Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Çap edildi 28.10.2021
2518

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Hormatly Prezidentimiz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowa söz berdi. Wise-premýer gözegçilik edýän ulgamlarynda işleriň ýagdaýy, şeýle hem şu ýylyň noýabr aýynda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleri bilen tanyşmak maksady bilen, 22-23-nji oktýabrda Balkan welaýatyna bolan iş saparynyň jemleri barada hasabat berdi.

Günbatar sebite saparynyň çäklerinde wise-premýer Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň täze edara binasynyň açylyş dabarasyna, şeýle hem Ahal — Balkan täze ýokary woltly iki halkaly asma elektrik geçiriji ulgamy ulanmaga bermek dabarasyna gatnaşdy. Şonuň bilen birlikde, Balkan welaýatynyň etraplarynda bina edilýän durmuş maksatly binalarda we desgalarda işleriň ýagdaýy gözden geçirildi, bu desgalaryň gurluşygy ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamalarynyň çäklerinde alnyp barylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ykdysady, maliýe-bank ulgamynyň edaralarynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça göz öňünde tutulan çäreleri durmuşa geçirmegiň barşyny berk gözegçilikde saklamagyň möhümdigini belledi. Şol bir wagtda ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan şu ýyla bellenilen meýilnamalaryň ýerine ýetirilişini hemişe üns merkezinde saklamak zerurdyr.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli täze desgalaryň açylmagynyň dabaralaryna aýdyň öwüşgin çaýmalydygyny belledi. Şoňa görä-de, olary ulanmaga bermegiň taýýarlyk işlerine ýokary jogapkärçilikli çemeleşmek gerek diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy. Bu talap gurluşyk işleriniň hiline, binalaryň we desgalaryň, inžener-tehniki üpjünçilik ulgamynyň göwnejaý işledilmegine, şeýle hem daşky we içki timarlaýyş hem-de ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak işlerine hem degişlidir diýip, milli Liderimiz wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow gyş möwsümine taýýarlyk görlüşi hem-de içerki sarp edijileriň tebigy gaz bilen bökdençsiz we ygtybarly üpjün edilişi barada hasabat berdi. Şu maksat bilen, “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan toplumlaýyn çäreler amala aşyrylýar.

Ugurdaş düzümleýin desgalarda durkuny täzelemek hem-de düýpli abatlamak işleriniň ýerine ýetirilendigi, tehniki taýdan gözden geçirilendigi bellenildi. Häzir ýurdumyz boýunça täze hojalyklarda we ýaşaýyş jaý toplumlarynda gaz hasaplaýjy enjamlary ornaşdyrmak işleri dowam etdirilýär. Sarp edijiler tarapyndan tebigy gazdan peýdalanmagyň howpsuzlyk düzgünleriniň we kadalarynyň berk berjaý edilmegi boýunça degişli çäreler görülýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, howanyň sowamagy bilen ýaşaýyş jaýlaryny we beýleki durmuş maksatly desgalary, şol sanda mekdepleri, çagalar baglaryny, saglygy goraýyş edaralaryny hem-de kärhanalary we guramalary gaz bilen bökdençsiz üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady. Şunuň bilen baglylykda, degişli inženerçilik-tehniki ulgamlary kadaly ýagdaýda saklamagyň hem-de olara ýokary hilli hyzmat etmegiň gaýragoýulmasyz wezipeler bolup durýandygy bellenildi. Şeýle hem tebigy gazy rejeli ulanmak, ilat tarapyndan gaz we ýyladyş enjamlarynyň dogry ulanylmagyny üpjün etmek meselelerine aýratyn üns bermek zerurdyr. Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, wise-premýere bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew gözegçilik edýän pudaklaryndaky işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Welaýatlarda geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaýyň ekişi tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar, bu ugurda degişli agrotehniki çäreler görülýär, şol sanda ýerleri mineral dökünler bilen iýmitlendirmek we gögeriş hem-de ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar.

Bugdaý we gowaça ösdürip ýetişdirýän ekerançylara mineral dökün, tohum hem-de himiki serişdeler ýeňillikli bahadan berilýär, tehniki hyzmatlar amala aşyrylýar, tabşyrylan önüm üçin haryt öndürijiler bilen özara hasaplaşyklar öz wagtynda geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, degişli resminamanyň taslamasy taýýarlanyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, obasenagat toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň pudagy tehniki we tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmaga, ýurdumyzda öndürilýän dürli oba hojalyk önümleriniň mukdaryny artdyrmaga gönükdirilendigini nygtady.

Milli Liderimiz ekerançylary goldamak boýunça maksatnamalaýyn çäreleri görmegiň wajypdygyny belläp, hödürlenen resminama gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberdi we bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Purçekow dünýä bazarlarynda uly isleg bildirilýän ýodbrom önümçiligini artdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň “Bereket” hem-de “Balkanabat” ýod zawodlarynda ýerasty ýodly we bromly suwlary gaýtadan işlemek arkaly, ýokary hilli tehniki ýoduň 500 tonnadan gowragynyň öndürilýändigi, şonuň aglaba böleginiň daşary ýurtlara iberilýändigi bellenildi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, Balkan welaýatyndaky “Balkanabat” ýod zawodynyň düzüminde tehniki ýod, brom we bromly önümleri öndürýän desgalary gurmak göz öňünde tutulýar.

Himiýa pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri çözmek maksady bilen, “Türkmenhimiýa” döwlet konserni şeýle önümçilik desgalaryny taslamalaşdyrmakda we gurmakda uly tejribä eýe bolan meşhur daşary ýurt kompaniýalaryndan anyk teklipleri aldy.

Wise-premýer häzirki wagtda taslama kuwwatlylygy 450 tonna bolan “Balkanabat” zawodynda tehniki ýoduň ýylda 340 tonnasynyň öndürilýändigini belläp, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna birnäçe anyk teklipleri hödürledi.

Zawodyň binýadynda ýodly we bromly çig mal ýataklaryndaky guýularda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek arkaly kärhananyň düzüminde täze önümçilik desgalaryny gurmak meýilleşdirilýär. Şu maksat bilen, zawodyň ýodly we bromly çig mal ýataklarynda tehniki ýod, brom we bromly önümleri öndürýän desgalary gurmak barada gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň arasynda bäsleşik geçirmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen topragynyň baý tebigy çig mal serişdelerinden eksport ugurly önümleri öndürmek boýunça täze kuwwatlyklary döretmäge aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtady.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň ýodbrom suwlarynyň iri ýataklaryna eýedigini hem-de ýody çykarmak boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýeleýändigini nazara almak bilen, ýurdumyzda himiýa senagatyny, hususan-da, içerki we daşarky bazarlarda uly islegden peýdalanýan ýodbrom önümçiligini mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli şertleriň döredilmelidigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz hödürlenen teklipleri, umuman, makullap, wise-premýere ýurdumyzyň günbatar sebitinde hereket edýän iri zawodlarda ýokary hilli tehniki ýoduň öndürilýän möçberini artdyrmagyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça işleri dowam etdirmegi hem-de bu işe şol ulgamda uly tejribä we tehnologiýalara eýe bolan daşary ýurtly kompaniýalary işjeň çekmegi tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Wise-premýer bu çäräniň 29-njy oktýabra meýilleşdirilendigini habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna açylyş dabarasynyň maksatnamasynyň taslamasy hödürlenildi, onuň dowamynda dabara gatnaşyjylar Dolandyryş merkeziniň işi, ulag serişdelerine hyzmat ediş zolaklary, töleg terminallary, hyzmat ediş desgalary, howpsuzlyk we gözegçilik elektron ulgamlary, şeýle hem sürüjileriň we ýolagçylaryň dynç almagy üçin döredilen şertler bilen tanşarlar.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň telekeçileriniň tagallalary bilen çylşyrymly inženerçilik desgalarynyň onlarçasynyň hem-de ýokary tizlikli awtomobil ýollarynyň gurulýandygyny nygtady. Olar häzirki zaman we ýokary netijeli ulag düzümini kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir.

Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly halkara ölçegleriň talaplaryna doly kybap gelmek bilen, Türkmenistanyň örän möhüm üstaşyr ulag geçelgesi hökmündäki ornuny pugtalandyrmaga ýardam bermelidir diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Milli Liderimiz awtomobil ulagynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň ekologiýanyň we howpsuzlygyň ýokary ölçeglerine laýyklykda döwrebaplaşdyrylmagynyň döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugrudygyny belläp, ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek üçin ähli şertleriň üpjün edilmegi babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek esasy çäreleriň we medeni-durmuş maksatly binalary açyp ulanmaga bermegiň tertibi barada hasabat berdi.

2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň sebitlerinde döredijilik duşuşyklaryny, onlaýn maslahatlary, sergileri, aýdym-sazly dabaralary geçirmegiň, döredijilik bäsleşikleriniň jemlerini jemlemegiň göz öňünde tutulýandygy bellenildi.

Hasyl toýy, ählihalk bag ekmek dabarasy hem-de milli manadymyzyň dolanyşyga girizilmeginiň 28 ýyllygy mynasybetli dabaralary geçirmek meýilleşdirilýär. Aşgabatda we Ahal welaýatynda ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş ulgamynyň edaralarynyň, durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalaryň açylyşyna gabatlanyp, döredijilik çäreleri guralar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýere öňümizdäki baýramçylyk çäreleriniň hem-de täze desgalaryň açylmagy mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz bu çäreleriň ählisiniň türkmen halkynyň özboluşly däplerini, baý medeni mirasyny hem-de häzirki döwrüň döredijilik kuwwatyny beýan etmelidigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde medeni mirasy hem-de ýurdumyzyň häzirki döwürde gazanýan üstünliklerini ulanmak boýunça işleriň wajypdygy nygtaldy. Biz mähriban halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklamak we baýlaşdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, ýaşlaryň arasynda wagyz-nesihat işlerini hem alyp barmalydyrys, olary gazanýan üstünliklerimiziň we ägirt uly meýilnamalarymyzyň ruhunda terbiýelemelidiris, ýaşlar biziň geljegimizdir, olar Watanymyzyň ertirki bagtyýar gününe ynamly bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz Garaşsyzlygyň 30 ýylynyň dowamynda ýurdumyzy hem-de mähriban halkymyzyň durmuşyny düýpli özgerden giň gerimli işleriň ýerine ýetirilendigini belledi. Ata Watanymyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynda ýeten belent sepgitlerini, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygarynda öz beýanyny tapan durmuş ugurly syýasatymyzy amala aşyrmakda gazanylan üstünliklerimizi giňden wagyz etmek zerurdyr.

Şu maksat bilen kino sungatynyň mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmak, adamlaryň durmuşynda bolup geçýän özgerişlikler, türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylmagy barada gürrüň berýän, parahatçylygyň hem-de ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly öňe barýan eziz Watanymyzy wasp edýän täze filmleri döretmek möhümdir diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz medeni-ynsanperwer ulgamda döwletara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ähmiýetini belläp, bu möhüm işiň Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy ugruna laýyklykda amala aşyrylýandygyny hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap türkmen döwletiniň tutuş dünýäde parahatçylygyň we ösüşiň bähbidine dünýä bileleşigi bilen dost-doganlyk gatnaşyklaryny, köpugurly hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilendigini nygtady.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça geçirilýän işler baradaky hasabatynyň çäklerinde döwlet Baştutanymyzyň garamagyna Maglumata elýeterlilik merkezini döretmek baradaky teklibi hödürledi.

Türkmenistanda Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, şeýle hem okatmagyň hiliniň dünýä derejesine laýyk gelmegini üpjün etmek boýunça yzygiderli işler amala aşyrylýar.

Koreýa Respublikasynyň Ylym we maglumat tehnologiýalary ministrligi ýokary tizlikli internet ulgamyny gurnamak üçin döwrebap aragatnaşyk enjamlary, kompýuter serişdeleri, zerur serwerler, tor we programma önümleri bilen üpjün edilen Maglumata elýeterlilik merkezini döretmek baradaky teklip bilen çykyş etdi. Bu teklip Bilim ministrligi tarapyndan öwrenildi hem-de oňa bilim ulgamynda türkmen-koreý hyzmatdaşlygyny giňeltmekde möhüm ädim hökmünde baha berildi. Bu merkez ýurdumyzyň sanly bilim ulgamynyň tehnologiýa we innowasiýa esasynda ösdürilmegine, sanly bilim hyzmatlarynyň kämilleşdirilmegine, bilim bermegiň ähli basgançaklarynda häzirki zaman elektron okuw-usulyýet binýadynyň döredilmegine, raýatlaryň elektron bilim gorlaryna elýeterliligini üpjün etmek arkaly olaryň web-dizaýn, programmirleme boýunça sowatlylygyny artdyrmaga ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, döwrebap sanly bilim ulgamynyň döredilmeginiň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňde goýlan belent maksatlary nazara almak bilen, döwlet syýasatynyň ileri tutulýan wezipesidigini aýtdy. Bu ugurda geçirilýän çäreler ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilendir, bu bolsa, öz nobatynda, Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly ykdysady ösüşini üpjün eder hem-de ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda, hemmetaraplaýyn bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň zerurdygyny hasaba almak bilen, bilim ulgamyny hem-de hünär taýýarlygyny talabalaýyk döwrebaplaşdyrmak we bilim maksatnamalaryny umumy ykrar edilen halkara ölçeglere kybap getirmek möhümdir.

Milli Liderimiz Maglumata elýeterlilik merkezini döretmek baradaky beýan edilen teklibi makullap, koreýaly hyzmatdaşlarymyz bilen bilelikdäki täze taslamanyň Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda uzak möhletleýin, özara bähbitlilik esasynda guralýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly goşant boljakdygyny belledi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminiň arasynda geçirilýän harby-watançylyk işlerini kämilleşdirmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Ugurdaş okuw mekdepleriniň harby talyplarynyň, ýaş serkerdeleriň, degişli düzümleriň işgärleriniň arasynda watançylyk terbiýesini bermegiň ulgamyny berkitmek we ösdürmek boýunça netijeli çäreler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, bu möhüm işlerde harby-watançylyk terbiýesini bermegiň bitewi ulgamyny işläp taýýarlamagyň we durmuşa geçirmegiň esasy wezipe bolup durýandygyny belledi, bu wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary bilen ýakyn gatnaşyklar ýola goýulmalydyr, oňa harby we hukuk goraýjy edaralaryň işde we gullukda uly tejribe toplan weteranlary işjeň çekilmelidir. Munuň özi harby we hukuk goraýjy edaralaryň şahsy düzüminde ýokary watançylyk düşünjesini kemala getirmek, olary Watanymyza çäksiz söýgi, döwletimiziň bähbitlerini goramak boýunça raýatlyk hem-de konstitusion borçlaryny ýerine ýetirmäge taýýarlyk ruhunda terbiýelemek boýunça işleri öz içine alýar.

Watançylyk, edermenlik we gaýduwsyzlyk ýaly häsiýetler türkmen halkyna gadymdan mahsusdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýaşlaryň arasynda şöhratly milli ýörelgeler esasynda çäreleri guramak, ýaş nesilde ýokary raýatlyk, Watanymyza wepalylyk duýgusyny terbiýelemek we olary ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň hatarlarynda gulluk etmäge taýýarlamak zerurdyr diýip, döwlet Baştutanymyz wise-premýere, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretaryna birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanmaga berilmegi bilen bagly meýilleşdirilýän ulag gatnawlary barada hasabat berdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň baştutanlygynda döwrebap awtoulag ýollary gurulýar we işe girizilýär, halkara üstaşyr ulag geçelgeleri döwrebaplaşdyrylýar. Ýolagçylara ýokary hilli hyzmat edilýär. Şunuň bilen baglylykda, dünýä ölçeglerine laýyk gelýän Aşgabat —Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanylmaga berilmeginiň uly ähmiýeti bellenildi. Halkara guramalaryň, sebit ulag-logistika assosiasiýalarynyň wekilleriniň geçiriljek açylyş dabarasyna gatnaşmagy hem muňa şaýatlyk edýär.

Täze ýokary tizlikli ýoluň degişli böleginde Aşgabat — Kaka, Aşgabat —Duşak we Aşgabat — Tejen şäherara ugurlary boýunça awtobus gatnawlaryny hem-de ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçelgeleriniň mümkinçiliklerini göz öňünde tutup, Türkmenbaşy — Artyk, Türkmenbaşy — Sarahs, Türkmenbaşy — Ymamnazar, Türkmenbaşy — Farap we beýleki birnäçe ugurlarda üstaşyr ýükleri daşaýan awtoulag serişdeleriniň gatnawyny ýola goýmak meýilleşdirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Aşgabat — Tejen böleginiň ulanylmaga berilmeginiň ýurdumyzyň ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny, logistik hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, halkara üstaşyr ulag düzümi hem-de Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmäge ýardam etjekdigini nygtady.

Milli Liderimiz ýokary tizlikli döwrebap ýoluň täze böleginiň tehniki derejesi babatda ýol gurluşygynyň nusgasy bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ýokary tizlikli ýoluň ulanylmaga berilmeginiň Türkmenistanyň çägi bilen üstaşyr ýük daşamalaryň möçberini artdyrmaga mümkinçilik berjekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ýoluň ulanylmaga berilmeginiň awtomobil ulaglary bilen Türkmenbaşydan ýük daşamagyň uly mümkinçiliklerini açýandygyny nygtap, agentligiň ýolbaşçysyna bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.

Mejlisiň barşynda döwlet durmuşynyň käbir beýleki möhüm meselelerine-de garaldy hem-de olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlaryň ählisine berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Soňky habarlar
22.12
Türkmenistanyň Prezidenti Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
21.12
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
21.12
Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň önümçilik desgasynyň maddy-üpjünçilik binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak üçin degişli işler geçirmäge ygtyýar berildi
21.12
Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy
20.12
2024-nji ýylyň noýabry: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
19.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi
19.12
Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Malaýziýanyň arasynda BILELIKDÄKI BEÝANNAMA
19.12
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Malaýziýa resmi saparynyň jemleri boýunça metbugat maslahatyndaky çykyşy
19.12
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy IIM-niň Awtomobil sport toplumynyň desgalarynyň taslamalary bilen tanyşdy
18.12
Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi sapary başlandy
top-arrow