Baş sahypa
\
Syýasat habarlary
\
Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Syýasat habarlary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti bilen duşuşygy
Çap edildi 17.09.2021
1635

Şu gün Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy.

Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, ikiçäk duşuşykda döwletara gatnaşyklaryň möhüm ugurlaryny we geljegini hem-de halkara syýasatyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz özüniň eýranly kärdeşini EYR-nyň Prezidenti wezipesine saýlanylmagy bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk barada aýdyp, ýurdumyzyň ähli ugurlar boýunça gatnaşyklary yzygiderli giňeltmäge we pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berýändigini nygtady.

Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler häzirki döwürde döwletara syýasy-diplomatik, ykdysady hem-de medeni gatnaşyklaryň deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgeleri esasynda işjeň ösdürilýändigini nygtadylar. Şunuň bilen birlikde, taraplaryň dünýä hem-de sebit gün tertibiniň özara gyzyklanma bildirilýän esasy meseleleri, ilkinji nobatda bolsa ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge degişli meseleler boýunça garaýyşlarynyň gabat gelýändigi ýa-da meňzeşdigi kanagatlanma bilen bellenildi.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanlary bu gün milli ykdysadyýetleriň ösüşiniň geljegini nazara almak bilen, söwda-ykdysady gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmak üçin oňat şertleriň bardygy hem-de eksport-import harytlarynyň sanawyny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň açylýandygyny bellediler.

Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Seýed Ebrahim Raisi ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde Bilelikdäki türkmen-eýran hökümetara toparynyň işiniň ähmiýeti barada aýdyp, ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň möhüm gurallarynyň biri bolan bu düzümiň kuwwatyndan has netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny nygtadylar. Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklar özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etmelidir.

Duşuşygyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow eýranly kärdeşini ýurdumyzda şu ýylyň oktýabr we noýabr aýlarynda geçiriljek Hazarýaka döwletleriň Baştutanlarynyň VI sammitine hem-de Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň ýokary derejeli 15-nji duşuşygyna gatnaşmaga hem-de özi üçin islendik amatly wagtda Türkmenistana resmi sapar bilen gelmäge çagyrdy.

Duşuşygyň ahyrynda söhbetdeşler birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, Türkmenistanyň we Eýranyň döwlet bähbitlerine hem-de durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryna doly gabat gelýän netijeli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.

Soňky habarlar
19.04
Demir ýollaryň hyzmatdaşlygy guramasynyň (OSJD) agza ýurtlarynyň demir ýol ulaglary edaralarynyň Baş direktorlarynyň (jogapkär wekilleriniň) Maslahatynyň XXXVIII mejlisiniň netijeleri boýunça AŞGABAT JARNAMASY
18.04
2024-nji ýylyň marty: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
18.04
Türkmenistanda Angola Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
18.04
Hormatly Prezidentimiziň adyna gelen hat
18.04
Aşgabatda geçirilýän halkara hokkeý ýaryşy: 4-nji tapgyryň netijeleri
17.04
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň täze tapgyrynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
17.04
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň açylyş dabarasyndaky çykyşy
17.04
Halkyň abadançylygy – döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
17.04
Maryda täze kottejler toplumynyň açylyş dabarasy boldy
17.04
Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary bölegi bäş sany halkara güwanama mynasyp boldy
top-arrow