Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretaryny kabul etdi
Çap edildi 11.12.2021
2198

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Husraw Nozirini kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi hem-de “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahata gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Jenap Husraw Noziri milli Liderimizi Halkara Bitaraplyk güni, şeýle hem parahatçylyga we ynanyşmaga bagyşlanan halkara ähmiýetli forumyň uly üstünliklere beslenmegi bilen gutlap, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň türkmen Lideriniň parahatçylyk söýüjilikli we ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň berkidilmegine ýardam berýän daşary syýasatyny hemmetaraplaýyn goldaýandygyny, bu baýramyň hem türkmen diplomatiýasynyň dünýä giňişliginde dabaralanýandygyny aňladýandygyny nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gutlaglar we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, abraýly halkara ykdysady düzümiň ýolbaşçysyny türkmen topragynda görýändigine örän şatdygyny aýtdy we bu guramanyň dünýäniň halklarynyň abadançylygynyň, rowaçlygynyň, sebitde parahatçylygyň we gülläp ösüşiň üpjün edilmegine gönükdirilen bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goldaw berýändigini aýratyn belledi. Döwlet Baştutanymyz Bitarap döwletimiziň ähli gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlar, sebitara we halkara guramalar, şol sanda YHG bilen giň hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň şu ýylda bu gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde YHG-ä gatnaşyjy döwletleriň arasynda netijeli sebitara gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmegi şertlendirýän ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary we onuň esasy tapgyrlary boýunça pikir alyşmalar boldy. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän, şol sanda YHG-nyň 15-nji sammitinde beýan eden we sebitara, halkara ykdysady gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň deňeçer çözgüdiniň işlenip taýýarlanylmagyna gönükdirilen başlangyçlarynyň wajypdygy hem-de derwaýysdygy bellenildi.

Şeýle hem sebit üçin birnäçe möhüm ugurlarda, hususan-da, söwda-ykdysady, senagat pudaklarynda, täzeçil we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmakda, maýa goýum babatda köptaraply hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň başlangyjy boýunça üstünlikli durmuşa geçirilýän halkara ähmiýetli taslamalar ýurduň oňyn Bitaraplyk derejesine esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu gezekki forumyň öz derwaýyslygyny tassyklandygyny we hemmetaraplaýyn ösüş, häzirki döwürde ählumumy abadançylygyň, rowaçlygyň bähbidine netijeli halkara hyzmatdaşlygy berkitmek we giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny belledi.

Abraýly halkara guramanyň ýolbaşçysy netijeli gatnaşyklary ösdürmäge we ony täze anyk mazmun bilen baýlaşdyrmaga yzygiderli goldaw berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk bildirip, tutuş adamzadyň Merkezi Aziýada möhüm orun eýeleýän Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli syýasatyny we onuň öňe sürýän wajyp halkara başlangyçlaryny hemmetaraplaýyn goldaýandygyny nygtady. Bu gezekki forumyň ähmiýetini belläp, jenap Husraw Noziri onuň özara gyzyklanma bildirilýän gatnaşyklaryň işjeňleşdirilmegine, parahatçylygyň, ynanyşmagyň berkidilmegine, ählumumy howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gazanýan üstünliklerine ýokary baha berýändigini belledi we giň möçberli özgertmeler ýoly bilen ynamly gadam urýan türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Soňky habarlar
06.05
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
06.05
Prokurorlary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
06.05
Türkmenistanyň Prezidenti “Ýaşlyk” teleradioýaýlymyna täze ýolbaşçy belledi
06.05
Ýeňiş gününiň hormatyna
05.05
2026-njy ýylyň apreli: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
05.05
Haj parzyny berjaý etmek üçin 289 zyýaratçyny Saud Arabystany Patyşalygyna ibermek bellenildi
05.05
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň 2026-njy ýyldaky 4-nji sany okyjylara gowuşdy
04.05
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
04.05
Uruş weteranlaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşurylar
04.05
Türkmenistanda 2026-njy ýylda galla oragyny guramaçylykly geçirmek boýunça döwlet topary döredildi
top-arrow