Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Çap edildi 28.11.2021
488

27-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji sammitine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.

Iki ýurduň Prezidentleri Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşdüler.

Dostlukly döwletleriň Baştutanlary ýene-de duşuşmak we ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda halkara guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Täjik Lideri YHG-nyň sammitine gatnaşmak maksady bilen Aşgabada gelmäge iberen çakylygyna döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, mähirli kabul edilendigi, bildirilen myhmansöýerlik hem-de Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde geçirilýän bu möhüm çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin sagbolsun aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurduň Baştutany sammitiň jemleriniň sebitiň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň we rowaçlygynyň bähbidine ýola goýulýan halkara gatnaşyklaryň berkidilmegine mynasyp goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Emomali Rahmon bar bolan ägirt uly mümkinçilikleriň, geljekki meýilnamalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ugurlary boýunça pikir alşyp, ýurtlaryň ikitaraplaýyn bähbitlere, sebit we ählumumy derejedäki abadançylyk maksatlaryna kybap gelýän netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ygrarlydygyny nygtadylar.

Türkmen-täjik syýasy gatnaşyklarynda Birleşen Milletler Guramasy, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygy, Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasy ýaly abraýly halkara hem-de sebit düzümleriniň çäklerindäki ýygjam hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.

Iki döwletiň Liderleri söwda-ykdysady ulgamy hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitläp, bu ugurdaky netijeli gatnaşyklary giňeltmek, ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň mukdaryny artdyrmak üçin oňyn şertleriň bardygyny bellediler. Munuň üçin Türkmenistanda amala aşyrylýan we ykdysadyýetiň senagatlaşdyrylmagyna, degişli düzümiň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyna, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň giň görnüşlerini öndürýän, ýokary tehnologiýaly önümçilikleriň döredilmegine gönükdirilen toplumlaýyn özgertmeler netijesinde täze mümkinçilikler açylýar.

Ulag we energetika toplumy Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň esasy ugurlary bolup durýar. Şunda Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-täjik toparyna möhüm orun degişlidir. Ol iki ýurduň arasynda daşary ykdysady gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam berýär. Şeýle hem söhbetdeşler işewürlik ugry boýunça özara hereketleriň derejesiniň ýokarlandyrylmagynyň, telekeçileriň arasynda yzygiderli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň, haryt öndürijileriň bilelikdäki sergilerini, ykdysady forumlary, ykdysadyýete degişli beýleki çäreleri guramagyň zerurdygyny bellediler.

Döwlet Baştutanlary ynsanperwer ulgamdaky, ylym-bilim, medeni gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň, döredijilik we ylmy edaralaryň işgärleriniň arasynda özara hereketleri ýola goýmak üçin amatly şertleriň döredilmeginiň wajypdygyny nygtadylar.

Prezident Emomali Rahmon pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy özi üçin amatly wagtda Täjigistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler iki ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş arzuw etdiler.

Iki döwletiň senalary ýaňlanandan soň, Täjigistanyň Prezidenti özi üçin bellenilen kabulhana ugrady.

Soňky habarlar
23.01
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: — Amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň maksady halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr
23.01
Döwlet Baştutanymyzyň adyna gelen hatlar
21.01
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.01
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň içerki sarp edijileri üçin 2022-nji ýylda nebit önümleriniň möçberleri tassyklady
21.01
Milli Liderimiziň köpugurly syýasaty täze neşirleriň sahypalarynda
20.01
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Daşoguz welaýatyna iş sapary