Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy milli Liderimiziň syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
Syýasat habarlary
Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy milli Liderimiziň syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr
Çap edildi 14.11.2021
2399

13-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow düýn Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlanandan soň, Türkmenbaşy şäherine geldi. Milli Liderimiz bu ýerde egindeşleri bilen Hazaryň kenarynda gurlan köpugurly sport toplumynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi.

Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler bar. Ol ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar we sport gurallary bilen üpjün edilendir. Köpugurly türgenleşik enjamlary tejribeli hem-de höwesjeň türgenleriň, dürli ýaşly adamlaryň netijeli türgenleşmegine niýetlenendir.

Hormatly Prezidentimiz egindeşleri bilen topluma gelip, häzirki döwürde dünýäde umumy ykrar edilen tejribä laýyklykda, saglygy goramagyň kadalaryny berjaý etmegiň düzgünlerine eýerdiler. Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda döwlet Baştutanymyzyň ýolbaşçylygynda ählumumy pandemiýa şertlerinde СOVID-19 ýokanjyna test barlagyndan geçmek, şeýle hem zyýansyzlandyryş çärelerini yzygiderli geçirmek ýola goýuldy. Munuň özi döwletiň baş baýlygy hasaplanýan ynsan saglygynyň goraglylygyny üpjün edýän esasy talaplaryň biri bolup durýar.

Soňky ýyllarda ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýäniň we ýokary netijeli sportuň görnüşleri bilen meşgullanmak üçin zerur şertler döredilýär. Stadionlar, sport-sagaldyş merkezleri, köpugurly sport toplumlary sagdyn durmuş ýörelgelerini kada öwren ýaşlaryň söýgüli künjeklerine öwrüldi.

Hazar deňziniň ekologik taýdan arassa kenarynda ýerleşýän «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş bilen bir hatarda sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak, bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek üçin ähli zerur şertler üpjün edildi. Munuň özi milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän we halkymyzyň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagyny, saglygynyň pugtalandyrylmagyny esasy ugur edinýän döwlet syýasatynyň özenini düzýär.

Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary döwlet Baştutanymyz asylly başlangyçlary bilen ähli watandaşlarymyza, ozaly bilen, ýaşlara şahsy görelde görkezýär. Ine, bu gün hem milli Liderimiz sport toplumynda egindeşleri bilen kiçi futbol boýunça ýaryş gurady.

Bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmek, sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanmak ynsan bedeniniň taplanmagyna, saglygynyň berkidilmegine ýardam edýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, sport enjamlarynyň her biriniň özboluşly aýratynlygy bolup, olar adam saglygy üçin aýratyn ähmiýetlidir. Olarda edilýän maşklaryň kada boýunça dürs ýerine ýetirilmeginiň ynsan saglygy üçin peýdasy ýokarydyr. Aýratyn-da, bu enjamlaryň ýaşlaryň sazlaşykly ösüşinde, beden taýdan taplanmagynda möhüm orun eýeleýändigini bellemek gerek.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmegiň, ýokary sport netijeleriniň gazanylmagyny höweslendirmegiň wajypdygy barada aýdyp, ähli pudaklaryň işgärleriniň, aýratyn-da, ýaşlaryň bedenterbiýe-sport hereketine işjeň çekilmeginiň möhümdigini nygtaýar. Munuň özi ynsan saglygynyň pugtalandyrylmagynda, adamlaryň döredijilik ruhunyň ýokarlanmagynda aýratyn ähmiýetlidir.

Milli Liderimiz bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň ýurdumyzyň her bir raýaty üçin durmuş kadasyna öwrülmegi babatda maksadalaýyk çäreleriň geçirilmegi ugrunda yzygiderli alada edýär. Bedenterbiýe we sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmak adamlaryň beden taýdan sagdyn, ruhubelent bolmagyna, ýaşlaryň döredijilik işine höwesiniň artmagyna ýardam berýär.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň sporty ösüşiň täze derejesine çykdy. Türkmen türgenleri döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen gurlup, ulanmaga berlen toplumlarda ýokary derejede türgenleşikleri geçýärler. Türgenleriň abraýly halkara ýaryşlarda gazanýan üstünliklerini işjeň wagyz etmek meselesine möhüm ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda medeni-köpçülikleýin çäreleriň sport bilen utgaşdyrylmagy ýaşlary has belent sepgitlere ruhlandyrýar. Bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmegiň, sport bilen meşgullanmagyň adamda ruhubelentlik, maksadaokgunlylyk döredýändigini, saglygyňy pugtalandyrýandygyny durmuş tejribesi görkezýär.

«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda döwrebap bedenterbiýe-sport toplumynyň hem-de beýleki ugurdaş desgalaryň, şypahanalaryň we dynç alyş merkezleriniň her birinde sport meýdançalarynyň, suwda ýüzülýän howuzlaryň hem-de dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň dürli görnüşli sport enjamlary bilen üpjün edilen fitnes otaglarynyň bardygy göz öňünde tutulanda, döwlet Baştutanymyzyň Hazaryň kenaryndaky dynç alyş zolagynyň sport binýadyny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändigini aýdyň görmek bolýar.

Köpçülikleýin bedenterbiýäniň sport hereketiniň we ýokary netijeli sportuň ösdürilmegi halkara derejeli ýaryşlara gatnaşyp, abraý gazanýan türkmen türgenleriniň sanynyň artmagyna ýardam edýär. Şeýlelikde, türkmen sportunyň dünýädäki abraýy barha belende galýar. Sport ulgamyny ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, örän gysga döwürde ýurdumyzyň ähli sebitlerinde dünýä ölçeglerine kybap gelýän sport toplumlary, stadionlar, atçylyk sport toplumlary, ýöriteleşdirilen sport mekdepleri guruldy. Paýtagtymyz Aşgabatda Halkara Olimpiýa Komitetiniň talaplaryna laýyk enjamlaşdyrylan, sportuň dürli görnüşlerine niýetlenen desgalaryň köp sanlysyny özünde jemleýän Olimpiýa şäherçesi hem-de dünýäde giňden ýaýran golf oýnuny ornaşdyrmak maksady bilen, Golf sport toplumy bina edilip, döwrebap sport düzümleri döredildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, sport parahatçylyga, dostluga hem-de ösüşiň belentliklerine alyp barýan hereketdir. Ähli döwürlerde bolşy ýaly, häzirki wagtda hem sport halklary dostlaşdyrýar, parahatçylygy dabaralandyrýar. Şoňa görä-de, Türkmenistan Halkara Olimpiýa Komiteti, Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna sport boýunça halkara edarasy, ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komiteti, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy hem-de beýleki halkara, sebitara sport guramalary bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine möhüm ähmiýet berýär.

Soňky habarlar
25.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
25.04
«Gadymy Amul galasy: geçmişiň syrlarynyň goragçysy» atly halkara ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara
25.04
“Türkmen bedewi we dünýäniň seýisçilik sungaty” atly halkara ylmy maslahat
25.04
Türkmenistanyň halk suratkeşi Aýhan Hajyýewiň 100 ýyllygy bellenildi
25.04
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi
24.04
Türkmenistanyň Prezidenti Beýik Britaniýanyň daşary işler, Arkalaşyk we ösüş boýunça Döwlet sekretaryny kabul etdi
24.04
Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
24.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
24.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Ýerine ýetiriji direktory bilen duşuşdy
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi
top-arrow