Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
Çap edildi 26.11.2021
2424

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Watan goragçylarynyň güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreler, şanly sene mynasybetli has tapawutlanan harby gullukçylary döwlet sylaglary bilen sylaglamak babatda taýýarlanylan teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Mejlisiň dowamynda Ýaragly Güýçleriň edaralarynyň ýolbaşçylary Watan goragçylarynyň hünär baýramy mynasybetli meýilleşdirilen dabaralar hem-de medeni çäreleriň maksatnamasy barada hasabat berdiler. Şeýle-de goşun bölümlerindäki işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmaga we Ýaragly Güýçleriň kuwwatyny güýçlendirmäge gönükdirilen giň gerimli harby özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, ugurdaş edaralarda görülýän çäreler barada hasabatlar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabatlary diňläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina laýyklykda, Ýaragly Güýçleriň edaralarynyň işiniň esasy ugrunyň Türkmenistanyň ygtybarly goragyny üpjün etmekden ybaratdygyny, munuň bolsa milli bähbitler hem-de howpsuzlyk bilen şertlenendigini belledi.

Milli Liderimiz mejlisi dowam edip, harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryndan düzülen “Türkmen edermen” ýörite maksatly toparynyň işini häzirki döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmelidigini nygtady. Onuň düzüminiň harbylary söweşjeň taýýarlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanmalydyr, merdanalyk, watansöýüjilik häsiýetlerine eýe bolmalydyr, öňde durýan wezipeleriň çözgüdine jogapkärçilikli çemeleşmelidir. Toparyň şahsy düzümi hünär hem-de beden taýýarlyklaryny yzygiderli artdyrmalydyrlar diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we bu babatda degişli ýolbaşçylara anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Watan goragçylarynyň güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek bilen baglanyşykly meselä degip geçip, dabaralaryň harby gullukçylaryň her biri üçin täze üstünliklere ruhlandyrýan uly waka hökmünde olaryň ýadynda galmalydygyny belledi hem-de birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Şeýle-de olaryň hünär baýramy mynasybetli guraljak dabaralaryň çäklerinde Ýaragly Güýçleriň düzümleriniň aýratyn tapawutlanan harby gullukçylaryny we serkerdelerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda degişli teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň netijelerini jemläp, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Türkmenistanyň Harby doktrinasynyň esasy bolup durýan parahatçylyk söýüjilik we ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alyp, döwletimiziň Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrýandygyny nygtady. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgalalarynyň gulluk we gündelik durmuşy üçin mynasyp şertleri üpjün etmek barada geljekde-de alada ediler.

Mejlisde başga-da birnäçe möhüm meselelere garalyp, olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini tamamlap, oňa gatnaşanlaryň ählisine jogapkärli wezipeleri ýerine ýetirmekde täze üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
11.12
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Bitaraplygynyň 30 ýyllyk mynasybetli giň gerimli sergi açyldy
11.12
Aşgabatda Bitaraplygyň 30 ýyllyk binasynyň açylyş dabarasy geçirildi
11.12
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyna bagyşlanan sergä gatnaşyjylara
10.12
Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany
10.12
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-awstriýa dostluk toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
10.12
Gahryman Arkadagymyzyň Türkmen-ýapon dostluk toparynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
10.12
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen maslahat durnukly ösüşi üpjün etmekde zenanlaryň möhüm ornuny tassyklady
10.12
Haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidentiniň duşuşyklary
09.12
2025-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
09.12
Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer ýörelgeleri dabaralanýar
top-arrow