Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.
Iş maslahatynda ýurdumyzyň sebitlerini, paýtagtymyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişi, paýtagtymyzda abadançylyk we döwrebaplaşdyrylyş işleriniň alnyp barlyşy, şeýle hem öňde boljak şanly seneleri mynasyp derejede garşylamak bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda, ilki bilen, ýurdumyzyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowa çykyş etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň yzygiderli tagallasy netijesinde, ýurdumyzda halkara hyzmatdaşlyk ösüşiň täze derejesine çykdy. Şeýlelikde, Milli Geňeşiň Mejlisinde dünýä döwletleriniň parlamentleri bilen özara gatnaşyklary ýola goýmak we ösdürmek ugrunda zerur işler alnyp barylýar. Milli Geňeşiň Mejlisiniň wekiliýeti GDA gatnaşyjy döwletleriň parlamentara assambleýasynyň 53-nji mejlisine gatnaşdy. Russiýa Federasiýasyna bolan saparyň dowamynda Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak, netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli zerur mümkinçilikleri döredýändigi barada aýdyldy.
Bellenilişi ýaly, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmäge we bu ugurda alnyp barylýan işlere ýurdumyzyň goşandy uludyr. Şunuň bilen baglylykda, dürli ulgamlarda halkara hyzmatdaşlyga, häzirki zamanyň ösen tejribesini, sanly ulgamy özleşdirmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.
Şeýle hem Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam berjek parlamentara forumy Türkmenistanda geçirmek bilen bagly pikir alyşmalaryň bolandygyny habar berdi.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda durmuşa geçirilýän döwrebap işlere, bu ugurda gazanylýan üstünliklere we milli Liderimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlaryna Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy tarapyndan ýokary baha berilýändigi hem aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Bitarap döwlet hökmünde ähli gyzyklanma bildirýän ýurtlar, şol sanda abraýly halkara guramalar bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň, parlamentara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly ähmiýet berýändigini aýtdy hem-de bu babatda ýurdumyzda ähli zerur mümkinçilikleriň döredilýändigine ünsi çekdi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisinde parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, kanun çykaryjylyk işiniň öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmak we milli ykdysadyýetimiziň dürli ugurlarynda gazanylýan üstünlikleri, toplanan oňyn tejribäni dünýä jemgyýetçiligine ýaýmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz parlamentara forumy Türkmenistanda geçirmek baradaky teklibi makullap, bu çäräniň guramaçylyk işlerini talabalaýyk ýola goýmagyň zerurdygyna ünsi çekdi hem-de birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow we Aşgabat şäheriniň häkimi R.Gandymow çagyryldy.
Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde häzirki döwürde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Mundan başga-da, paýtagtymyzda Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat berildi.
Milli Liderimiz hasabaty diňläp, häzirki döwürde ýurdumyzda alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginlerini ýokarlandyrmak, olaryň bellenilen möhletlerde ulanylmaga berilmegini we gurluşykda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegini, ýurdumyzda, şol sanda paýtagtymyzda elektrik energiýasynyň bökdençsizligini ýola goýmak meselelerini berk gözegçilikde saklamak babatda tabşyryklary berdi.
Aşgabat şäheriniň häkimi şu günler paýtagtymyzyň arassaçylyk we abadançylyk derejesini ýokarlandyrmak, öňde boljak şanly seneleri, şol sanda Halkara Bitaraplyk gününi, Täze ýyl baýramyny mynasyp derejede dabaralandyrmak, olar mynasybetli medeni çäreleri guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabady mundan beýläk-de ösdürmek boýunça wezipeleri çözmäge oýlanyşykly, onuň ösüşiniň geljekki ugurlaryny nazara alyp, toplumlaýyn çemeleşilmelidigini belledi. Şunda medeni çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi üpjün edilmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we bu babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Milli Liderimiz wise-premýere we häkime ýüzlenip, Täze ýyl mynasybetli geçirilýän baýramçylyk dabaralarynda häzirki zaman yşyklandyryş ulgamynyň, innowasion tehnologiýalaryň, täzeçil usullaryň we döwrebap serişdeleriň netijeli ulanylmagy, şeýlelikde, bezeg işleriniň döwrüň talabyna laýyk derejede guralmagy bilen baglanyşykly meselelere, oňyn tejribeler esasynda çemeleşmegi tabşyrdy.
Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary E.Orazgeldiýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda dowam etdi.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi Ý.Gurbanow häzirki döwürde welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk geçirmek boýunça görülýän çäreler, şeýle hem welaýatyň ilatynyň durmuş üpjünçiligini yzygiderli ýokarlandyrmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.
Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda, aýratyn-da, güýzlük bugdaý ekilen ýerlerde agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg işleri alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, ýerleriň hasyllylygyny artdyrmak, ýer we suw serişdelerinden netijeli peýdalanmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär.
Bellenilişi ýaly, welaýatyň etraplarynda ýerleri täze ýylyň ýaz ekişine taýýarlamak, oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak işlerini çaltlandyrmak meselelerine örän jogapkärçilikli we hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilýär.
Hasabatyň çäklerinde welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň ýagdaýy we olaryň depginlerini güýçlendirmek ugrunda görülýän toplumlaýyn çäreler barada hem aýdyldy.
Eziz Diýarymyzda giňden dabaralandyrylýan Halkara Bitaraplyk güni we Täze ýyl baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň şatlyk-şowhuna beslenmegi ugrunda zerur tagallalar edilýär.
Döwlet Baştutanymyz sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatyna şol bir wagtda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowany çagyrdy. Wise-premýer öňde boljak şanly seneleri mynasyp derejede garşylamak boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli taýýarlyk işleri, Halkara Bitaraplyk gününiň we Täze ýyl baýramynyň medeni maksatnamalary barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere we welaýatlaryň häkimlerine ýüzlenip, Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi. Şeýle hem milli Liderimiz welaýatlaryň “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki meýdançalarda belent başly Täze ýyl arçalaryny oturdyp, onuň çäklerinde baýramçylyk dabaralaryny mynasyp derejede guramagy tabşyrdy. Hemmeleriň sabyrsyzlyk bilen garşylaýan Täze ýyl baýramy şatlykly wakalara, ýatda galyjy pursatlara beslenmelidir.
Aýratyn-da, hormatly Prezidentimiz baýramçylyk çärelerinde ösüp gelýän ýaş nesiller üçin medeni maksatnamanyň taýýarlanylmalydygyny belläp, Täze ýyl baýramynyň geçirilýän meýdançalarynyň bezeg aýratynlyklaryna, olaryň yşyklandyryş ulgamyna möhüm ähmiýet berilmelidigini aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi.
Soňra Balkan welaýatynyň häkimi T.Atahallyýew sebitiň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Ýetişdirilen “ak altynyň” soňky hanasyna çenli ýitgisiz ýygnap almak ugrunda zerur işler geçirilýär. Şeýle hem ýygnalan pagta hasylynyň talabalaýyk saklanylmagyna, onuň ýokary hilli gaýtadan işlenilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Mundan başga-da, ýurdumyzda ilaty zerur önümler bilen doly üpjün etmek, güýzlük ýeralmany, gök we beýleki ekinleri bellenilen möhletlerde ýygnap almak işleri dowam edýär.
Häkim welaýatda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» we Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan işler, şeýle hem milli Liderimiziň tabşyrygyna laýyklykda, şu ýyl üçin meýilleşdirilen ähli işleri öz wagtynda we ýokary hilli berjaý etmek ugrunda edilýän tagallalar barada hasabat berdi.
Hasabatda Halkara Bitaraplyk gününi, Täze ýyl baýramyny ajaýyp zähmet sowgatlary bilen mynasyp garşylamak ugrunda görülýän çäreler barada hem aýdyldy.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda Daşoguz welaýatynyň häkimi N.Nazarmyradow demirgazyk sebitiň gowaça meýdanlarynda tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi. Ýetişdirilen pagta hasylyny doly möçberde we ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur tagallalar edilýär. Şeýle hem gaýtadan işleýän kärhanalaryň işini bökdençsiz ýola goýmak häzirki döwrüň möhüm wezipesi bolup durýar.
Şol bir wagtyň özünde güýzlük bugdaýa agrotehniki kadalara laýyk derejede ideg etmek, beýleki möwsümleýin oba hojalyk işlerini talabalaýyk alyp barmak meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen şalynyň, ýeralmanyň hem-de beýleki oba hojalyk ekinleriniň bereketli hasylyny doly ýygnap almak boýunça geçirilýän çäreler barada hasabat berildi.
Mundan başga-da, geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak boýunça işleriň geçirilişi, ähli oba hojalyk tehnikalaryny we gurallaryny abatlap, ekiş möwsümine doly taýýarlamak işleriniň talabalaýyk alnyp barylýandygy barada habar berildi. Ýetip gelýän Halkara Bitaraplyk güni hem-de Täze ýyl baýramy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň medeni maksatnamasyny degişli derejede taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.
Sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahaty Lebap welaýatynyň häkimi Ş.Amangeldiýewiň hasabaty bilen dowam etdi. Häkim şu günler welaýatda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, meýdanlarda galan pagta hasylyny doly ýygnap almak, şeýle hem güýzlük bugdaýa edilýän idegi talabalaýyk ýola goýmak ugrunda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak hem-de ilaty zerur önümler bilen bolelin üpjün etmek maksadyndan ugur alnyp, ýetişdirilen güýzlük ýeralmany, beýleki oba hojalyk önümlerini ýygnamak işleri dowam edýär.
Şeýle hem «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» hem-de Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde şu ýyl üçin kesgitlenen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.
Häkim önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň gurluşyk depginini artdyrmak boýunça işleriň barşy hakynda hem hasabat berdi. Şol desgalarda işler ähli bildirilýän talaplary nazara almak bilen geçirilýär. Şeýle-de Halkara Bitaraplyk gününe taýýarlyk görmek hem-de Täze ýyl baýramyny Lebap welaýatynda, şol sanda onuň etraplarynda mynasyp garşylamak boýunça geçirilýän işler barada habar berildi.
Soňra Mary welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew şu günler möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, şol sanda gowaça meýdanlaryndaky pagtany ýitgisiz ýygnamak hem-de pagta arassalaýjy kärhanalaryň işini talabalaýyk guramak, güýzlük bugdaýa degişli derejede ideg etmek boýunça ýaýbaňlandyrylan giň möçberli çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim welaýatyň ilatynyň azyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, ýeralmanyň we beýleki gök ekinleriň hasylyny ýygnap almak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak işlerine möhüm ähmiýet berilýär.
Oba milli maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, dürli maksatly desgalardaky we binalardaky gurluşyk işleriniň depginini ýokarlandyrmak ugrunda ähli tagallalar edilýär.
Häkim welaýatyň ähli künjeklerinde Halkara Bitaraplyk gününe hem-de Täze ýyl baýramyna görülýän taýýarlyk işleriniň ýaýbaňlandyrylandygy barada habar berdi.
Soňra sanly ulgam arkaly geçirilýän iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek we azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer häzirki wagtda ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda galan hasyly ýitgisiz ýygnap almak işleriniň dowam edýändigini aýtdy. Şu güne çenli 1 million 269 müň 838 tonna pagta ýygnalyp, bellenilen meýilnama 101,59 göterim berjaý edildi. Şeýle hem ýurdumyzyň ähli sebitlerinde tabşyrylan pagta hasyly üçin daýhanlar bilen hasaplaşyk işleri geçirilýär.
Şonuň ýaly-da, ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak maksady bilen, güýzki gök ekinleri ýygnamak, olary sowadyjy ammarlarda kada laýyk saklamak we ilata öz wagtynda ýetirmek babatda zerur işler alnyp barylýar. Mundan başga-da, täze ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň döwrüň talabyna laýyk derejede ýola goýulmalydygyny, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan düýpli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine hemmetaraplaýyn esasda çemeleşilmelidigini belledi.
Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz ekerançylyk işleriniň öz wagtynda we ýokary hilli, agrotehniki kadalara laýyk derejede alnyp barylmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak işlerine ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli ýerlerinde tabşyrylan pagta hasyly üçin hasaplaşyklaryň öz wagtynda we doly geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny belledi hem-de wise-premýere, welaýatlaryň häkimlerine anyk görkezmeleri berdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak işlerine hemmetaraplaýyn taýýarlyk görülmelidigini belläp, ýerleriň, oba hojalyk tehnikalarynyň taýýarlyk derejesine möhüm ähmiýet bermegi tabşyrdy. Ekiş möwsümine taýýarlyk işleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi we möwsüme hemmetaraplaýyn taýýarlykly girişilmegi geljekki bol hasylyň möhüm şerti bolup durýar.
Ýurdumyzyň bazarlaryny bakja we gök önümler bilen üpjün etmek hem-de ilatyň bu babatdaky isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, güýzlük ýeralmanyňdyr beýleki azyklyk ekinleriň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, bazarlarda azyk bolçulygyny pugtalandyrmak meseleleriniň wajypdygyna ünsi çekip, döwlet Baştutanymyz şanly seneleri mynasyp garşylamak üçin zerur tagallalaryň edilmelidigini belledi.
Milli Liderimiz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek, Oba milli maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, şeýle hem welaýatlarda şu ýyl üçin meýilleşdirilen ähli çäreleri öz wagtynda we ýokary hilli geçirmek üçin ähli zerur çäreleri görmegi tabşyrdy. Şunda dürli maksatly desgalaryň gurluşyklarynyň bellenilen möhletlerde tamamlanmagy, olarda ýokary hil derejesiniň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, Diýarymyzyň rowaçlygynyň, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.