Baş sahypa
\
Ykdysadyýet
\
Ahal welaýatynda ak bugdaýyň ekişi üstünlikli tamamlandy
Ykdysadyýet
Ahal welaýatynda ak bugdaýyň ekişi üstünlikli tamamlandy
Çap edildi 27.10.2021
3767

Ahal welaýatynyň gallaçylary güýzlük bugdaý ekişini bellenen möhletde tamamladylar. Ekerançylaryň tutanýerli zähmeti netijesinde, welaýatda 195 müň gektar ýere bugdaý ekildi.

Ekiş möwsümi agrotehniki kadalar doly berjaý edilip geçirildi. Munuň özi bu azyklyk ekiniň geljek ýylda ýokary hasyl bermeginiň binýadyny döredýär.

Daýhanlaryň zähmeti üçin amatly şertleriň döredilmegi netijesinde, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň oba hojalyk pudagynda belent sepgitlere ýetilýär. Döwlet tarapyndan dünýäniň iri önüm öndürijileriniň häzirki zaman oba hojalyk tehnikalarynyň satyn alynmagy daýhanlara ekiş möwsümini gysga möhletde geçirmäge mümkinçilik berýär. Mineral dökünler, ýokary hilli tohum, zyýan berijilere garşy göreş serişdeleri öz wagtynda taýýarlanyldy.

Oba hojalygyny çalt depginde ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna hem-de halkymyzyň abadançylygynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu ulgamda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeler dürli görnüşli oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň hasabyna, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmäge hem-de obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.

2022-nji ýylda ýurdumyzyň daýhanlarynyň öňünde 1 million 400 müň tonna bugdaý hasylyny ýygnamak wezipesi durýar, şonuň 400 müň tonnasy Ahal welaýatynda öndüriler. Milli Liderimiziň hemmetaraplaýyn goldawyndan ruhlanýan sebitiň gallaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny abraý bilen ýerine ýetirmek üçin ähli tagallalary edýärler.

Soňky habarlar
12.09
Türkmenistanyň Prezidenti Singapur Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
11.09
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň döwlet ministrini kabul etdi
11.09
Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrlige garamagyndaky sement zawodlaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak tabşyryldy
11.09
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.09
Türkmenistanyň Prezidenti GDA-nyň Tohumçylyk meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygyny doglan güni bilen gutlady
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
10.09
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Fransiýanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
09.09
Türkmenistanyň Prezidenti Ýewropa Bileleşiginiň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow