Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Balkan welaýatynda güýzlük bugdaý ekişi tamamlandy
Ykdysadyýet
Balkan welaýatynda güýzlük bugdaý ekişi tamamlandy
Çap edildi 29.10.2021
2463

Balkan welaýatynyň gallaçy daýhanlary ekiş möwsümini tamamladylar. Bu sebitde geljek ýylyň hasyly üçin 50 müň gektar ýerden 80 müň tonna bugdaý ýygnap almak meýilleşdirilýär.

Hazarýaka sebitiň zähmetsöýer ekerançylary ekişi bellenilen möhletde we ähli agrotehniki kadalary berjaý etmek bilen geçirdiler. Şonuň bilen birlikde gögeriş alnan ýerlere ideg etmek, olary mineral dökünler bilen gurplandyrmak hem-de ekine öz wagtynda ösüş suwuny tutmak boýunça guramaçylykly işler alnyp barylýar. Maýsalaryň peýda bolmagy geljekki hasyl babatda oňaýly çaklamalary aýtmaga esas berýär.

Meýdanlary jogapkärli möwsüme taýýarlamakda dünýäniň meşhur önüm öndürijileriniň oba hojalyk tehnikalarynyň işjeň ulanylmagy netijesinde daýhanlar ekiş üçin niýetlenen ýerleri ýokary hilli işläp taýýarladylar.

Bu sebitiň toprak-howa şertlerine uýgunlaşdyrylan gymmatly dänelik ekiniň naýbaşy tohumlary öz wagtynda taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça hem-de ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmaga gönükdirilen obasenagat toplumynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň netijesinde, ekerançylar hemme zerur serişdeler bilen ýeterlik üpjün edilýär. Bu ulgamda amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek we dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişiniň möçberini artdyrmak arkaly, obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak babatdaky wezipeleriň çözülmegine gönükdirilendir.

Soňky habarlar
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ahal welaýatyna iş sapary
17.06
“Türkmennebit” döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi
17.06
Türkmenistan — Slowakiýa: özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ilerledip
17.06
Türkmenistanyň Prezidenti Islandiýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
16.06
Ösüşiň innowasion ýoly — jemgyýetiň we döwletiň rowaçlygynyň kepili
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
15.06
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyny gutlady
15.06
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 19 million 507 müň dollaryndan gowrak boldy
14.06
Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentini gutlady
top-arrow