Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Çap edildi 25.10.2021
2527

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Milli Liderimiz kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, goňşy ýurduň Baştutanyny Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesine saýlanmagy bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de oňa berk jan saglyk, abadançylyk we ýokary döwlet wezipesindäki jogapkärli işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Şawkat Mirziýoýewiň Özbegistanyň Prezidenti wezipesindäki netijeli işi, uly syýasy tejribesi hem-de başarjaňlygy oňa diňe bir Respublikada däl, eýsem, onuň çäklerinden daşarda hem uly hormat we abraý getirdi. Türkmenistan doganlyk Özbegistan bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha bermek bilen, döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge uly ähmiýet berýär.

Prezident Şawkat Mirziýoýew gutlag hem-de hoşniýetli sözleri üçin hoşallyk bildirip, häzirki döwürde özara gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça aýratyn ösüşe eýe bolan hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda döwlet Baştutanlary strategik häsiýete eýe bolan hem-de häzirki döwürde sebitdäki we dünýädäki ýagdaýy göz öňünde tutmak bilen, özara hormat goýmak nukdaýnazaryndan ýola goýulýan türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary boýunça pikir alyşdylar.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Baştutanynyň 4-5-nji oktýabrda Özbegistan Respublikasyna bolan resmi saparynda ýokary derejedäki gepleşikleriň barşynda gazanylan syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda täze sepgitlere çykmaga mümkinçilik berýän ylalaşyklary durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösüşini bellediler. Taraplar ägirt uly, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän mümkinçiliklere eýe bolan özara bähbitli gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Şunuň bilen baglylykda, dürli derejelerdäki, şol sanda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-özbek hökümetara toparynyň çäklerindäki yzygiderli duşuşyklary geçirmegiň ähmiýeti nygtaldy.

Iki dostlukly döwletiň Baştutanlary ynsanperwer ulgamda gatnaşyklary ösdürmegiň, hususan-da, ylym-bilim we medeni gatnaşyklary höweslendirmegiň, sport hem-de syýahatçylyk boýunça hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň zerurdygyny bellediler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda iki ýurduň Baştutanlary Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň bilelikdäki tagallalar netijesinde mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine, özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda döwletlerimiziň we halklarymyzyň bähbidine çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewi Özbegistan Respublikasynyň Prezidentiniň wezipesine saýlanylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlap, oňa jogapkärli döwlet işinde üstünlikleri, dostlukly ýurduň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk hem-de rowaçlyk arzuw etdi.

Soňky habarlar
28.08
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
28.08
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
28.08
Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
27.08
Türkmenistan — BMG: durnukly ösüşiň we ynsanperwer dialogy ilerletmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyk
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygyna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Nepal Federatiw Demokratik Respublikasynyň ýolbaşçylaryna gynanç bildirdi
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
27.08
Türkmenistanyň Prezidenti Moldowa Respublikasynyň Prezidentini gutlady
26.08
Hormatly Prezidentimiz Stomatologiýa merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
26.08
Ýurdumyzyň bilim işgärleriniň maslahaty
top-arrow