Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “ARETI” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 25.10.2016
1373

Aşgabat, 25-nji oktýabr (TDH). Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýanyň “ARETI” kompaniýasynyň ýobaşçysy Igor Makarowy kabul etdi. Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyzy ýakynlaşyp gelýän umumymilli baýram--Garaşsyzlygymyzyň 25 ýyllygy bilen gutlady hem-de bütin türkmen halkyna abadançylyk we gülläp ösüş baradaky arzuwlaryny aýtdy. Işewüriň nygtaýşy ýaly, “ARETI” kompaniýasy döredijilikli içeri we daşary syýasatyny yzygiderli amala aşyrýan, depginli ösýän Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýändigine tüýs ýürekden buýsanýar. Milli Liderimiz gutlaglary we hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, dünýä işewürliginiň, şol sanda rus işewürliginiň öňdebaryjy wekilleri bilen özara bähbitli işewür gatnaşyklar üçin ýurdumyzyň hemişe açykdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda iň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak we daşary ýurtly hünärmenleriň öňdebaryjy tejribelerini peýdalanmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýändigini nygtap, “ARETI” kompaniýasynyň ýurdumyzda özüni ygtybarly işewür hyzmatdaşlaryň biri hökmünde görkezendigini kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda, “ARETI”-niň ýolbaşçysy ösdürilmegine Türkmenistanyň ilkinji derejeli ähmiýet berilýän nebitgaz pudagyny we gurluşygy nazara almak bilen, ýurtda durmuşa geçirilýän iri möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde dürli ugurlar boýunça geljegi uly bilelikdäki taslamalary ýerine ýetirmek üçin kompaniýanyň ähli kuwwatyny hödürlemäge gyzyklanma bildirýändigini beýan etdi. Pikir alyşmalaryň barşynda ýakyn geljekde, şol sanda sport düzümlerini kemala getirmek ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Igor Makarow ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň Türkmenistan bilen özara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge örän uly gyzyklanma bildirýändigini nygtap, türkmen bazarynda bolmagyny giňeltmek meýillerini tassyklady. Şunuň bilen baglylykda, işewür “ARETI” kompaniýasynyň hyzmatdaşlyk borçnamalaryny berjaý etmäge hemişe örän jogapkärli çemeleşjekdigini nygtady. Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we “ARETI” kompaniýasynyň baştutany birek-birege iň oňat arzuwlaryny aýdyp, özara hereket etmegiň köpýyllaryň dowamynda toplanan oňyn tejribesi nazarda tutulyp ýola goýulýan netijeli hyzmatdaşlygyň dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
27.09
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ähli halkyna
27.09
Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Serdar Berdimuhamedowa
27.09
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
27.09
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň adyna gelen hat
26.09
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
26.09
Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramyna bagyşlanan aýdym-sazly dabara
26.09
Ynsanperwer ýörelgeler rowaç alýar
25.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.09
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Gurbangulyýewiç BERDIMUHAMEDOWA «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşyja» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny gowşurmak hakynda
25.09
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
top-arrow