Baş sahypa
\
Syýasy habarlar
\
Türkmenistanyň Prezidenti “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Syýasy habarlar
Türkmenistanyň Prezidenti “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
Çap edildi 18.10.2021
2258

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Rönesans Holding” türk kompaniýasynyň müdiriýetiniň başlygy Erman Ylyjagy kabul etdi.

Myhman duşuşmaga wagt tapandygy hem-de özara söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn bähbitli hyzmatdaşlygyň birnäçe wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, milli Liderimizi, ähli türkmen halkyny döwlet Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk senesi bilen gutlady hem-de belent halkara abraýa eýe bolan Türkmenistanyň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent maksatlaryna tarap mundan beýläk-de okgunly öňe gitmegini arzuw etdi.

Türkmenistanda işleýän 12 ýylynda “Rönesans Holdinge” birnäçe möhüm düzümleýin desgalaryň gurluşygy ynanyldy. Şol desgalaryň hatarynda ýapon hyzmatdaşlar bilen bilelikde durmuşa geçirilen “Marykarbamid” zawodynyň, Ahal welaýatynda tebigy gazdan sintetiki benzin öndürýän zawodyň, Çärjew etrabyndaky sebitde deňi-taýy bolmadyk elektrik stansiýasynyň taslamalary bar. Nygtalyşy ýaly, kompaniýa rowaçlyk we gülläp ösüş ýolundan ynamly barýan Türkmenistan bilen ýola goýlan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary netijelidigine tüýs ýürekden buýsanýar.

Döwlet Baştutanymyz “Rönesans Holding” kompaniýasynyň ýolbaşçysyna gutlaglary üçin minnetdarlyk bildirip, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy işewürliginiň, şol sanda türk işewür toparlarynyň wekillerini işjeň çekmegiň Türkmenistanyň amala aşyrýan durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi. Şol strategiýa milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga hem-de dünýäniň iň oňat tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmaga gönükdirilendir.

Duşuşygyň dowamynda Erman Ylyjak hormatly Prezidentimize täze taslamalaryň we teklipleriň işlenilip taýýarlanylandygy barada hasabat berip, ýola goýlan oňyn hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmagy maksat edinýändigini aýtdy.

Milli Liderimiz uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak bilen baglylykda, türkmen tarapynyň esasy we hökmany talaplaryna işewüriň ünsüni çekdi. Şol talaplar gurluşygyň alnyp barlyşynyň tertibini hem-de desgalary ulanmaga tabşyrmagyň şertnamada bellenilen möhletlerini pugta berjaý etmekden ybaratdyr. Şunda hemme işleriň ýokary hil derejesinde, häzirki zaman şäher gurluşygynyň kadalaryna laýyklykda alnyp barylmalydygy nygtaldy.

Işewür döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan türkmen döwletiniň kuwwatyny we abraýyny pugtalandyrmaga gönükdirilen giň gerimli özgertmeler maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge “Rönesans Holdingiň” geljekde-de gatnaşmaga uly gyzyklanma bildirýändigini beýan edip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň öz üstüne alan şertnamalaýyn borçnamalaryny takyk hem-de birkemsiz ýerine ýetirmek üçin mundan beýläk-de ähli tagallalaryny etjekdigine ynandyrdy.

Soňky habarlar
18.04
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
18.04
Döwlet Baştutanymyz «Galkynyşgaz» döwlet kärhanasyny döretmek hakynda» Karara gol çekdi
17.04
Döwrebap ýollar — bagtyýar zamananyň aýdyň nyşany
17.04
Gahryman Arkadagymyz hem-de HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyna gatnaşdylar
17.04
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Galkynyş» gaz käniniň dördünji tapgyryny özleşdirmäge badalga bermek dabarasyndaky ÇYKYŞY
16.04
Türkmenistanyň Prezidenti HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasaryny kabul etdi
16.04
Hemmetaraplaýyn hyzmatdaşlyk strategiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär
16.04
Paýtagtymyzda gaz pudagynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
16.04
Ylym-bilim ulgamynda türkmen-hytaý gatnaşyklaryny berkidip
15.04
Türkmenistanyň Prezidenti Italiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi
top-arrow