Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň maslahaty
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň maslahaty
Çap edildi 05.12.2021
950

4-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň sanly ulgam arkaly altynjy çagyrylyşynyň on altynjy maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnama laýyklykda işlenilip taýýarlanylan birnäçe kanunlara we kadalaşdyryjy hukuk namalaryna garaldy hem-de kabul edildi.

Maslahata birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

Deputatlaryň garamagyna “Durmuş hyzmatlary hakynda”, “Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda”, “Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda” Kanunlaryň hem-de hereket edýän kanunçylygy kämilleşdirmäge degişli Kanunlaryň taslamalary hödürlenildi.

Deputatlar aýry-aýry adamlara durmuş hyzmatlaryny ýerine ýetirmegiň hukuk, guramaçylyk we ykdysady esaslaryny kesgitleýän “Durmuş hyzmatlary hakynda” Kanunyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşanlarynda, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan durmuş ugurly syýasatyny amala aşyrmak boýunça ýurdumyzda görülýän uly çärelere ünsi çekdiler. Şol syýasatyň baş maksady mähriban halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün etmekden ybaratdyr.

Täze Kanunyň taslamasynda durmuş hyzmaty düşünjesine kesgitleme berilýär hem-de mazmuny açylyp görkezilýär. Ol aýry-aýry adamlaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak, öz şahsy isleglerini özbaşdak üpjün etmek mümkinçiligini giňeltmek maksady bilen görülýän toplumlaýyn çäreleri hem-de hereketleri göz öňünde tutýar.

“Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek hakynda” Kanunyň taslamasy ara alyp maslahatlaşylanda hem gyzyklanma bildirilen pikir alyşmalar boldy. Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, häzir döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, ilaty sagdyn durmuş ýörelgelerine işjeň çekmek boýunça başy başlanan giň gerimli maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar. Türkmenistan ýokanç däl keselleriň öňüni almak baradaky meseleleri çözmekde aýratyn jogapkärçilik görkezýär hem-de bu ugurda uly üstünlikleri gazandy. Munuň şeýledigine ýokanç däl keselleriň öňüni almaga goşan ajaýyp goşandy üçin Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň ýurdumyza gowşuran güwänamasy şaýatlyk edýär.

Deputatlar bu Kanunyň taslamasynyň ýokanç däl keselleriň öňüni almagyň hem-de olara garşy göreşmegiň hukuk, guramaçylyk, ykdysady we durmuş esaslaryny kesgitleýändigini hem-de halkymyzyň saglygyna gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri amala aşyrmak üçin zerur bolan oňyn şertleri üpjün etmäge ýardam berjekdigini nygtadylar.

Soňra “Aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy Milli Geňeşiň Mejlisiniň deputatlarynyň ara alyp maslahatlaşmagyna hödürlenildi. Ol aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak, aw serişdelerini dikeltmek hem-de durnukly peýdalanmak babatdaky işleriň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýär, bu ulgamda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýär. Bu resminama ýurdumyzyň alyp barýan ekologiýa syýasatyna laýyklykda garalýandygy hem-de onuň aw baýlyklaryny oýlanyşykly peýdalanmaga, awçylyga aňly-düşünjeli çemeleşmäge gönükdirilendigi bellenildi.

Şeýle hem “Türkmenistanyň Raýat iş ýörediş kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Administratiw hukuk bozulmalary hakynda kodeksine üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Kazyýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaça girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň Howa kodeksine üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler girizmek hakynda”, “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi Kanunyna üýtgetmeler girizmek hakynda», “Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emläge degişli başga obýektleriň paýly gurluşygy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda”, “Maglumat we ony goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetme we goşmaçalar girizmek hakynda” Kanunlaryň taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň nobatdaky maslahatyna girizilen kanunçylyk namalarynyň taslamalary biragyzdan makullanyldy we kabul edildi.

Maslahatyň ahyrynda deputatlar bu hukuk resminamalarynyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň hereket edýän kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan giň gerimli durmuş-ykdysady hem-de demokratik özgertmeleri amala aşyrmak üçin zerur bolan şertleri üpjün etjekdigine ynam bildirdiler. Şol özgertmeler ata Watanymyzyň durmuşynyň dürli ulgamlaryny yzygiderli ösdürmäge gönükdirilendir.

Soňky habarlar
17.01
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
17.01
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň 54-si hasaba alyndy
16.01
Türkmenistanyň döredijilik we parahatçylyk söýüjilik kuwwatynyň artmagy Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň esasydyr
15.01
Türkmenistana Owganystanyň wekiliýeti sapar bilen geldi
14.01
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
14.01
Ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gulluk iş saparynda bolar