Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
Çap edildi 11.12.2021
1434

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýewi kabul etdi.

Myhman wagt tapyp duşuşandygy hem-de ählumumy howpsuzlygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmek maksady bilen, parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak ýaly häzirki döwrüň möhüm meselelerine bagyşlanan halkara maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin milli Liderimize hoşallyk bildirdi. Şunlukda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşynda bu ugur boýunça öňe süren başlangyçlarynyň ähmiýetlidigi bellenildi we ol foruma gatnaşyjylar tarapyndan biragyzdan goldanyldy.

Maslahatyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigini aýratyn belläp, jenap Bagdad Amreýew döwlet Baştutanymyzy Halkara Bitaraplyk güni bilen tüýs ýürekden gutlap, döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, Türkmenistanyň dünýä giňişligindäki abraýynyň barha belende galmagyny şertlendirýän giň gerimli işlerinde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasaty durmuşa geçirýän ýurdumyzyň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen dostlukly we netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegini ugur edinýändigini aýtdy. Türkmenistan halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde netijeli hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürýär. Olaryň hatarynda şu ýylyň noýabr aýynda ýurdumyzyň synçy hökmünde goşulyşan Türki Döwletleriň Guramasy hem bar.

Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz we myhman Türkmenistan bilen bu guramanyň hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze tapgyrynyň başlanandygyny alamatlandyran bu forumyň ähmiýetini bellediler.

Gatnaşyklaryň geljekki ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň dowamynda özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary artdyrmak, işewür we maýa goýum işjeňligini höweslendirmek, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin köpugurly mümkinçilikleriň bardygy nygtaldy. Ulag we logistika, energetika, ekologiýa, täzeçil tehnologiýalary ornaşdyrmak we beýleki ugurlar hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitlenildi.

Jenap Bagdad Amreýewiň belleýşi ýaly, türkmen Lideriniň aýdan gymmatly teklipleri Türki Döwletleriň Guramasynyň Sekretariatynda göz öňünde tutulýar we olary durmuşa geçirmek boýunça türkmen tarapy bilen bilelikde tagalla ediler.

Şol bir wagtyň özünde taryhy kökleri, medeni we ruhy gymmatlyklary müňýyllyklaryň jümmüşine tarap uzap gidýän umumylyklaryň, türki dilli döwletleriň doganlyk halklaryny baglanyşdyrýan däp bolan ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, geljek üç ýylyň dowamynda tutuş türki dünýäde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymgulynyň 300 ýyllyk baýramyny geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 12-nji noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň Stambulda geçirilen sammitinde öňe süren medeni hyzmatdaşlyk boýunça başlangyçlary maslahata gatnaşyjylar tarapyndan uly goldawa eýe boldy.

Häzirki döwürde guramanyň Sekretariaty degişli maksatnamanyň üstünde işleýär. Onda köp sanly çäreler, hususan-da, halkara ähmiýetli maslahatlar, dürli neşirleriň çap edilmegi, ylmy barlaglar göz öňünde tutulýar. Şeýle hem türki dünýäniň ýurtlarynyň paýtagtlarynda Magtymgulynyň ýadygärligini oturtmak, uly şäherleriň köçelerine beýik şahyryň adyny dakmak meýilleşdirilýär. Türkmenistanyň Hökümeti bilen bilelikde guramanyň Sekretariaty bu ugurda has giň möçberde iş alyp barar.

Umuman, bar bolan mümkinçilikleriň netijeli amala aşyrylmagy sebitiň ýurtlarynyň abadançylygynyň üpjün edilmegine bolşy ýaly, ählumumy möçberde Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam berer. Bu bolsa dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň berkidilmegine mynasyp goşant bolar.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we myhman Türkmenistan bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň arasyndaky netijeli hyzmatdaşlygyň täze anyk mazmun bilen üstüniň ýetirilip, mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow