Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky sebitde iri köpugurly toplumyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzdaky sebitde iri köpugurly toplumyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
Çap edildi 26.09.2021
3636

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyzda gurlan hem-de sebitde deňi-taýy bolmadyk Söwda we dynç alyş, işewürlik merkezlerinden hem-de döwrebap ýaşaýyş jaýlaryndan ybarat, “Aşgabat” diýlip atlandyrylan binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyz bu çärä gatnaşmak üçin Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasyndan ak mermerli paýtagtymyzyň gözelligini artdyrýan täze desganyň açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine ugrady.

Toplumyň öňündäki owadan bezelen meýdançada uly baýramçylyk ruhy göwnüňi göterýär. Dabara mynasybetli onuň çägi howa şarlary, dürli reňkli toý baglary we baýdaklar bilen bezeldi. Şu gün döwrebap desga ilkinji myhmanlaryny garşylaýar hem-de şu pursatdan başlap, onuň paýtagtymyzyň ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň höwes bilen barýan ýerine öwrüljekdigine şübhelenmese bolar.

Bu ýerde Milli Geňeşiň Mejlisiniň Başlygy, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygynyň orunbasary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Aşgabat şäheriniň hem-de welaýatlaryň häkimleri, jemgyýetçilik guramalarynyň we habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, Halk Maslahatynyň mejlisine gatnaşan paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň sebitleriniň wekilleri ýygnandylar. Şu günki dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow hem bar.

Milli binagärligiň ajaýyp däplerini hem-de dünýäniň şähergurluşyk meýillerini özünde jemleýän bu desganyň ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň giňden we dabaraly bellenilýän şanly 30 ýyllygynyň öň ýanynda ulanylmaga berilmegi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň okgunly hem-de sazlaşykly ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Şol bir wagtda munuň özi durmuş ugurly syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň hem-de türkmenistanlylaryň amatly ýaşamagy, zähmet çekmegi we göwnejaý dynç almagy üçin iň gowy şertleri döretmegiň ajaýyp nusgasydyr.

Toplumyň “Aşgabat” adyna tötänden eýe bolmandygyny aýtmak gerek. Bu, ozaly bilen, şu ýyl bellenilen şanly waka — türkmen paýtagtynyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen baglydyr.

Paýtagtymyz Aşgabat ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllary içinde tanalmaz derejede özgerdi, bu bolsa döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzy döretmegiň, täzelemegiň we gülläp ösdürmegiň ýoly bilen alyp barmagy netijesinde mümkin boldy. Bu gün Aşgabat Aziýanyň döwrebap, sazlaşykly ösýän şäherleriniň biridir. Ol ata Watanymyzyň durmuş-ykdysady, innowasion ösüşiň, durmuşyň ähli ugurlaryna öňdebaryjy dünýä tejribesini ornaşdyrmagyň ýoly bilen ynamly gadamlarynyň aýdyň nyşanydyr.

Paýtagtymyzyň durmuş düzümini, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, seýilgäh zolaklaryny döretmek, onuň taryhy bölegine aýawly garamak, şäheriň özboluşly öwüşginini saklamak hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli amala aşyrylýan paýtagtymyzy ösdürmegiň meýilnamasynyň esasy ugurlarydyr.

Eziz Diýarymyzyň baş şäheriniň çäkleriniň giňeldilmegini hem-de ilatynyň artmagyny nazara almak bilen işlenip taýýarlanylan Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň bu taslamasyna paýtagtymyzyň binagärlik-şähergurluşyk keşbini özgertmek maksady bilen döredilýän düzümde möhüm halka hökmünde aýratyn dereje berildi. Taslama Türkmenistanyň Prezidentiniň 2018-nji ýylda gol çeken Kararyna laýyklykda, “Beýik bina” hususy kärhanasy tarapyndan amala aşyryldy.

Abadanlaşdyrylan ýerleri, ýollary we ýanýodalary, estakada köprüsini, çüwdürimleri, çagalar üçin oýun meýdançalaryny, emeli akabany hem-de ugurdaş gök zolaklary özünde jemleýän toplum Tähran köçesiniň ugrunda bina edilen birnäçe desganyň jemi bolmak bilen çäklenmän, eýsem, sazlaşykly gurlan binagärlik toplumydyr.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şäheriň durmuş gurşawyny kemala getirmegiň paýtagtymyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň esasy ýörelgesi bolmagyny bu toplumda hem ünsden düşürmändigini bellemek gerek. Milli Liderimiz täze desganyň taslama tapgyrynda onuň çyzgylary bilen tanşyp, binagärlik pikirini durmuşa geçirmek hem-de adamlar üçin amatly şertleri döretmek barada gymmatly görkezmeleri berdi. Şunuň bilen baglylykda, toplumyň gurluşygynda döwrüň talabyna kybap gelýän ýokary hilli gurluşyk serişdelerini ulanmagyň, şol sanda ekologiýa we bezeg nukdaýnazaryndan ulanmagyň möhümdigine aýratyn üns berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ilatyň zähmet çekmäge, bilim almaga, dynç almaga, sport, döredijilik bilen meşgullanmaga, söwda, dynç alyş we sagaldyş hyzmatlaryndan peýdalanmaga mümkinçiligi döretmek zerurdyr. Taslamany düzüjiler döwlet Baştutanymyzyň görkezmelerinden we gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, sazlaşykly binagärlik çözgüdini seçip aldylar, gurluşykçylar bolsa bu pikiri durmuşa geçirdiler. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen gurlan bu desga mundan beýläk eziz Diýarymyzyň ýüzüniň tuwagyna, türkmen paýtagtynyň gözel ýerleriniň birine öwrüler.

Toplumyň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň medeniýet işgärleriniň we sungat ussatlarynyň ýerine ýetirmeginde aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyrylýar.

Döwlet Baştutanymyz ýygnananlaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny kesip, söwda-dynç alyş merkezini açýar.

Dabaraly pursat gelip ýetýär. Türkmenistanyň Prezidenti bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmagy bilen ýörite enjamdaky düwmäni basyp, interaktiw ulgamy işe girizýär. Şunda yşygyň, sazyň owazy astynda suwuň täsin oýnuny synlamaga mümkinçilik döreýär. Özboluşly suw çüwdürimlerinde häzirki eýýamy wasp edýän şygarlar hem-de milli Liderimize bagtly durmuş üçin hoşallyk sözleri şöhlelenýär.

Oýlanyşykly oturdylan çyralar tutuş toplumyň ajaýyplygyny we gözelligini aýdyň görkezýär. Şu ajaýyplykda baýramçylygyň ruhy, oňyn özgertmeleriň maksady äşgär duýulýar. Bu ajaýyp gözellik adamlarda baýramçylyk ruhubelentligini döredýär.

Täze desganyň eýeleýän meýdany, şol sanda onuň abadanlaşdyrylan çäkleri 8 gektara barabardyr. Bu ýerde 4 gatly söwda-dynç alyş merkezi, 6 gatly işewürlik merkezi hem-de döwrebap ýaşaýyş jaý toplumy, toý dabaralaryny geçirmek üçin 800 orunlyk iki gatly zal bar. Toplumyň düzümine 708 orunlyk ýerasty awtoduralga, awtoýuwalga hem-de ýeňil awtoulaglara hyzmat edýän merkezler, kafe, inženerçilik desgalary, suw çüwdürimi, estakada köprüsi, uzynlygy 309 metr bolan emeli akaba girýär. Şeýle hem seýilgäh zolagy döredilip, gül ekilen aýmançalar guruldy, oturgyçlar we çyralar bar.

Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow, Sankt-Peterburgyň gubernatory Aleksandr Beglow bilen gürrüňdeş bolup, ýurdumyzda işewürlik düzüminiň ösdürilmegine, hususy gurluşyk kompaniýalarynyň durmuşa geçirilýän taslamalarynda sanly ulgamyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini aýtdy.

Myhmanlar ýurduň durmuşynda möhüm ähmiýetli şanly wakalara gatnaşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen işewürleriniň has batyrgaý taslamalary durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklarynyň, dünýä nusgalyk binagärlik çözgütlerine eýe bolan desgalary gurmaklarynyň örän guwandyryjydygyny nygtadylar.

Girelgesi we çykalgasy bolan, estakada görnüşinde gurlan ýol türkmen paýtagtynyň täze gözelligine alyp barýar. Ol döwrebap we milli bezegleri ulanmak arkaly özboluşly binagärlik görnüşinde ýerine ýetirildi. Onuň gurluşygy döwrüň talaplaryna doly laýyk gelýär.

Ulag ýolunyň gurluşynda öňdebaryjy inženerçilik-tehniki işläp düzmeler ulanylyp, onda uly ýük göterijilik, ýurdumyz üçin häsiýetli bolan howa we geologiýa şertleri nazara alyndy. Tutuş toplumyň, şol sanda köpriniň ýokary seýsmiki durnuklylygy üpjün edilip, olaryň gurluşy Rihteriň şkalasy boýunça 9,5 balla çenli bolan ýertitremelerinde saklanmaga ukyplydyr.

Estakada köprüsiniň uzynlygy 1320 metre, ini 18 metre barabardyr. Şeýle hem pyýadalar üçin ýodalar bar.

Ýoluň örtügi üçin ýokary hilli asfaltbeton ulanyldy we bu tutuş ýoluň örtüginiň ygtybarlylygyny hem-de durnuklylygyny üpjün eder hem-de sesleriň pesliginiň we şöhleleriň ýokary koeffisiýentiniň hasabyna ýol hereketiniň howpsuzlygyny artdyrar.

Köpriniň ýanaşyk ýerleri döwrebap tehnologiýalary ulanmak arkaly abadanlaşdyryldy we bagy-bossanlyga büreldi. Şeýle hem bu ýerde çäkleri yşyklandyrmak boýunça işler geçirildi. Töwerekdäki çyralar ýananda bu ajaýyp desga gijelerine başga keşbe eýe bolýar.

Bu ýerde oturdylan 3D Led ekranda milli Liderimize bu merkeziň tehniki ölçegleri, häsiýetnamalary we tapawutly aýratynlyklary barada maglumat berýän wideofilm görkezildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň içine girip, onuň eýwanynda oturdylan maglumat beriji tablo hem-de dürli mahabat ýazgylary bilen tanyşýar. Şolarda merkeziň dükanlarynda satuwa çykarylan harytlaryň aýratynlyklary, hyzmatlaryň görnüşleri barada maglumat berilýär.

Bir söz bilen aýdylanda, söwda merkeziniň 65 müň inedördül metrden gowrak çäginde dürli dükanlaryň 240-dan gowragy, supermarket, bedenterbiýe hem-de medeni-sagaldyş toplumy, kafe we fud-kortlar, gözellik salonlary we dellekhanalar, çagalar üçin oýun meýdançalary, bilýard, bouling, kinoteatr, buzly meýdança, dynç alyş we attraksionlar bölümi bu ýere gelýänlere gapylaryny giňden açdylar.

Bu ýerde alyjylar we işgärler üçin ähli şertler döredildi. Töleg nagt we nagt däl usulda, plastik bank kartlary arkaly amala aşyrylýar. Dükanlarda harytlaryň, şol sanda gündelik isleg bildirilýän harytlaryň, azyk önümleriniň, ýurdumyzyň dokma kärhanalarynyň önümleriniň, dünýä belli önüm öndürijileriň harytlarynyň giň görnüşi hödürlenilýär. Bu alyjylaryň barha artýan isleglerini kanagatlandyrmakda aýratyn möhümdir.

Dükanlaryň bezeg aýratynlyklary barada aýdylanda bolsa, onda milli ýörelgelere möhüm ähmiýet berlipdir. Bu bolsa her bir dükanyň bezeginiň özboluşly çözgüde eýedigini görkezýär we özüne çekijiligini has-da artdyrýar.

Umuman, bu ýerde iri söwda merkezleriniň işini we döwrebap dizaýnerçilik pikirlerini guramagyň öňdebaryjy çözgütleri öz beýanyny tapdy.

Milli Liderimiz söwda merkeziniň içerki bezelişine ýokary baha berdi. Bu ugurda işler gündogaryň bezeg nusgalaryny peýdalanmak bilen ýerine ýetirildi.

Bu ägirt uly toplumyň dünýä belli kompaniýalaryň enjamlary we ulgamlary bilen üpjün edilmeginiň özi hem onuň tehnologik derejesini görkezýär.

Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde bina edilen täze toplumyň gurluşygy gidýän pursatlarynda bu ýerde bolup, Aşgabadyň dürli döwürlerde döredijilik işgärleriniň, aýdymçylaryň we kompozitorlaryň täze eserleri döretmäge ruhlandyrandygyny, şeýlelikde, paýtagtymyz hakyndaky birnäçe çeper eserleriň, aýdymlaryň döredilendigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz şu nukdaýnazardan, şäheriň gözel künjekleriniň birinde bina edilýän we birnäçe durmuş maksatly desgalary özünde jemleýän bu toplumyň “Aşgabat” diýlip atlandyrylmagynyň, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy bilen gabat gelýändigini, onuň giňden baýram edilýändigini belläp, bu şanly sene mynasybetli medeniýet we sungat işgärleriniň arasynda Aşgabady wasp etmek boýunça bäsleşigiň geçirilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny nygtapdy.

Şu günki dabaranyň çäklerinde milli Liderimiziň hem-de daşary ýurtly myhmanlaryň gatnaşmagynda bäsleşigiň jemleri jemlenildi we sylaglamak dabarasy geçirildi. Döredijilik bäsleşiginiň şertlerine görä, ýaryşyň jemleýji tapgyryna çykan Söwda-dynç alyş merkeziniň dükanlarynyň birinde satuwa goýlan iň gymmat bahaly haryt ýa-da awtomobil görnüşindäki baýraga mynasyp bolýar. Awtosalonda geçirilen bijäniň netijesi boýunça ýeňiji döwrebap awtoulaga mynasyp boldy.

Döwlet Baştutanymyz toplum bilen tanyşmagy dowam edip, onuň ikinji gatynda ýerleşen dükanlaryň tekjelerini synlaýar. Bu ýerde parfýumeriýa, öý hojalygy üçin dokma önümleri, sowgatlar, çaga oýnawaçlary, egin-eşikler, aýakgap hem-de aksessuarlar, kosmetika we zergärçilik bezeg önümleri, sagatlar hem-de öýjükli telefonlar satylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eskalatorda binanyň ikinji gatyna çykyp, özboluşly görnüşde gurnalan aýdym-sazly yşykly içki suw çüwdürimleriniň sazlaşykly işleýşiniň aýratynlyklary bilen gyzyklandy. Häzirki zaman bezeginiň täze ugry bolan bu usul adamlara ýakymly täsir edýär. Onuň ulanylmagy milli Liderimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän giň möçberli taslamalarda öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýandygyna şaýatlyk edýär.

Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, ilatyň köpugurly isleglerini kanagatlandyrmak, ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek, onuň hil derejesini ýokarlandyrmak söwda kärhanalarynyň işiniň möhüm wezipeleriniň biridir.

Bazar özgertmeleri döwründe ýurdumyzyň sarp edijiler bazarynyň düzümlerinde düýpli üýtgetmeler bolup geçdi: söwda kärhanalarynyň sany artdy, bu pudakdaky ýokary telekeçilik işjeňligi netijesinde, bäsleşik güýçlendi. Bu bolsa hyzmatyň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegini, mahabatyň we harytlary ýerlemegiň öňdebaryjy usullaryny ornaşdyrmagy, goşmaça hyzmatlary talap edýär.

Döwlet Baştutanymyz bu şertleriň ählisiniň utgaşan ýagdaýynda alyjynyň özi üçin amatly dükany saýlap aljakdygyny belleýär. Her bir alyja aýratyn üns berilmegi, hyzmatlaryň hiliniň ýokarlandyrylmagy söwdanyň işiniň netijeliliginiň esasyny düzmelidir.

Milli Liderimiz tanyşlygyny dowam edip, kafeteriýalaryň ýerleşýän zolagyna ugrady. Bu ýerde garbanmak hem-de günortanlyk we agşamlyk naharyny edinmek üçin örän gowy, dürli görnüşli şertler bar. Maşgala bolup hem-de baýramçylyk çärelerini geçirmek üçin şertler döredildi. Şeýle hem bu ýerde özboluşly usulda taýýarlanan milli tagamlar hödürlenilýär. Süýji tagamlary halaýanlar çaý başynyň bezegi bolan dürli süýji önümlerini satyn alyp bilerler.

Söwda-dynç alyş merkeziniň ýene bir aýratynlygyny belläp geçmek gerek. Taslamany düzüjiler medeni hem-de naharhana babatda jemgyýetçilik iýmiti ulgamynyň täze görnüşini ulandylar. Şol ýerde dürli maksatly desgalaryň birnäçesi ýerleşýär. Häzirki döwrüň alyjylary maşgala hem-de dostlar bilen wagtlaryny şatlykly geçirmek üçin innowasiýalary, täsirli hem-de amatly şertleri saýlap alýarlar. Şu jähetden söwda merkezinde ýerleşýän fud-kort kafesi düýpli bäsleşik artykmaçlygy bolup, bu ýere gelýänleriň sanyny artdyrmaga kömek berýär.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow binanyň üçünji gatyna bardy. Şol ýerde uly häzirki zaman dynç alyş we güýmenje mekanlary ýerleşýär. Onuň düzümine körpeler hem-de uly ýaşly çagalar üçin oýun zolagy girýär. Attraksionlaryň we oýun awtomatlarynyň örän köpdürlüligi haýran galdyrýar. Merkeze gelen çagalar olary uly höwes, şatlyk bilen oýnaýarlar. Toplumda oýunlar ulgamyndaky örän gyzykly hem-de özüneçekiji täze enjamlar goýlupdyr. Olar hatda uly ýaşly adamlaryň hem ünsüni özüne çekýär.

Çagalar döwlet Baştutanymyzy uly şatlyk bilen garşylap, milli Liderimize okamak, ösmek hem-de şadyýan dynç almak babatynda ähli şertleri döretmek baradaky aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Üçünji gatda umumy meýdany 600 inedördül metrden gowrak bolan buz meýdançasy hem ýerleşýär. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz çagalaryň buzda ynamly typyşlaryny synlap, olaryň ýokary başarnyklaryny kanagatlanmak bilen belledi.

Mundan başga-da, dynç alyş we güýmenje toplumynda dürli ugurly filmler gyzyklanýanlar üçin kinoteatr, bilýard we bouling oýnamak üçin meýdançalar, gözellik salony ýerleşýär. Binanyň gatlarynda galyp-düşmek üçin basgançaklardan hem-de eskalatorlardan başga-da, daş-töweregi synlamaga mümkinçilik berýän adaty liftler ulanylýar. Alyjylaryň amatlylygy üçin ýöriteleşdirilen taksi hyzmaty hem göz öňünde tutulypdyr.

Soňra döwlet Baştutanymyz 1-nji gata düşdi we söwda-dynç alyş merkezinden çykyp, täze ýaşaýyş jaý toplumyna tarap ugrady. Ýaşaýyş toplumy 11 gatly iki binadan, 14 gatly iki binadan hem-de 17 gatly bir binadan ybaratdyr.

124 öýli jaýda üç, dört we ýedi otagly, ähli amatlyklary bolan öýler ýerleşýär. Şolarda giň myhman otaglary, ýatylýan rahat otaglar, döwrebap durmuş tehnikasy bilen üpjün edilen aşhanalar, eýwanlar hem-de kömekçi jaýlar bar. Awtoulaglar üçin ýerasty duralga hem ýaşaýjylaryň ygtyýarynda.

Şeýle hem ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy we bezeg aýratynlyklary häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýär. Ýaşaýyş jaýyndaky öýleriň we otaglaryň hemmesi ýaşaýjylaryň sargytlary esasynda amala aşyryldy. Ýeri gelende aýtsak, bu ýerdäki käbir öýleriň meýdany 639 inedördül metrden gowrakdyr.

Ýaşaýyş jaýynyň daş-töweregi doly abadanlaşdyrylyp, bagy-bossanlyga bürendi. Täze binanyň amatlylygyna, ekologiýa we gözellik jähetlerine uly üns berildi. Açyk howada oýnamak üçin enjamlar bilen üpjün edilen çagalar meýdançasynda körpejeleriň wagtlaryny hoş geçirmegi üçin ähli şertler bar.

Işjeň dynç almagy halaýanlara niýetlenen sport meýdançalary bolup, olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, her bir ýaşaýyş jaýynyň gurluşygynyň taslamasynda göz öňünde tutuldy. Köpçülikleýin çäreleri geçirmek üçin bina hem bar. Paýtagtymyzdaky täze ýaşaýyş toplumynyň özboluşly, häsiýetli aýratynlygy barada aýdylanda bolsa her bir ýaşaýyş jaýynyň degişli san belgisinden başga-da, olaryň binanyň ýokarsynda ýerleşdirilen öz ady hem bar. Ozal belleýşimiz ýaly, täze jaý “Aşgabat” diýlip atlandyryldy.

...Raýatlara berilýän ýeňillikli ipoteka karz serişdeleri ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlarynyň şäherleriň we obalaryň ýaşaýjylary üçin elýeterli bolmagyny şertlendirýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň netijesinde hemme gurluşygyň giň gerime eýe bolmagy sebäpli, her ýyl müňlerçe maşgala Aşgabatda gurlan kaşaň ýaşaýyş jaýlarynyň öýlerine göçüp barýarlar.

Milli Liderimiziň iri gurluşyk toplumlarynyň açylyşyna gatnaşýandygy Türkmenistanyň döwlet syýasatynda ýaşaýyş jaý meselesini çözmäge ähmiýet berilýändigine şaýatlyk edýär.

Hormatly Prezidentimiz 17 gatly döwrebap ýaşaýyş jaýyndaky öýleriň birine bardy. Şol ýerde döwlet Baştutanymyzy öý eýeleri myhmansöýerlik bilen garşylady.

Milli Liderimiz öý eýeleri bilen söhbetdeşlikde otaglaryň ýerleşişi hem-de abadanlaşdyrylyşy bilen gyzyklandy.

Jaý toýuny toýlaýanlar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa adamlar baradaky ýadawsyz aladasy, ýokary amatlyklary bolan kaşaň öýde ýaşamaga döreden mümkinçilikleri üçin çuňňur hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak ömür hem-de Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilen ähli beýik işlerinde täze uly üstünlikleri arzuw etdiler.

Hormatly Prezidentimiz halkymyzyň abadançylygyny hem-de durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyny üpjün etmegiň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny belläp, bu babatda alnyp barylýan maksada gönükdirilen işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini nygtady.

Milli Liderimiz şanly waka mynasybetli jaý toýuny toýlaýanlara gymmat bahaly sowgatlary gowşurdy hem-de öý eýeleri bilen hoşlaşyp, olara maşgala bagtyýarlygyny arzuw etdi.

...Halkymyz asyrlaryň dowamynda ýurdumyzyň çäklerinden daşda hem özüniň myhmansöýerlik däpleri bilen tanalýar. Biziň günlerimizde bu gadymy däp täze ajaýyp öwüşgine eýe bolup, hyzmat ediş we söwda ulgamyndaky häzirki zaman innowasiýalaryny özünde jemleýär. Amatly ýaşaýşy, işewürligi, söwdany, dynç alşy utgaşdyrmaga ýardam edýän Söwda-dynç alyş we işewürler merkezlerinden hem-de ýaşaýyş jaýyndan ybarat bolan täze binalar toplumy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Paýtagtymyzda we ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan we gurulýan köp sanly durmuş maksatly desgalar halkymyzyň abadançylygynyň yzygiderli ýokarlanýandygynyň şaýadydyr. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiziň düýpli ösmeginiň netijesidir.

Soňra döwlet Baştutanymyz söwda-dynç alyş merkeziniň eýwanlarynyň birinde dabara sanly ulgam arkaly gatnaşýan halkara guramalaryň wekilleriniň çykyşlaryny diňledi.

Hususan-da, Germaniýanyň “German Council” söwda merkezleriniň geňeşiniň aragatnaşyk boýunça geňeşçisi hanym Sabrina Krýuger sanly ulgam arkaly çykyş edip, türkmen paýtagtynda bina edilen “Aşgabat” atly täze toplumyň açylyş dabarasyna gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Söwda merkezleriniň işini guramak boýunça maslahat beriş hyzmatlary hem-de sertifikasiýa boýunça ýöriteleşdirilen geňeşiň işi hem-de esasy wezipeleri bilen gysgaça tanyşdyryp, Sabrina Krýuger gurluşygynda binagärçilik hem-de inženerçilik pikiriniň öňdebaryjy gazananlary ulanylan täsin desga haýran galýandygyny beýan etdi.

Germaniýanyň “German Council” söwda merkezleriniň geňeşiniň wekili täze söwda-dynç alyş merkezine “Ýokary tehnologiýa esaslanyp gurlandygy” baradaky güwänamanyň gowşurylýandygyny habar berdi.

Soňra çykyş eden «Docklands» (London) ylmy-barlag akademiýasynyň direktory jenap Paul Winsent türkmen paýtagtynda bina edilen täze söwda-dynç alyş merkeziniň açylyş dabarasyna gatnaşmagyň özi üçin uly mertebedigini belledi. Pursatdan peýdalanyp, işewür hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy we ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Paul Winsent häzirki zaman söwda-dynç alyş toplumynyň artykmaçlyklaryna ünsi çekip, bu desganyň binagärlik babatynda örän täsindigini hem-de şunuň ýaly köpugurly toplumlara bildirilýän ähli ölçeglere kybap gelýändigini aýtdy. Şulary hasaba almak bilen, paýtagtymyzda peýda bolan täze desga “Certificate of Excellence 2021” güwänamasyna mynasyp boldy.

Soňra Awstriýanyň “Vorarlberger” binagärlik institutynyň söwda-dynç alyş merkezine “Özboluşly dizaýn” güwänamasyny berendigi, şeýle hem Söwda merkezleriniň halkara geňeşiniň (ICSC) agzalygyna kabul edilendigi habar berildi.

Çykyşlar tamamlanandan soňra, Türkmenistanyň Prezidenti Hormatly myhmanlar üçin kitapda ýadygärlik ýazgy galdyrdy hem-de ýygnananlary täze söwda toplumynyň açylmagy bilen gutlady.

Döwlet Baştutanymyz binanyň daşyna çykyp, täze merkeziň işiniň döwrüň talaplaryna laýyk guraljakdygyna, şeýle hem ýurdumyzyň telekeçiler düzüminiň mundan beýläk-de kämilleşdiriljekdigine ynam bildirdi. Bu işde abraýly halkara guramalar hem-de daşary ýurtlaryň ugurdaş düzümleri bilen daşary ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygyna täze toplumyň işiniň netijeli häsiýete eýe bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, oňa Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyny alamatlandyrýan häzirki zaman ýeňil awtoulaglarynyň 30-synyň açarlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçysy döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu ýerde dünýä ülňülerine we häzirki zaman talaplaryna doly laýyk gelýän ýokary hilli hyzmatlaryň ýola goýulmagy ugrunda ähli zerur tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Soňra milli Liderimiz ýörite bellenilen ýere geçdi hem-de dabaraly saz bilen utgaşdyrylan lazer şüweleňine tomaşa etdi. Suw çüwdürimleri yşyklaryň astynda dürli reňklerde öwşün atdy. Munuň özi dabaranyň many-mazmunyny has-da artdyryp, ajaýyp gözelligi döretdi hem-de tomaşaçylaryň baýramçylyk şüweleňinden lezzet almagyna ýardam etdi.

Dabara tamamlanandan soň, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oňa gatnaşanlar bilen mähirli hoşlaşyp, olara şu günler özüniň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyny belleýän Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek işinde üstünlikleri arzuw etdi we bu ýerden ugrady.

Soňky habarlar
24.04
Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XIV mejlisi geçirildi
23.04
Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Fransiýa Respublikasynyň Pariž şäherinde geçirilýän halkara göçme foruma gatnaşyjylara
23.04
Türkmenistan netijeli hyzmatdaşlygyň gerimini giňeldýär
23.04
Aşgabat-Pariž: ynsanperwer hyzmatdaşlyk – ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugry
22.04
Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi
22.04
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 35 million 703 müň dollaryndan gowrak boldy
21.04
Hokkeý boýunça halkara ýaryşda ýeňiji bolan «Galkan» hokkeý toparynyň türgenlerine we tälimçilerine
21.04
Türkmenistanyň hormatly atlaryny dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
21.04
Türkmenistanyň Mejlisiniň Karary
21.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hatlar
top-arrow