 12-nji dekabrynda bellenilýän Halkara Bitaraplyk güni we ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 26 ýyllygy bilen gutlady hem-de milli Liderimize berk jan saglyk, abadançylyk, köptaraply döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Dýusen Kaseinow Türkmenistanyň Garaşsyz, Bitarap ösüş döwründe gazanan üstünlikleriniň we ýurdumyzyň medeni diplomatiýa boýunça ýeten derejesiniň ähmiýeti barada aýdyp, türkmen halkynyň baý özboluşly däpleriniň täze taryhy eýýamda saklanylmagyna, milletiň medeni mirasynyň öwrenilmegine we giňden wagyz edilmegine gönükdirilen ägirt uly tagallalary edýän döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan işleriniň ähmiýetlidigini aýratyn nygtady.

Ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, guramanyň ýolbaşçysy TÜRKSOÝ-nyň işine goldaw berýändigi we halklaryň medeni taýdan ýakynlaşmagyna goşýan goşandy üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk sözlerini beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin guramanyň ýolbaşçysyna minnetdarlyk bildirip, ýurtlaryň arasyndaky medeni gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz TÜRKSOÝ bilen dünýäde türki dilli halklaryň umumadamzat medeni hazynasynyň möhüm bölegi bolan baý medeni mirasynyň saklanylmagyna, öwrenilmegine we dünýäde wagyz edilmegine gönükdirilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we myhman hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar hem-de medeniýet we sungat ugurlaryndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň, döredijilik babatda tejribe alşylmagynyň bähbitlidigini bellediler. Hususan-da, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine görülýän taýýarlyk işlerine möhüm üns berildi.

Döwlet Baştutanymyz we myhman beýik söz ussadynyň döredijilik mirasynyň, ynsanperwerlik ýörelgelerine ýugrulan eserleriniň diňe bir türki dilli halklaryň däl, eýsem, tutuş adamzadyň söýgüsine mynasypdygyny, onuň eserleriniň ýaşlaryň arasynda giňden wagyz edilmeginiň zerurdygyny bellediler.

Guramanyň ýolbaşçysy “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” ady bilen geçirilýän halkara maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi we bu wekilçilikli forumyň häzirki döwrüň wajyp meselelerini çözmekde ähmiýetlidigini nygtady.

Ählumumy parahatçylyk we howpsuzlyk syýasatyny alyp barmakda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň eýeleýän orny ýurdumyzyň abraýynyň belende galmagyny şertlendirdi. BMG-niň 2021-nji ýyly hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi munuň aýdyň beýanydyr diýip, TÜRKSOÝ-nyň ýolbaşçysy belledi.

Dünýä möçberli waka öwrülen bu gezekki maslahatyň üstünlikli geçirilmegi türkmen döwletiniň sebitleýin we ählumumy möçberde dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam berýän we Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasatynyň ähmiýetlidigini we onuň işjeň häsiýete eýedigini tassyklady diýip, Dýusen Kaseinow belledi. Şeýle hem guramanyň ýolbaşçysy milli Liderimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty amala aşyrmaga, ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň üpjün edilmegine mynasyp goşandynyň bardygyny nygtady.

Milli Liderimiz oňyn Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasaty amala aşyrmagyň çäklerinde Türkmenistanyň mundan beýläk-de sebit we ählumumy möçberdäki ynsanperwer gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine goldaw berjekdigini aýtdy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretary sebitiň halklaryny baglanyşdyrýan bu guramanyň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň umumy türki medeniýetiň dünýä medeni giňişligine mundan beýläk-de netijeli goşulyşmagyny üpjün etjekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow